Ï Türkmenistanda Eýran harytlarynyň nobatdaky sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Eýran harytlarynyň nobatdaky sergisi öz işini tamamlady

view-icon 737
Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhyna eýe bolan iki ýurduň we halklaryň dostlugynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülen ХII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halk hojalygyna täze tehnologiýalaryň we ylmyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda, milli ykdysadyýetimiziň halkara ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagynda halkara hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, sazlaşykly ösýän we uzak geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-eýran gatnaşyklary dürli pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine hem-de ony ösdürmegiň ägirt uly kuwwatyna daýanýar. Munuň özi Eýranyň haryt öndüijileriniň senagat mümkinçilikleriniň nobatdaky gözden geçirilişinde has-da äşgär boldy. Bu sergi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähli babatda giňeldilmeginiň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam etdi.


Ozal habar berlişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Bu ýyl onuň gerimi hem-de oňa gatnaşýanlaryň sanawy has-da giň boldy. Dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen, şol sanda ugurdaş pudaklaryň we goňşy ýurduň dürli sebitlerinden öňdebaryjy kompaniýalaryň ýüze golaýy öz önümlerini we eksport kuwwatyny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň önüm öndürijileriniň gözden geçirilişine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadariniň arasynda bolan duşuşygyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda guralýan ýöriteleşdirilen sergisiniň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklara okgunly häsiýet, maýa goýum işini höweslendirmek ýörelgesi mahsusdyr.


Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde üç günläp dowam eden eýran harytlarynyň sergisi hem şol ýörelge esasynda ýaýbaňlandyryldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär eden sergi dürli pudaklaryň wekilleri hem-de ugurdaş hünärmenler üçin netijeli işewürlik meýdançasyna öwrüldi. Onuň işiniň barşynda geçirilen gepleşikler türkmen-eýran gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmen bazarynda özüni görkezen we uzakmöhletleýin esasda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalar ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda öz mümkinçiliklerini we tekliplerini äşgär etdiler. Bu gezekki sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň sanawynyň köp bolmagy gözden geçirilişiň häsiýetli aýratynlygydyr. Sergä gatnaşýan kompaniýalar özleriniň dürli pudaklar boýunça täzeçil işläp taýýarlamalaryny ilkinji gezek görkezýärler. Munuň özi daşary ýurt kompaniýalarynyň geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň nobatdaky subutnamalarydyr.


Aýratyn-da, Türkmenistanda gurluşyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini nazara almak bilen, möhüm durmuş-ykdysady wezipeleriň çözgüdini öz içine alýan teklipleriň, gurluşyk pudagyna degişli täzeçil başlangyçlaryň görkezilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň sazlaşykly ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri, Türkmenistana öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary, gurluşyk serişdelerini, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijiler üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bu ugruň okgunly ösuşini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk senagatyny ösdürmegiň netijeli we möhüm ugry ykdysadyýetiň ösüşini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş, medeni, senagat maksatly we ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň ösdürilmegini şertlendirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda taslama we gurluşyk işleriniň alnyp barylmagynda, döwrebap gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.

Sergide görkezilen bölümlerde oba hojalygyna, azyk senagatyna, elektroenergetika, himiýa senagatyna, ulag ulgamyna we beýleki ugurlara degişli ägirt uly mümkinçilikler görkezildi. Dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar, syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.


Gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak düzümleri, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren köpsanly gepleşikleri serginiň işiniň netijeli bolmagyny üpjün etdi. Şeýle hem gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirillýän ugurlary kesgitlenildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlenildi. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatyna, Türkmenistanda amatly maýa goýum şertleriniň döredilmegine, daşary ýurtly, şol sanda eýranly işewürleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynda döwrebap serişdeler ulanylýar we ylmyň gazananlarynyň esasynda energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sergä gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşuryldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisini guraýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Onda serginiň üstünlikli geçirilmegi, onuň çäklerinde iki ýurduň arasynda giň ugurlar boýunça netijeli hem-de köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrnuda tagalla edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözleri aýdylýar.