Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
“Aziada-2017” ýaly iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrar, çünki, şeýle giň möçberli waka köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär, dostlukly we işewür gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde hem-de bütin dünýäde birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga oňyn täsir edýär, şeýle hem milli ykdysadyýetiň, medeni durmuşyň we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşini höweslendirýär.
Aziýa oýunlary ýaly ýokary derejeli hem-de giň möçberli çäreleriň barşynda talaba laýyk hyzmaty üpjün etmek üçin has öňünden birnäçe ýylyň dowamynda taýýarlyk işlerini geçirmek hem-de olary oýlanyşykly meýilleşdirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky Karara gol çekdi. Şol ýylyň dekabr aýynda Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet döredildi. Onuň esasy wezipeleri Guramaçylyk komitetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden, Oýunlara ýokary derejede taýýarlyk görmekden we geçirmekden, şu maksatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmekden, şeýle hem bu ugurda işleýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara sport guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
... Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň eýwanyna barýar, şol ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen planşetler, Oýunlara taýýarlanan dürli önümleriň sergisi, şol sanda Oýunlaryň başlamagyna galan wagty görkezýän sagat, türgenler we meýletinçiler üçin lybaslaryň nusgalarynyň sergisi, şeýle hem sözlükler we sowgatlyk önümler we beýlekiler görkezildi.
Sergide döwlet Baştutanymyzyň ozal aýdan bellikleri we maslahatlary nazara alnyp kämilleşdirilen Aziadanyň alawynyň görnüşleriniň çyzgylary we medallar toplumlarynyň nusgalary aýratyn görkezildi. Hormatly Prezidentimiz olaryň her biri bilen içgin tanşyp, birnäçe teklipleri, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Azia oýunlarynyň desgalarynyň we nyşanlarynyň bezeginde milli öwüşginleri beýan edýän şekilleri döretmek babatda teklipleri girizdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň maslahatlar zalyna barýar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary, sport ulgamynyň işgärleri, sport ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de türgenler we tälimçiler bar.
Döwlet Baştutanymyz sahna galyp we prezidiumdaky ornuna geçip, ýygnananlara gutlag sözleri bilen ýüzlendi.
Milli Liderimiz 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisini açyp, bu duşuşyga Guramaçylyk komitetiniň agzalaryndan başga-da, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň milli federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, türgenleriň we tälimçileriň çagyrylandygyny aýtdy.
Golaýda biz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirdik, onda sport desgalarynyň we düzümleýin desgalarynyň gurluşygynyň barşy hem-de paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselelerine hemmetaraplaýyn garadyk, şoňa görä-de, şu gün biz diňe sport bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aziada 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi.
Wise-premýer ýurdumyzda sport işini guramak ulgamy barada aýdyp, bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen sportuny dünýäniň ösen derejesine ýetirmek üçin, döwlet tarapyndan uly möçberde goýberilýän maliýe serişdeleriniň hasabyna iri sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalary, Gyşky oýunlar sport toplumy bar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrebap stadionlar we atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri hem-de beýleki köpsanly sport desgalary guruldy. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän sport desgalarynyň durky täzelenilýär we maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär.
Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi hem-de tagallalary netijesinde Türkmenistanda bedenterbiýe hereketi giň gerime eýe bolýar, köpçülikleýin sport okgunly ösdürilýär, abraýly halkara ýaryşlary geçirilýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda döwrebap sport düzüminiň bolmagy hem-de türgenlerimiziň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi olaryň dünýä çempionatlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi we baýrakly orunlary eýelemegi üçin giň ýol açdy.
Türkmen türgenleri 2015-nji ýylda 162 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar hem-de jemi 411 (143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç) medal eýelediler. Olaryň 74-si sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynda, 58-si Aziýa çempionatlarynda gazanyldy.
Biziň türgenlerimiz 2016-njy ýylda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem halkara sport giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýarlar hem-de eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşýarlar.
Abraýly halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, öňdäki orunlara mynasyp bolan türgenler Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen yzygiderli sylaglanylýar.
