Biz, Türkmenistanyň halky,
öz ykbalymyzy kesgitlemäge bolan mizemez hukugymyza esaslanyp,
Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärligimizden ugur alyp,
ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip,
milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip,
adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip,
jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp,
Türkmenistanyň Esasy Kanunyny – şu Konstitusiýany kabul edýäris.
I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ ESASLARY
1-nji madda. Türkmenistan – demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.
Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bütewidir hem bölünmezdir.
Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bütewiligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär.
2-nji madda. Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.
Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda: Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bütewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.
Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni we wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.
Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur.
4-nji madda. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir.
Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we mizemez hukuklaryny goraýar.
Her bir raýat öz üstüne Konstitusiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir.
5-nji madda. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.
6-njy madda. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-biri bilen sazlaşykly işläp, özbaşdak hereket edýärler.
7-nji madda. Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ykrar edilýär we kepillendirilýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdyr. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýärler.
8-nji madda. Türkmenistanda kanun hökmürowandyr.
Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Konstitusiýa ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur.
Kadalaşdyryjy hukuk namalar döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da kanunda göz öňünde tutulan başga usul bilen halkyň dykgatyna ýetirilýär.
Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.
9-njy madda. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby bileleşiklere hem birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.
Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.
10-njy madda. Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda berilýär, saklanylýar we bes edilýär.
Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär.
Hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Türkmenistanyň raýaty başga döwlete berlip, Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp ýa-da onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez.
Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär.
11-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar, borçlary ýerine ýetirýärler.
Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.
12-nji madda. Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy, şeýle hem intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Olar, şeýle hem raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýan obýektler kanun bilen bellenýär.
Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň derejedäki goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär.
Kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz alynmagyna ýol berilmeýär.
Diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna ýol berilýär.
13-nji madda. Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär.
14-nji madda. Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy serişdeler Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar we rejeli peýdalanmaga hem-de döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir.
15-nji madda. Döwlet milli taryhy-medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir.
Döwlet ylmy we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär.
Döwlet medeniýet, terbiýeçilik we bilim bermek, sport we syýahatçylyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär.
16-njy madda. Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär we bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.
Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär.
Döwlet ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
17-nji madda. Türkmenistanda syýasy köpdürlilik we köp partiýalylyk ykrar edilýär.
Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler.
18-nji madda. Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwlet işlerine gatyşmagyna we döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär.
Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.
19-njy madda. Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez.
20-nji madda. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Ýaragly Güýçleri bardyr.
21-nji madda. Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär.
22-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary – Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun tarapyndan bellenýär.
23-nji madda. Türkmenistanyň çägi welaýatlara, etraplara, şäherlere we beýleki dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
24-nji madda. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir.
II BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY
25-nji madda. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.
26-njy madda. Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de mizemezdir.
Konstitusiýa we kanunlara laýyk bolmasa, adamy haýsydyr bir hukugyndan we azatlygyndan mahrum etmäge ýa-da onuň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.
Adamyň belli bir hukuklarynyň we azatlyklarynyň Konstitusiýada we kanunlarda sanalyp geçilmegi onuň beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa-da kemeltmek üçin peýdalanylyp bilinmez.
27-nji madda. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gös-göni hereketi bardyr. Olar kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kesgitleýär we adyl kazyýetlilik bilen üpjün edilýär.
28-nji madda. Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, rasasyna, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär.
29-njy madda. Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr.
Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige eltýär.
30-njy madda. Hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan ýetirmeli däldir.
31-nji madda. Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.
Hiç bir zat şahsyýetiň mertebesiniň peseldilmegi üçin esas bolup bilmez.
32-nji madda. Her bir adamyň ýaşamaga we erkin ömür sürmäge hukugy bardyr. Hiç kim ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýar.
Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyrylandyr.
33-nji madda. Kanuna takyk laýyk bolmasa, adam hukuklary çäklendirilip ýa-da özüne degişli hukuklaryndan mahrum edilip, oňa iş kesilip ýa-da jeza berlip bilinmez.
Hiç kim gynamalara, zorluk ulanylmagyna, zalymlyk, adamkärçiliksizlik ýa-da adam mertebesini peseltmek bilen el gatylmagyna ýa-da jeza berilmegine, şeýle hem onuň razylygy bolmasa, lukmançylyk, ylmy synaglara ýa-da başga tejribelere sezewar edilip bilinmez.
