Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide dostlukly goňşy ýurduň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän harytlaryň köp görnüşleri görkezilýär.
Däp bolşy ýaly, her ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirilýän sergi iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmäge, dostlukly hoşniýetli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýandygyny görkezýär.
Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebitiň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan hem-de Eýran gaz we elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, awtomobil hem-de demir ýollary gurmak ulgamlarynda, oba hojalygynda, syýahatçylykda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýärler.
Eýran Yslam Respublikasynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, telekeçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy gatnaşdylar. Giň möçberli sergini geçirmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary ýygnananlary milli aýdym-sazlar we tanslar bilen mübäreklediler.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň haryt öndürijileriniň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň nýgtaýşy ýaly, Eýranyň haryt öndürijileriniň ýöriteleşdirilen sergisi dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň gazanan täze üstüniklerini görkezmek üçin oňat şertleri döredýär. Bu kompaniýalar öz ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýärler we Eýranyň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýärler. Bu sergi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we giňeldilmegine, barha ösdürilýän özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň döredilmegine gönükdirilendir.
Şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdsadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň örän uludygy bellenildi. Şoňa görä-de, biziň ýurtlarymyzyň arasynda uzak geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, şeýle hem Türkmen-eýran işewürler maslahatynyň uly ähmiýeti bar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadari dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, türkmen we eýran halklarynyň dostlugyny berkitmäge we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady gazananlarynyň giň möçberli sergisiniň geçirilmeginiň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde täze derejäniň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Bu meselä degip geçmek bilen, türkmen Lideriniň geçen ýylyň noýabr aýynda Tährana bolan resmi saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň görkezijileriniň türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwata eýedigine aýdyň şaýatlyk edýändigi barada aýdylandygyny ýatlatmak ýerlikli bolardy. 2015-nji ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça haryt dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 2 milliard 620 million dollaryndan hem geçdi. Munuň özi şondan öňki ýylyň degişli döwründäkisinden 2,2 göterim ýokarydyr. Eýranyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda bolsa ýakyn on ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda haryt dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň 60 milliard dollaryna ýetirmek baradaky ylalaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklp etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanda işewürlik hem-de daşary-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, Eýranyň işewür toparlarynyň wekillerini bu mümkinçilikden peýdalanmaga, ýurdumyzda önümçilik kuwwatlyklaryny ýerleşdirmäge hem-de taýýar önümleri eksport etmäge çagyrdy.
Üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda täze pudaklar peýda bolýar, iri kärhanalar gurulýar, öz harytlaryny dünýäniň we sebitiň bazarlaryna ibermek ulgamynda eýranly işewürler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli şertler bar.
Şu gün Aşgabatda açylan serginiň bölümlerinde Eýranyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň öndürýän önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Eýran Yslam Respublikasynyň maşyngurluşyk, himiýa we elektron pudaklarynda, azyk we ýeňil senagatda, oba hem-de suw hojalygynda, gurluşykda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, şeýle hem söwda, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda işleýän kompaniýalarynyň ýüze golaýy giň möçberli sergide özleriniň innowasion önümlerini hödürleýärler.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda Eýranyň söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk palatasy, halkara sergilerini guraýjy “Pars Pegah Tejaret” halkara söwda şereketi, Gürgeniň söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasy, Gülüstan welaýatynyň Senagat we söwda guramasy hem-de ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalar, şeýle hem türkmen bazaryna ilkinji gezek çykýan kompaniýalar bar.
Serginiň diwarlyklarynda gurluşyk senagaty, suw hojalygy, jaýlaryň içini bezemek we timarlamak üçin niýetlenen önümleriň köp görnüşi hem-de beýlekiler ýerleşdirildi. Bu ýerde metal turbalar, dürli görnüşdäki we ululykdaky gapylar hem-de aýnalar, kabel we elektrik geçirijiler, plastik we polimer önümleri, nebitgaz toplumy üçin niýetlenen turba önümleri hem-de azyk we ýeňil senagatynyň, durmuşda ulanylýan himiýa önümleri görkezilýär. “Horşid” söwda topary, “Sadid” senagat topary, “Omran Eýran”, “Raş Bine Gorgan”, “Alumroll Nowin-Akrul”, “Tähran-Şarg turbalary we enjamlary” kompaniýalary we beýlekiler gurluşyk ulgamyna wekilçilik edýärler. “Sahand” senagat toparynyň kompaniýalary dürli görnüşli we reňkli ýokary hilli aýnalary, “Eýran elektrik” kompaniýasy bolsa elektroenergetika ulgamy üçin dürli önümleri hödürleýär.
Azyk önümleri bölüminde “Negin” we “Dana” konditer önümleri, “Alia Gülüstan fud indastrial” kompaniýasynyň “Rana” kysymly maýonezleri we ketçuplary, “Gülüstan Sabah produkt” kompaniýasynyň peýnirleri görkezilýär... Hozlaryň we kakadylan miweleriň dürli görnüşlerini öndürýän we gaplaýan zawod hem-de kosmetiki we arassaçylyk serişdelerini öndürmek ulgamynda iň täze tehnologiýalary ulanýan “Şimýai Behdad” kompaniýasy geljekki buýrujylara öz mümkinçiliklerini hödürleýärler. Mallar we guşlar üçin iýmleri öndürýän “Gorgan Daşt” zawodlar topary obasenagat toplumynyň harytlaryny görkezýär. “Razawi gospital” kompaniýasy bolsa saglygy goraýyş ulgamynda giň mümkinçiliklerini görkezýär.
Türkmenistan bilen araçäkleşýän Gülüstan welaýatynyň medeni we syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan diwarlyk sergä gelýänleriň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär. Şol welaýatda biziň watandaşlarymyzyň köpüsi ýaşaýar, Aktokaý obasynda bolsa türkmen halkynyň mukaddesligi—beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi ýerleşýär.
Sergide bu sebitiň täsin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri baradaky kitapçalar hem-de görkezme esbaplary, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserleri bilen bäsleşýän haly we haly önümleriniň nusgalary, sowgatlyk önümler we beýleki zatlar görkezilýär. Bu gymmatlyklar goňşy eýran halkynyň baý taryhyna we gadymy medeniýetiniň özboluşly sungatyny şöhlelendirýär.
Sergini guraýjylar bu ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň Türkmenistanda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýändigini nazara almak bilen iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugruna aýratyn üns berdiler. Bu ugur bolsa türkmen we eýran halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy-medeni gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Sergä gatnaşýanlaryň aglabasy Türkmenistanda özleriniň mümkinçiliklerini ilkinji gezek görkezýärler. Munuň özi Eýranyň önüm öndürijileriniň ýurdumyz bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Serginiň işiniň birinji gününde onuň çäklerinde ýurdumyzyň we Eýranyň dürli pudaklarynyň edaralarynyň hünärmenleriniň, iki ýurduň döwlet senagat kärhanalarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir we tejribe alyşdylar.
Sergi 25-nji fewrala çenli öz işini dowam eder.