Ýaş sport zehinleriniň goldanylmagy hem-de höweslendirilmegi, sport ulgamynyň ýokary hünärli mugallym-tälimçiler we beýleki serişdeler bilen üpjün edilmegi türkmen sportunyň dünýä derejesindäki abraýyny belende galdyrmak hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen döwlet Baştutanymyzyň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çeken “Daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky” Karary esasynda daşary ýurtly hünärmenler bilen özara gatnaşyklar ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça Milli federasiýalaryň we merkezleriň işini guramak boýunça çäreler görülýär.
Türgenleri taýýarlamak işi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk intsitutynda, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde, “Olimp” sport mekdebinde, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň beýleki sport edaralarynda we guramalarynda alnyp barylýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we Köýtendagyň gözel ýerlerinde, daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik çäreleri geçirilýär.
Halkara sport guramalary bilen bilelikde Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda we binalarynda halkara derejesinde synag ýaryşlaryny geçirmek üçin gepleşikler geçirilýär.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy baradaky meseleler Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar. 2016-njy ýyldan başlap bu mejlisler her aýyň iň soňky ýekşenbesinde geçirilýär. Munuň özi V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň ugurlary boýunça taýýarlygy üpjün etmek babatda işleri netijeli alyp barmaga uly mümkinçilik berýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hem-de 2016-njy ýylyň 5-nji aprel -- 5-nji maýy aralygynda şol çäreleri geçirmegiň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara bedenterbiýe-sport we sagaldyş durmuş-medeni çäreleri guramak boýunça tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan işlerimiziň esasy maksadynyň halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmekden, ýaş nesliň, her bir raýatyň başarnygyny açmakdan ybaratdygyny nygtady. Munuň özi bolsa ilatymyzyň, milletimiziň saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle köpçülikleýin çäreler adamyň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, göwnejaý we peýdaly dynç almagyna, şahsyýetde ruhubelentlik, tutanýerlilik, ýokary netijeleri gazanmaga ymtylyş ýaly häsiýetleri terbiýelemäge ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmek boýunça başlangyjy dowam etmek maksady bilen, “Ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmek hakyndaky” Karara gol çekdi.
Soňra mejlisde V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň oňyn netijesini berýändigini, türkmen sportunyň ösüş babatda täze derejä çykýandygyny, ýurdumyzyň iri sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülýändigini belledi.
Aziada -2017-niň guramaçylyk komiteti oýunlara taýýarlyk görmek meselelerini öz wagtynda çözmek işinde möhüm orun eýeleýär. Bu meseleler yzygiderli geçirilýän mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikdäki işler yzygiderli alnyp barylýar.
2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda döredilen V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet özüniň işjeňligini ýokarlandyrýar we Aziadanyň golaýlaşmagy bilen işleriň möçberiniň artýandygyny nazara almak bilen, ýakynda iş birligini köpeltdi we bu ulgamda peýdaly işläp taýýarlamalardan ugur alyp, öz düzüminde täze bölümleri açdy.
