Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi Mirwaýs Naby kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň adyndan mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Owganystan parahatçylyk döredijilikli syýasatyny alyp barýan dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gyzyklanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletiň baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň dostlukly hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna yzygiderli ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň hemişe tarapdary bolandygyny we tarapdary bolup çykyş etjekdigini nygtady.
Diplomat Türkmenistanyň sebitde netijeli özara hereketleri işjeňleşdirmekde wajyp ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, şol sanda owgan meselesini parahatçylykly düzgünleşdirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini hem-de wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Mirwaýs Nab döwlet Baştutanymyza we milli Liderimiziň üsti bilen tutuş türkmen halkyna doganlyk raýdaşlygy hem-de goňşy döwletiň durnukly ösmeginde berýän işjeň goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklarynyň täze bilelikdäki taslamalarda anyk mazmuna eýe bolup, has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar – söwda-ykdysady ulgamynda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de goňşy ýurduň doly ygtyýarly wekili ýokary derejede gazanylan türkmen-owgan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly, şeýle hem ulag-aragatnaşyk geçelgelerini we energetika ýollaryny ösdürmek boýunça has möhüm bilelikdäki taslamalar babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şu babatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi. Ol taslama gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň halkyna hem-de umuman, tutuş sebite abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilip, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrülmelidir.
Türkmenistan tarapyndan başy başlanan hem-de sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli, iri möçberli taslamalar Owganystany we Merkezi Aziýany durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönüden-göni hyzmat edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny aýratyn ýatlamak gerek. Bu taslama Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň esaslarynyň berkidilmegine hyzmat etmegine gönükdirilendir.
Diplomat ähli owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň iş ýüzünde ykdysady we ynsanperwer taýdan berýän kömegi üçin hem hoşallyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllaryň içinde döwletimiz öz günortadaky goňşusyna ýeňillikli şertlerde elektrik energiýany iberýär, ynsanperwer ýükleri ugradylýar, dostlukly ýurduň serhetýaka etraplarynda durmuş ähmiýetli desgalary gurýar. Türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda mekdep we çagalar öýi bina edildi. Geçen ýylyň tomsunda bolsa, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna başlandy. Ýurdumyz bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn aragatnaşyklary işjeň ösdürýär. Muňa owgan ýaşlarynyň Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy hem şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýe bolan netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna türkmen Liderini ynandyrdy.