Hytaýly işewürler toparynyň wekilleriniň biziň ýurdumyza bolan saparynyň jemleri boýunça bilelikdäki telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, türkmen we hytaý telekeçileri tarapyndan protokollaryň onusyna gol çekildi. Bu resminamalar söwda aragatnaşyklaryny giňeltmek bilen bir hatarda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriniň ornuny tutjak we önümleri daşary ýurtlara ibermäge mümkinçiligi bolan häzirki zaman önümçiligini döretmegi hem göz öňünde tutýar.
Pekinde geçen ýylda açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilligi tarapyndan guralan bu sapar hytaýyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň biziň ýurdumyza bolan ilkinji saparydyr.
HHR wekiliýetiniň agzalary biziň ýurdumyzda bolmaklarynyň çäklerinde ýurduň hususy böleginiň kärhanalarynyň mümkinçilikleri, öndürilýän önümiň hili bilen tanyşdylar, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen bilelikdäki sergide öz harytlaryny görkezdiler.
Türkmen milli zergärçilik önümleri we halylar, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, şeýle hem azyk senagatynyň önümleri hytaýly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Öz nobatynda hytaýly önüm öndürijiler energetika we nebitgaz senagaty üçin enjamlary, gurluşyk önümlerini, kaşemir fabrikleriniň önümlerini, restoran işleriniň we eksport-import işleri boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlary görkezdiler. Hytaýly telekeçiler özlerinde galan täsirleri paýlaşmak bilen, olaryň Türkmenistanda bolmaklarynyň örän netijeli we täsirli bolandygyny bellediler. Olara biziň ýurdumyzyň hususy böleginiň ösüş derejesini, giň göwrümli döwlet goldawy netijesinde olaryň goraglylygyny öz gözleri bilen görmäge we baha bermäge uly mümkinçilikler döredildi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde bolsa, diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin gelejegi uly bolan ugurlar kesgitlenilmän, eýsem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin hyzmatdaşlary tapmak hem kesgitlendi.
Şeýlelikde, “Qinghai cashmere industrial group co.,Ltd” türkmen “Oguzabat” kompaniýasy bilen bilelikde Aşgabatda türkmen çig malyndan kaşemir önümçiligini döretmek barada şertnama baglaşdylar. Bu hytaý kompaniýasynyň türkmen ykdysadyýetine meýilleşdiren maýa goýumynyň ilkinji tapgyrydyr. Hytaýyň beýleki bir “Qinghai cashmere industrial group co.,Ltd” kompaniýasynyň wekilleri “Merdana türkmen” kompaniýasy bilen bilelikde nebitgaz toplumy üçin önümçilik we hyzmat ediş enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Hytaýyň beýleki kompaniýalary hem Türkmenistanda öz hyzmatdaşlaryny tapdylar we sellýuloza öndürýän kärhanany, ýeňil, ýük daşaýan we oba hojalyk maşynlary üçin filtr öndürýän zawody gurmak barada şertnama baglaşdylar. Şeýle hem demir önümlerini, gaz generatorlaryny öndürýän, graniti we mramory işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki önümçiligi gurmak barada şertnamalar baglaşyldy.
Meýilleşdirilen her bir taslama önümler bilen türkmen bazarynyň islegini kanagatlandyrmagy, şeýle hem bilelikdäki kärhanalaryň Türkmenistanda öndüren önümlerini Hytaýa eksport etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Türkmenistanda we Hytaýda dükanlary açmak bellenildi. Olarda iki ýurduň halklarynyň halk senetçiligi, häzirki zaman kärhanalarynyň önümleriniň satuwy ýola goýular. Türkmen we hytaý telekeçileri gelejekde milli aşhanalarynyň restoranlaryny açmagy meýilleşdirýärler. Özi hem, restoranynyň eýesi, “Salar” kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Ma Zongaýyň belleýşi ýaly, milli aşhanalarynyň restoranlaryny bütin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda restoranlar toruny ösdürmegi maksat edinýär. Ilkinji restoran bolsa, Aşgabatda açylar.
Mundan hem başga, gol çekilen resminamalar adaty söwda gatnaşyklaryny giňeltmegi, Söwda öýlerini döretmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde belleýişleri ýaly, hytaý telekeçileriniň biziň ýurdumyza bolan ilkinji saparynyň üstünligi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen bazaryna bolan uly gyzyklanmasyndan, bilelikdäki önümçiligi döretmekden, hyzmatdaşlygy giňeltmekden, hyzmatdaşlyk üçin täze ulgamlary gözlemekden ybaratdyr. Şular ýaly saparlar mundan beýläk hem dowam etdiriler. Olar türkmen telekeçilerine beýleki ýurtlaryň telekeçileri we telekeçi wekilleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmaga, türkmen harytlaryny daşary bazarlara çykarmaga ýardam berýär.