Bellenilişi ýaly, Aziada-2017-ni guramaga hemaýatkärleri we hyzmatdaşlary çekmek üçin degişli işler geçirildi. Bu ugurda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen bilelikde halkara tejribesi içgin öwrenildi. Dürli sport oýunlarynyň hemaýatkärleri tarapyndan eýýäm Aşgabatda geçiriljek oýunlara hemaýatkärlik etmek boýunça gyzyklanma bildirildi. Häzirki wagtda kompaniýalaryň wekilleri bilen bu ugurda gepleşikler geçirilýär.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilýändigi, oýunlaryň ähmiýeti barada mahabat çärelerini Aziýa sebitinde, hususan-da, Awstraliýa we Okeaniýa döwletlerinde giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Oýunlary ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de şol döwürde işlejek türkmen hünärmenlerine doping barlag tilismatlaryny öwretmek üçin okuw maslahatlaryny guramak we oýunlara taýýarlamak maksady bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýanyň sebitleýin dopinge garşy göreşmek guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de milli doping-barlag gözegçilerini taýýarlamak boýunça okuwy geçirildi. Bu okuwyň netijesinde türkmen ýaşlaryna doping ofiserleri diýen şahadatnamalar gowşuryldy.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Oýunlaryň sport maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleri bilen Milli sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda, şeýle hem V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geçirilen köpsanly gepleşikleriň netijesinde şol sport görnüşleri boýunça synag ýaryşlaryny Aşgabat şäherinde geçirmek boýunça degişli işler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbini, tumaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň, dizaýnerleriň, mugallymlaryň we talyplaryň, okuwçy ýaşlaryň hem-de sungat muşdaklarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi we bu ugurda degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Häzirki wagtda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet tarapyndan oýunlaryň Baş meýilnamasyndan gelip çykýan ugurlar boýunça jikme-jik meýilnamalary düzmek, bu ugurda daşary ýurt bilermenlerini ýurdumyza çagyrmak boýunça hem guramaçylyk işleri dowam etdirilýär.
Soňra ägirt uly sport toplumynyň esasy gurluşykçysy bolan Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja söz berildi. Myhman ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmakda, sport ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ornuny belledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet esaslaryny pugtalandyrmak we Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan syýasaty durmuşa geçirmekde türkmen Liderine uly üstünlükler arzuw edip, Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda işleriň iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny habar berdi.
Olimpiýa şäherjiginiň1-nji tapgyryna degişli binalaryň gurluşyk işleri 2014-nji ýylyň aprel aýynda doly tamamlanyldy we hazirki wagtda olary tabşyrmak üçin Iş toparynyň delilnamasyna gol çekilip başlandy.
Olimpiýa şäherjiginiň 2-nji tapgyrynyň çäklerindäki gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabr aýynda doly gutardy we häzirki wagtda iş toparynyň işleri başlandy.
3-nji tapgyryň çäklerindäki gurluşyk işleri çalt depginler bilen alnyp barylýar we häzirki wagtda işleriň 75 göterimi ýerine ýetirildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralarynyň geçiriljek Olimpiýa stadionynyň üçegini gurnamak we daşky ýüzüni timarlamak işleri çalt depginler bilen alnyp barylýar. Häzirki wagtda stadionyň umumy gurluşyk işleriniň 70 göterimi ýerine ýetirildi.
Soňra Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň orunbasary bolup durýan “Polimeks” kompanýiasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi halkara derejeli ägirt uly sport ýaryşyny geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň birnäçesini çözmek boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.
Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligine hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, ulanmak we hyzmat etmek üçin işgärleri taýýarlamak hem-de okatmak boýunça anyk teklipler hödürlenildi.
Erol Tabanja çykyşynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2015-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde Aziada-2017-niň sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça kesgitlenen wezipeler babatda işleriň esasy ugurlaryny häsiýetlendirdi.
Çykyşyň ahyrynda “Polimeksiň” ýolbaşçysy türkmen Lideriniň uly üns we hemmetaraplaýyn golaw bermegi netijesinde Aziada-2017-niň ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de bütin dünýäde uly seslenme döretjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip we Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna, ýurdumyzyň sport ulgamynyň çekillerine we talyp ýaşlara ýüzlenip, ýurdumyza Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny 2017-nji ýylda geçirmäge hukuk berlen döwürden bäri bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Halkara tejribesini ulanmak bilen, V Aziýa oýunlarynyň baş meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Baş meýilnamany taýýarlamaga daşary ýurt kompaniýalarynyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Şonuň ýaly-da, V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek bilen bagly dürli kanunçylyk namalary taýýarlandy. «Bedenterbiýe we sport hakyndaky», «Professional sport hakyndaky», «Meýletinçilik hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Şeýle hem, daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary kabul edildi.
Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak we wagyz etmek üçin ýurdumyzda dürli halkara sport media maslahatlary, halkara maslahatlary, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Guramaçylyk komitetiniň birinji we ikinji mejlisleri geçirildi. Halkara we Aziýanyň sport federasiýalarynyň wekilleri ýurdumyza çagyryldy. Olar bilen duşuşyklar guraldy.
Geçirilen halkara maslahatlary, şol sanda media maslahatlary ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýetilen belent sepgitleri bütin dünýäde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Aşgabat şäherinde Okeaniýa döwletleriniň milli Olimpiýa komitetleri we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede taryhda ilkinji gezek Okeaniýa döwletleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy baradaky resminama gol çekildi. Netijede, Aziýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-sinden başga-da, V Aziýa oýunlaryna Okeaniýa döwletleriniň Olimpiýa komitetleriniň hem 17-si gatnaşar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Halkara tejribesini öwrenmek we bar bolan tejribäni alyşmak maksady bilen, şeýle hem dürli sport ýaryşlaryny guramagyň usullary bilen ýerinde tanyşmak üçin, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri daşary ýurtlaryň birnäçesine iş saparyna iberildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
V Aziýa oýunlarynyň şygary hökmünde «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» atly şygar tassyklandy. Şeýle hem, V Aziýa oýunlarynyň umumy nyşany we sportuň 21 görnüşi boýunça şekiller tassyklandy. V Aziýa oýunlarynyň resmi Internet saýty açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işlere gysgaça syn berip, gazanylan netijelerden, geçirilen işlerden biz birjik-de arkaýynlaşmaly däldiris diýip nygtady. Häzir bu örän iri sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreleriň ählisini ýokary hilli tamamlamak biziň öňümizde durýan möhüm wezipedir.
Bitarap Watanymyzda V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhüm ähmiýeti bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu Oýunlar ýurdumyzyň ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary üçin zerur şertleri üpjün edýär. Beden taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem, milli sporty dünýä derejesine laýyklykda ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan ähli işleri halkymyzyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli däp-dessurlary, şol sanda myhmansöýerlik däpleri esasynda amala aşyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda gadymy däplerimize laýyklykda, ýurdumyz boýunça atly ýörişi guramagy teklip etdi. Düzüminde 17 çapyksuwar bolan ýörite atly topary seçip almaly, olaryň gatnaşmagynda welaýatlar boýunça atly ýörişi guramaly diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip aýtdy.
Toparyň öňünde eli alawly çapyksuwar gitse, gowy bolardy. Onuň sag we çep gapdaly bilen ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de V Aziýa oýunlarynyň Baýdagy bolan çapyksuwarlaryň, şeýle hem halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, uly üstünlige eýe bolan türgenleriň ýöremegini göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa döredijilik işgärlerinden ybarat bolan ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Bu Toparyň düzüminde metbugatyň, telewideniýäniň, Medeniýet ministrliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolmaly. Olar atly ýörişe gatnaşýan çapyksuwarlaryň hemişe ýanynda bolup, bu taryhy ýörişiň geçirilişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli beýan edip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häkimler bilen bilelikde atly ýörişiň her welaýatyň çäginden geçjek ugruny kesgitlemegi tabşyrdy. .
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji aprel – 5-nji maý aralygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň bir aýlygyny geçirmek baradaky resminama gol çekendigini aýdyp, bu biraýlygyň çäklerinde 7-nji aprelde, ýagny Bütindünýä saglyk gününde welosipedli ýörişi guramagy teklip etdi.
Milli Liderimiz 5-nji maýda irden, ýagny Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda halkymyz bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän Saglyk ýolundan geçmek, şol günüň ikinji ýarymynda sagat 17-de, Gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanynda atly ýörişe gatnaşyjylara üstünlik arzuw edip, dabaraly ýagdaýda ak pata berip, ýörişe badalga bermek baradaky pikiri öňe sürdi.
Bu ýöriş ýurdumyzyň her welaýatynda 100 günläp dowam eder. Şu döwürde ýörişe gatnaşyjylar milli mirasymyzy wagyz etmegiň we dünýä ýaýmagyň, şöhratly ata - babalarymyzyň ruhuna sarpa goýmagyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzdaky ähli ýadygärliklere we belli ýerlere bararlar.
