Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň çakylygy boýunça Hytaýyň telekeçiler bileleşiginiň wekilleri biziň ýurdumyzda sapar bilen bolýarlar. Olar azyk, dokma, ýeňil senagatyň wekilleri, nebitgaz toplumy üçin enjamlary öndürijilerdir. Saparyň maksady – ýurduň hususy böleginiň kärhanalarynyň mümkinçilikleri, öndürilýän önümiň hili bilen tanyşmakdan, türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, geljekde bilelikdäki kärhanalary döretmekden ybaratdyr.
Bu türkmen hususy önüm öndürijileriniň işewür hyzmatdaşlarynyň ilkinji saparydyr. Ol Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasynda geçen ýylyň oktýabr aýynda açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilligi tarapyndan guraldy.
- Biziň Pekindäki wekilligimiz – bu Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtdaky ilkinji edarasydyr diýip, TSTB Hytaý Halk Respublikasyndaky wekilliginiň ýolbaşçysy Myrat Annamämmedow gürrüň berýär. – Biziň işimiziň maksady – HHR telekeçileri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga, türkmen harytlaryny we hyzmatlaryny hytaý bazaryna ýerlemäge, şeýle hem biziň ýurdumyzyň hususy böleginiň önümleriniň we hyzmatlarynyň sergisini guramaklyga we geçirmeklige ýardam bermekden ybaratdyr. Meselem, eýýäm Hytaýda türkmen harytlaryny satmak boýunça dükany açmak barada şertnama baglaşyldy. Onda biz biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriniň ähli görnüşlerini görkezmäge çalyşýarys.
Sapar hytaý tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýär. Bu bolsa bu ýurduň işewürler toparlarynyň türkmen bazaryna çykmaga, bizde bilelikdäki kärhanalary döretmäge bolan uly gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär.
Hytaýyň işewürler toparlarynyň biziň ýurdumyzda bolmaklarynyň maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň kärhanalary bilen tanyşmagy göz öňünde tutýar. Saparyň çäklerinde “tegelek stoluň” başynda mejlisler we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler, şeýle hem tematiki ekspozisiýa ýaýbaňlandyrylar. Saparyň jemleri boýunça ediljek işleriň protokolyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär.
Bilelikdäki önümçilikleri döretmek üçin hyzmatdaşalary gözlemek - TSTB Hytaý Halk Respublikasyndaky wekilliginiň işiniň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Myrat Annamämmedow nygtady.
Onuň pikirine görä, bu eksporty nazarlaýan önümçiligiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Sebäbi bilelikdäki kärhanalaryň artykmaçlyklary – ýurda nou-haulary çekmekden daşary ýurtlarda ýurtda öndürilýän önümleriň ýerlenilýän bazarlary köpeltmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.
- Türkmenistanda daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutjak önümçilik boýunça geçen ýylda kabul edilen Döwlet maksatnamasy köp sanly taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Olaryň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetiň hususy bölegi möhüm orny eýelär diýip, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Güljemal Gurbanowa gürrüň berýär. – Esasy ugurlaryň biri hem – ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutjak önümçiligi döretmek bolup durýar. Şonuň üçin hem, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan oba hojalygyndaky, gaýtadan işleýän we azyk senagatyndaky taslamalara uly üns berilýär. Güýçli döwlet goldawyna daýanmak bilen, Birleşme şular ýaly önümçilikleri ösdürmäge ýardam berýär. Olar başdan uly geljegi, bäsleşige ukyplylygy we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen tapawutlanýarlar. Bu bolsa döwlet baştutany tarapyndan başy başlanan giň göwrümli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna az bolmadyk derejede ýardam berýär.
Muňa mysallar näçe diýseň bar. Olaryň biri Ahal welaýatyndan telekeçi N.Gapurowyň ýyladyşhana hojalygy bolup durýar. Hytaýly telekeçiler bu ýerde ilkinji tanyşlyk saparynda boldular. Ýyladyşhana hojalygynyň ter, ekologiýa taýdan arassa ýokumly önümleri paýtagtyň söwda nokatlarynda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda uly islegden peýdalanýar.
Beýleki kärhana barylyp görülmegi – “Hasar” sýüji-köke öndürýän fabrigi hem myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Önümçilik bilen tanyşmak we täze şokolad önümini dadyp görmek bilen, myhmanlar hoşal boldular. “Hasaryň” süýji tagamly önümi özüni diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem tanatdy – ol daşary ýurtlaryň sekizisine iberilýär.
Ýene-de kärhanalaryň ikisi – “Aýbölek” mebel fabrigi we “Abadanhaly” haly kärhanasy, şeýle hem paýtagtyň gurluşyk meýdanlary – gurluşygy telekeçilere ynanylan ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Orta we kiçi telekeçilik boýunça türkmen-hytaý gepleşikleriniň konstruktiw häsiýeti amala aşyrylmaly bilelikdäki taslamalaryň gelejeginiň ulydygyna we uzak möhletleýindigine uly ynamy döredýär.