Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösüş ministrliginde geçirilen tegelek stoluna BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA girýän döwletleriň sebitara býurosynyň uly maslahatçysy Ben Sleý gatnaşdy. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýurdumyzdaky BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde pudagara ösüşiň meýilnamalaryny we durnukly ösüşiň milli meýilnamalaryny amala aşyrmagyň maksatlaryna bagyşlandy. BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA girýän döwletleriň sebitara býurosynyň uly maslahatçysy Ben Sleýiň “Geljekde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine daşky ykdysady faktorlaryň edip biläýjek täsiri” baradaky doklady tegelek stola gatnaşyjylaryň arasynda gyzyklanma döretdi.
Ösüşi seljermegiň we ölçemegiň görkezijileriniň içinde hünärmen energoserişdeleriň bahalaryny we hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň täsirini hem göz öňünde tutmagy teklip etdi. Hünärmen ýakyndaky bäş ýyla ykdysady syýasat boýunça döräp biläýjek soraglara öz teklipleri bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň maliýe-ykdysady toplumynyň hünärmenleri öz gezeginde durnukly ösüşiň maksatlary bilen baglylykda daşary ýurtly hünärmeni ýurdumyzyň durmuşy-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary ykdysadyýetiň pudaklaýyn gurluşynyň kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdymak bolup durýar. Tebigy we mineral-çig mal resurslaryny hasaba almak bilen milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini we yzygiderli ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen 2015-nji ýylda eksporta gönükdirilen önümi öndürmekligi köpeltmek üçin maksatnama kabul edildi.
Bir wagtyň özünde marketing syýasatyny we esasan “Türkmenistanda öndürildi” belgisi bilen öndürilýän önüme halkara islegi öwrenmek boýunça çemeleşmeleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda uly üstünlik bilen amala aşyrylýan eksporta gönükdirilen önümi öndürmekligi köpeltmek üçin maksatnama tehnologiki innowasiýalar esasynda önümçiligi giňeltmek, düzümleýin täzelemek we kämilleşdirmeklige gönükdirilendir.
Bu duşuşygyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar duşuşygyň peýdaly we önjeýli bolandygyny belläp, gelejekde durnukly ösüş maksatlary ugrunda netijeli gepleşikleri ösdürmäge isleg bildirdiler.