Atly topar metbugatyň, telewideniýäniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ilki Ahal welaýaty boýunça ýörişe başlar. Ahal welaýatynyň çäginde bu ýöriş 100 günläp dowam eder. Ahal welaýatynyň çäginde ýöriş tamamlanandan soň, Balkan welaýatynyň çäginde bu welaýatyň öz atly topary ýörişi dowam eder. Balkan welaýatynyň çäginde ýöriş tamamlanandan soň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň çäkleri boýunça hem bu welaýatlaryň atly toparlary ýörişi dowam eder.
Atly ýörişiň tamamlaýjy tapgyry Mary welaýatynyň çäklerinden geçer. Mary welaýatyndaky dünýä belli «Galkynyş» gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy geçiriler.
Soňra atly topar bu Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Garaşsyz Watanymyzyň paýtagtyna tarap ýola düşer we bellenen möhletde Aşgabat şäherine geler. Bu ýerde Aşgabadyň öz atly topary ýakylan alawy kabul eder.
Biz V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Olimpiýa şäherjigindäki stadionda V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşany – ahalteke bedewiniň kellesiniň şekilini ýerleşdirmek zerurdyr.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinden geçip, eli alawly paýtagtymyza gelen atly topar Olimpiýa şäherjigindäki stadiona barar. Şol ýerde atly toparyň öňünden barýan çapyksuwar bedewini çarpaýa galdyryp, elindäki alawdan şekiliň ýokarsynda ýörite ýerleşdirilen enjamda Olimpiýa oduny ýaksa, bu Oýunlaryň açylyş dabarasyny has-da artdyrar.
Şeýle çäreleriň geçirilmeginde döwletimiziň alyp barýan syýasaty hem, milli medeniýetimiz hem öz beýanyny tapar. Sebäbi, türkmen tebigy gazy häzirki döwürde dürli ýurtlaryň halklarynyň öýlerine ýylylyk berýär. Bu döwletleriň ykdysadyýetini ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Şol ýurtlaryň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hemaýat edýär. Atly toparyň Garaşsyz Watanymyzdaky taryhy-medeni ýadygärliklere we beýleki mukaddes ýerlere barmagy örän baý, şöhratly taryhymyza halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň ýene-de bir gezek ünsüni çekmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, köpasyrlyk taryhymyza we baý milli mirasymyza daýanyp yglan eden Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylymyzda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýlelikde, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleri V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryny geçirmegiň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy barada durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda geçiriler. Bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde, on ýedi çapyksuwar şu ýylyň 5-nji maýynda sagat 17-de ýurdumyzyň welaýatlary boýunça geçiriljek atly ýörişe başlar. Olar 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabada bu ýörişden gaýdyp geler we Olimpiýa şäherjigindäki stadiona barar. Şol gün sagat 17-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylar.
Mälim bolşy ýaly, türkmenlerde we tutuş Gündogarda 7-lik—17-lik sanlar rowaçlyk getirýän, şowly san hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz belledi we hemmelere V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi, türgenlerimize bolsa, bu ýaryşlarda uly ýeňişleri gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz gozgalan meseleler we aýdylan teklipler boýunça sport ulgamynyň işgärlerine, ýaş türgenlere we olaryň halypalaryna öz pikirlerini aýtmagy teklip etdi.
Siziň köpiňiz eýýäm dürli ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ýeňiji bolduňyz. Sport äleminde ajaýyp üstünlikleri gazandyňyz. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça dürli ýurtlarda geçirilýän işleri ýerinde görýärsiňiz Bu ugurda zerur tejribe topladyňyz diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, häzirki döwürde siziň sport ulgamyny ösdürmek boýunça garaýşyňyz, teklipleriňiz möhüm ähmiýete eýedir. Biz olary V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde hökman netijeli ulanarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz isleg bildirýänlere çykyş etmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy, küşt boýunça halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň 24 gezek çempiony A.Kakageldiýew söz aldy.