Adam diňe kanunda takyk görkezilen esaslar bar bolan halatynda kazyýetiň karary boýunça ýa-da prokuroryň sanksiýasy bilen tussag edilip bilner. Gaýra goýmak bolmaýan hem-de kanunda takyk görkezilen halatlarda ygtyýarly döwlet edaralary adamy wagtlaýyn tutup saklamaga haklydyrlar.
34-nji madda. Her bir adam onuň jenaýat etmekde günälidigi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança bigünä hasap edilýär.
Hiç kim özüniň bigünäligini subut etmäge borçly däldir.
Günäkärligi barada dörän, aradan aýryp bolmajak şübheler aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär.
35-nji madda. Her bir adamyň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugy bardyr.
Diňe kanunda bellenilen tertipde günäli diýlip bilnen we kazyýet tarapyndan iş kesilen adam jenaýat jezasyna sezewar edilip bilner.
36-njy madda. Hiç kim şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we iş kesilip bilinmez.
37-nji madda. Her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz at-abraýyna we mertebesine hyýanat edilmeginden goranmaga hukugy bardyr.
38-nji madda. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.
Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary her bir adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludyrlar.
39-njy madda. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr.
Aýry-aýry ýerleriň çäklerine girmegiň, şol ýerlerde hereket etmegiň çäklendirilmegi diňe kanun esasynda bellenip bilner.
40-njy madda. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar.
Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýal biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklar deňdir.
Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.
Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar.
Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna hem-de goldanylmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär.
41-nji madda. Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däp-dessurlar berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr.
42-nji madda. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur.
Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.
Her bir adamyň döwlet syryndan we kanun arkaly goralýan gaýry syrlardan başga maglumatlary erkin gözlemäge we almaga hukugy bardyr.
43-nji madda. Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär.
44-nji madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar.
Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, özleriniň alyp barýan işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak ýörelgelerine hyýanat edýän syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik, harbylaşdyrylan birleşikleriň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.
45-nji madda. Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.
46-njy madda. Raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr.
Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukybyna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugyna elýeterlilige deň hukugy bardyr.
Türkmenistanyň raýatlarynyň adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy bardyr.
47-nji madda. Her bir adamyň telekeçilik we kanun bilen gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.
48-nji madda. Hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar.
Her bir adam eýeçiliginde emlägiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr.
Mirasa bolan hukuk kepillendirilýär.
v49-njy madda. Her bir adamyň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr.
Mejbury zähmet gadagandyr.
Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetleriniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes oňalga derejesinden az bolup bilmez.
50-nji madda. Her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenilmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr.
Döwlet adama dynç almagy we işden boş wagtyny peýdalanmagy üçin amatly şertleri döredýär.
51-nji madda. Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr.
Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Jaýda ýaşaýanlaryň razylygy ýa-da başga kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň jaýa girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga haky ýokdur. Adamyň öz ýaşaýyş jaýyny bikanun hyýanatçylykdan goramaga hukugy bardyr.
Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.
52-nji madda. Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr.
Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenilen esaslarda we tertipde ýol berilýär.
53-nji madda. Her bir adamyň durmuşy we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde onuň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga degişli çäreleri amala aşyrýar.
Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr.
54-nji madda. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.
Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.
55-nji madda. Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr.
Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.
Döwlet her bir adam üçin öz ukybyna laýyklykda hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenilen esaslarda we tertipde ýol berilýär.
Döwlet hemme bilim edaralary üçin hökmany bolan bilim standartlaryny belleýär.
56-njy madda. Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary we bähbitleri kanun bilen goralýar.
Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.
57-nji madda. Adamyň we raýatyň öz hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy, onuň jemgyýetiň we döwletiň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däpleri, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr.
58-nji madda. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir.
59-njy madda. Her bir adam kanunda bellenilen tertipde we möçberlerde döwlet salgytlaryny tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr.
60-njy madda. Her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär.
Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütleri we hereketleri barada kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.
61-nji madda. Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen maddy ýa-da ahlak taýdan zyýan ýetirilende onuň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy bardyr.
62-nji madda. Adam öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez.
Psihiki ýa-da fıziki täsir etmegiň netijesinde, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur.
63-nji madda. Döwlet hünärleýin ýuridik kömegi almaga bolan hukugy kepillendirýär. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýuridik kömek tölegsiz berilýär.
64-nji madda. Raýatyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Amala aşyrylan pursadynda hukuk bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereketler üçin hiç kim jogapkärçilik çekip bilmez.
65-nji madda. Raýatlaryň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan aýry-aýry hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý şertlerinde Konstitusiýada we kanunlarda bellenilen tertipde we çäklerde wagtlaýyn çäklendirilip bilner.
III BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ ULGAMY
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
66-njy madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar.
67-nji madda. Ýerli döwlet dolandyryşy ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.
II BAP. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
68-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.
69-njy madda. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner.
70-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti gös-göni Türkmenistanyň halky tarapyndan ýedi ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.
Türkmenistanyň Prezidentini saýlamagyň we onuň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun bilen bellenýär.
71-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti:
1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçirýär;
2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny döredýär;
4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, ol Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri ulanmak we söweşjeň ýagdaýa getirmek hakynda buýruk berýär;
5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar;
6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;
7) hukuk ýagdaýy kanun esasynda kesgitlenýän Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär;
8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;
9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Mejlisiň garamagyna hem-de tassyklamagyna berýär;
10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak wetosy hukugyny ulanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger, Mejlis deputatlaryň bellenilen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek we oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunlar babatda gaýra goýmak wetosyna hukugy ýokdur;
11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky maslahatlar bilen Türkmenistanyň halkyna we Mejlisine ýüzlenýär;
12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;
13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Mejlisiň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr;
14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, raýatlygyna dikeltmek, raýatlykdan çykarmak, raýatlygyny ýitirmek we gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär;
15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
16) Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;
17) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar;
18) adatdan daşary we harby ýagdaý düzgünini girizýär. Adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlaryň hukuk düzgüni kanun bilen düzgünleşdirilýär;
19) Konstitusiýada we kanunlarda özüniň ygtyýarlylyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
72-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar.
73-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputaty bolup bilmez.
74-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun bilen goralýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy döwletiň hasabyna amala aşyrylýar.
75-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlis özüniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edýär. Şeýle çözgüt Mejlisiň bellenilen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Mejlisiň bellenilen sandaky deputatlarynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Mejlisiniň bellenilen sandaky deputatlarynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakynda mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar.
76-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýanyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 17-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Mejlisiň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan beýleki ygtyýarlyklaryny başga döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur.
Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň borçlaryny ýerine ýetirýän adam Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenip bilinmez.
Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilip bilinmez.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI
77-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan ýokary wekilçilikli edaradyr.
78-nji madda. Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar.
79-njy madda. Mejlis aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:
1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;
2) Mejlisiň bellenilen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);
3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.
80-nji madda. Mejlis deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.
Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.
81-nji madda. Mejlis:
1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär we olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;
2) Ministrler Kabinetiniň iş maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;
3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;
4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;
5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;
7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;
8) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
9) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;
10) halkara şertnamalary tassyklaýar we ýatyrýar;
11) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;
12) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;
13) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
82-nji madda. Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanun çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr.
Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanun çykaryjylyk hukugyny hiç kime berip bilmez:
1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;
2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;
3) kazyýet önümçiligi.
83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.
84-nji madda. Mejlisiň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.
85-nji madda. Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goraglylygyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.
86-njy madda. Deputat deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt Mejlisiň deputatlarynyň bellenilen sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Mejlisiň razylygy bolmasa, deputat administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen azatlykdan mahrum edilip bilinmez.
87-nji madda. Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.
88-nji madda. Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek bilen saýlanýar. Ol Mejlise hasabat berýär hem-de Mejlisiň bellenilen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.
Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, ol Başlygyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär, Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga mümkinçiligi bolmasa, onuň borçlaryny ýerine ýetirýär.
89-njy madda. Mejlisiň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar.
Prezidiumyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.
90-njy madda. Mejlisiň, onuň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen bellenýär.
IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETI
91-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr.
92-nji madda. Ministrler Kabinetiniň düzümine onuň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar girizilip bilner.
Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär we täze saýlanan Prezidentiň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar.
93-nji madda. Ministrler Kabinetiniň mejlisleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri tarapyndan geçirilýär.
Ministrler Kabineti öz ygtyýarlylyklarynyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar.
94-nji madda. Ministrler Kabineti:
1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;
2) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;
3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada teklipleri, ýurdy syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Mejlisiň garamagyna berýär;
4) ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar;
5) döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy guraýar;
6) tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär;
7) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýär;
8) zerur bolan halatynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş müdirlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny döredýär;
9) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we gaýry gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýär;
10) hökümet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işine ýolbaşçylyk edýär; ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr;
11) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ygtyýarlylyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
95-nji madda. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary, onuň işiniň tertibi, beýleki döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär.
V BAP. KAZYÝET HