Şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary birek-biregi mähirli mübärekläp, gadymyýetden ruhy päkligi hem-de täze durmuşa ymtylyşy alamatlandyrýan bahar baýramy Nowruz baýramçylygy mynasybetli gutlaglaryny aýtdylar.
Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçip, soňky wagtda iki ýurduň ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hem özara hereketleri giňeltmegiň depginini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmen we owgan halklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň däp bolan gatnaşyklaryna hemişe tüýs ýürekden sarpa goýup gelendikleri nygtaldy. Şol gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine görnüden-göni hyzmat edýär.
Bellenip geçilişi ýaly, geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.
Mohammad Aşraf Gani bütin dünýäde bolşy ýaly, Owganystanda hem türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň sebitde durnuklylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny nygtady hem-de Owganystanyň parahatçylykly durmuşynyň we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esaslaryny pugtalandyrmakda berýän uly goldawy üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Türkmenistan goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradýar, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş ähmiýetli desgalary gurýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda eýýäm mekdebiň we saglyk öýüniň gurlandygyny, geçen ýylda bolsa Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüniň gurluşygyna başlanandygyny ýatlap geçmek gerek. Taraplaryň ikisi-de ynsanperwer aragatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň esasynda owgan talyplarynyň onlarçasy Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
OYR-nyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri taslamalarynyň Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly düzgünleşdirmekde we tutuş Aziýa sebitini durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak hakyky goşant boljakdygyny belledi.
TOPH gaz geçirijisiniň amala aşyrylyp başlanan gurluşygynyň energiýa serişdelerini iberiji hökmünde diňe bir Türkmenistan üçin uly ykdysady ähmiýeti bolman, eýsem-de, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji döwletler üçin hem ähmiýeilidigi aýratyn nygtaldy. Onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň, şol sanda Owgangystanyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer, bu ýerde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Bu gaz geçirijiniň düzümleýin desgalarynyň gurulmagy netijesinde 12 müň töweregi goşmaça iş orunlary dörediler, bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze kuwwatly energetika desgalaryny nazara alanyňda, türkmen elektroenergiýasyny owgan ugruna ibermegiň möçberlerini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik dörär. Bu hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynyň kuwwatly şertleriniň ýene-de birine öwrüler.
Medeni-ynsanperwer ulgamynyň hem döwletara hyzmatdaşlygynyň örän wajyp ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bu ulgam täze taryhy eýýamda elýetmez baýlyk we uly gymmatlyk bolan ajaýyp milli däpleri nesilden-nesle geçirip gelýän hem-de aýawly saklaýan iki doganlyk halkyň ýakynlaşmagyny kesgitleýän ýagdaýdyr. Şeýle gadymy däpleriň biri-de Nowruz baýramydyr. Ol ruhy we taryhy umumylyk bilen bagly bolan Gündogaryň halklaryny ýüzlerçe ýyl mundan ozal hem birleşdirişi ýaly, baky juwan we ajaýyp baýramçylykdyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani birek-birege ýene-de bir gezek iň oňat arzuwlaryny aýtdylar hem-de doganlyk türkmen we owgan halklaryna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, hoşniýetlilik we bereketlilik arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynynyň başlangyjy boýunça geçirildi.