Ýaşlaryň halypasy kärdeşleriniň, ýygnananlaryň ählisiniň adyndan milli Liderimiziň tekliplerini gyzgyn goldaýandygyny aýtdy we şu gün döwlet ähmiýetli maslahatyň geçirilýändigi, halkymyzyň, ösüp gelýän nesliň saglygy babatda ähli şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň işjeň ösdürilýändigini, türgenlerimiziň dünýäde uly üstünliklere eýe bolýandyklaryny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, raýatlarymyz köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler hem-de sport bilen meşgullanmagy däbe öwürdiler.
Türkmenistanlylar özleriniň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden buýsanýarlar, milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň ählisini biragyzdan goldaýarlar. Bedenterbiýäniň we sportuň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edilmegi şol başlangyçlaryň biridir.
Milli Liderimiziň “Sport—munuň özi belent sepgitlere ýetmegiň, güýjüň, sagdynlygyň we ösüşiň nyşanydyr!” diýen ganatly jümlesi ýaş türgenleri belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Tälimçiler türgenleriň gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, has uly ýeňişlere ýetmek üçin ähli tagallalary edýärler. Türgenlerimiziň iri ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi üçin ykjam taýýarlyk işleri, okuw ýygnanyşyklary yzygiderli geçirilýär. Şol ýaryşlaryň iň naýbaşysynyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydygy ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligini buýsandyrýar.
Biz bu ýaryşlara işjeň taýýarlyk görýäris, munuň üçin bizde ajaýyp şertler bar, sport desgalary bolsa dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Şoňa görä-de, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylda türkmen türgenleriniň özlerini iň gowy tarapdan, Oguzhanyň hakyky nesilleridigini görkezjekdigine ynanmaga esas bar.
Çykyş eden hormatly Prezidentimiziň halk nakyllaryny we pähimlerini jemlän “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda “Atany söýen, Watany söýer” diýen dana sözleriň bardygyny belledi. Biz -- türkmen halypalary üçin bu sözler işimizde ruhlandyryjy pähim bolup ýaňlanýar. Biz öňümizde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelmek, milli mirasy mynasyp dowam etdirjek nesli terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederis diýip, A.Kakageldiýew aýtdy.
Ol türkmen tälimçileriniň türgenlerimiziň Aziada –2017-niň oýunlarynda münberiň iň ýokarky basgançagynda türkmen Tuguny al-asmanda parladyp, Döwlet senamyzyň dünýä ýaň salmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine döwlet Başutanymyzy ynandyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikler baradaky arzuwlar tutuş zalda “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen utgaşyp gitdi.
Soňra mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň türgeni Ş.Şyhyýewa çykyş etdi.
Ýaş çapyksuwar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny aýtdy. Bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke atlarymyz halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň, at üstünde oýnalýan milli oýunlaryň ösdürilmegi bizi—bagtyýarlyk döwrüniň ýaş türgenlerini has-da buýsandyrýar diýip, ol aýtdy.
Milli Liderimiziň çäksiz goldaw –hemaýatlary netijesinde “Galkynyş” toparynyň abraýly halkara festiwallaryna gatnaşmaga uly mümkinçiligi bar. Şol festiwallarda bu topar uly üstünliklere eýe boldy.
2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütin dünýä sirk sungatynyň festiwalynda “Galkynyş” topary “Altyn IDOL” atly baş baýraga, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda “Latina-2014” atly Kuboga, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II Halkara festiwalynda bolsa Gran-pri-altyn Kuboga mynasyp boldy.
Bu gazanylan üstünlikleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen sirk sungatyny has-da kämilleşdirmäge, milli atçylyk sportuny täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen tagallalarynyň netijeleridir.
Ýurdumyzda sportuň atçylyk görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini ýaýratmak boýunça durmuşa geçirilýän bu işler dünýä halklaryny haýran galdyrýar. Häzirki wagtda giň gerime eýe bolan bu işler ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny belende galdyrmaga ýardam edýär.
