Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellenilen Seýed Mohammad Ahmadini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Eýranyň Ýokary ruhy lideri Aýatolla Ali Hamaneiniň aýdan hoşniýetli sözlerini, abadançylyk, tutuş türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn döredijilikli başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan ýurtda öz döwletine wekilçilik etmek ýaly ägirt uly jogapkärçiligiň ynanylandygyny belläp, diplomat milli Liderimizi şu ýyl ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Eýranyň ýokary ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy we türkmen we eýran halklaryny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni däpleriň umumylyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň iki ýurduň we halklaryň arasynda köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, milli Liderimiz Seýed Mohammad Ahmadini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi.
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara peýdaly, deňhukukly we hoşniýetli erk esasynda ýola goýulýan giň möçberli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygy bellenildi. Köpugurly esasda, aýratyn-da, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berildi.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň ägirt uly üstünliklere eýe bolandygy hem-de netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi bellenildi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, nebitgaz toplumynda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitläp, döwlet Baştutanymyz we myhman bilim, ylym, medeniýet we sungat ugurlaryndaky däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikiri aýtdylar. Biziň ýurtlarymyzda yzygiderli guralýan Medeniýet günleri, halkara sergilerine, maslahatlaryna gatnaşmak hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Munuň özi türkmen döwletiniň taryha, medeni-ruhy gymmatlyklara we däp-dessurlara örän aýawly çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyza ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, jenap Seýed Mohammad Ahmadi öz tarapyndan işjeň djwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we diplomat Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda taraplaryň bozulmaz hoşniýetli erkine we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.