Milli Liderimiziň şu günki eden taryhy çykyşynda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda ýurdumyz boýunça atly ýörişi guramak barada öňe süren teklibi biziň her birimiziň kalbymyzda ägirt uly buýsanç duýgusyny döretdi diýip, S.Şyhyýewa aýtdy. Bu ýörişe gadymy Nusaý ýadygärliginden ak pata berler. Munuň özi bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň milli mirasyna çäksiz sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz: “Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr” diýip belleýär. Bu parasatly sözler bedewiň türkmen halkynyň medeniýetinde, onuň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” hem-de “Ganatly bedewler” atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynda meşhur bedewleriň tohumynyň taryhy we onuň milletiň ykbalyndaky orny barada gürrüň berilýär. Bu eserler türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.
Ýaş ussat Türkmenistanyň sport bilen meşgullanýan ähli ýaşlarynyň adyndan atalyk aladasy, sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegi hem-de bu ulgamda ýokary netijeleriň gazanylmagy, ýurdumyzy sport hereketiniň merkezine öwürmek baradaky tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uly mugallymy, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, guşakly göreş boýunça halkara derejeli sport ussady, halkara derejeli emin, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ş.Mämmedowa söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe –köpçülikleýin hereketi ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli hem-de netijeli işleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy diýip, çykyş eden belledi. Sporty ösdürmäge döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeler gönükdirilýär – ähli welaýatlarda, etraplarda we obalarda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri, stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurulýar.
Türkmen türgenleri ajaýyp şertlere eýe bolmak bilen hem-de döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara ýaryşlarynda ýokary derejeli medallary barha köp gazanýarlar.
2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigini sebitde deňi-taýy ýokdur. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyz Aziýanyň merjenine hem-de sebit we dünýä derejesinde çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. 2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat awtomobil ýörişi geçirildi. Bu ýöriş türkmen sportunda ilkinji halkara ýaryşlary boldy. Şonda Watanymyzyň sport baýdagy has belende galdyryldy.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ýaş türgenlere görelde bolýar. Döwlet Baştutanymyz gamyşgulak bedewlere hem-de sport awtomobillerine ussatlarça erk edip, sport welosipedinde we asmanda uçaryň şturwalynyň başynda hem özüni ynamly duýýar. Bularyň ählisi ýaşlar üçin görelde mekdebidir, tälimçileri bolsa sport zehinlerini terbiýelemekde has uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýaş pälwanlaryň halypasy 2014-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen milli göreşi boýunça birinji hem-de guşakly göreşi boýunça 12-nji dünýä çempionatlarynda türkmenistanlylaryň medallaryň 45-sine, şol sanda altyn medallaryň ençemesine mynasyp bolandygyny belledi. Bu ýaryşlara dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200-e golaý türgen gatnaşdy. Toparlaýyn bäsleşikde biziň ýygyndymyz birinji orna mynasyp boldy. 2015-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde türkmen milli göreşi boýunça ikinji dünýä çempionaty hem-de guşakly göreş boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda hem biziň türgenlerimiz 44 medaly eýelemegi başaryp, hormat münberiniň beýik basgançagynda ýaşyl Tugumyzy halkara derejesinde belentde parlatdylar we Döwlet senamyzy ýaňlandyrdylar.
2013-nji ýylda paýtagtymyza Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baýdagy getirildi we ol Milli sport we syýahatçylyk institutynyň iň görnükli ýerinde ornaşdyryldy. Munuň özi biziň buýsanjymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary sport mekdebine bildirýän ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, halypa mugallym aýtdy we biziň ildeşlerimizi hem-de tälimçilerimizi oýunlaryň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň we atçylyk sportunyň konkur görnüşiniň girizilmeginiň aýratyn begendirendigini nygtady.
Çykyş ediji 2017-nji ýylda türkmen türgenleriniň Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, beýik ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hem-de altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolup, Watanymyzyň abraýynyň has-da artmagyna saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan! – milli Liderimiziň meşhur eserindäki bu buýsançly sözler mejlise gatnaşyjylaryň “Arkadaga şöhrat, sporta şöhrat!” diýen sözleri bilen utgaşyp gitdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzykly we peýdaly maglumatlary üçin çykyş edenleriň ählisine minnetdarlyk bildirip, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň jemini jemledi. Nesip bolsa, biz siziň bilen 7-nji aprelde – Bütindünýä saglyk gününde duşuşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 5-nji maýda bolsa biz bilelikde ýurdumyz boýunça atly ýörişe badalga bereris.
Milli Liderimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edip: “Biz kuwwatly döwletiň – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary: “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen şygary baýdak edinip, täze üstünliklere tarap ynamly öňe gitmelidiris” diýip aýtdy.
Täze eýýamyň senasyna öwrülen bu sözler biziň agzybirlikde öňde goýlan maksatlaryň ählisine ýetjekdigimize, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarjakdygymyza hem-de döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde Aziadany ýokary derejede geçirjekdigimize uly ynam döredýär.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyndan ugrady.
... Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz örän iri sport çäresini – öňümizdäki Aziadany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek pikiriniň töweregine berk jebisleşdi. Bu ägirt uly sport baýramçylygynyň geçirilmegi netijesinde Aşgabat diňe bir iri sport wakalaryny guramakda tejribä eýe bolmak bilen çäklenmän, sporty ösdürmek, dünýä çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlary kemala getirmegiň ajaýyp mirasyna hem mynasyp bolar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýan sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn bedenli we ruhubelent nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Sport -- bu güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň aýdyň beýanydyr diýip, milli Liderimiz aýdýar. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesi, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky umumymilli hereketiň başyny başlap we oňa ýolbaşçylyk edip, halkymyzy, aýratyn hem ýaşlary bu herekete işjeň çekýär. Häzirki wagtda bularyň ählisi oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan sport toplumlary, stadionlar ýaşlarymyzyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Işiniň örän köpdügine garamazdan, milli Liderimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapýandygyny biziň hemmämiz bilýäris. Bu endik bolsa döwlet Baştutanymyza ýaşlykdan, mekdep ýyllaryndan mahsusdyr. Milli Liderimiz heniz orta mekdepde okap ýörkä, dürli ýaryşlara, şol sanda klassyky göreş boýunça bäsleşiklere we GTO-nyň kadalaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp, sport babatda uly tejribe toplady. Arhiw maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, geljekki Prezident III GTO (GTO-nyň üçünji ýaş basgançagy –“Güýç we gaýduwsyzlyk” – 16-18 ýaşlylar üçin) nyşanynyň eýesi bolýar.
Döwlet Baştutanymyz 1972-nji ýylda klassyky göreş boýunça Aşgabat şäheriniň çempiony 1973-nji ýylda tüpeňden ok atmak boýuça Türkmenistanyň çempiony bolýar. Munuň özi milli Liderimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşmak işine ýetginjeklik ýyllaryndan başlandygyny alamatlandyrýan anyk ýagdaýlardyr.
Häzirki wagtda milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ajaýyp türgen hem bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri – atçylyk sporty, gündogaryň başa-baş söweşleri, awtomobil we welosiped sportlary hem-de sportuň beýleki köp görnüşleri bilen meşgullanýar.
Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň, taýekwondo boýunça 7-nji derejäniň gara guşagynyň, şeýle hem karate boýunça 6-njy danyň gara guşagynyň eýesidir, milli sport hereketini ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin “Karate-do” umumyýapon federasiýasynyň hormatly agzalygyna saýlanyldy.
Şeýle lideriň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli amala aşyrmak bilen, iň ýokary derejede beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär.
Bu syýasatyň aýdyň üstünlikleri we netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işiniň döwletiň we jemgyýetiň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de saglygynyň gadyryny bilýän halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.
Aziada -2017-niň guramaçylyk komitetiniň şu günki mejlisi hem muny doly tassyklady.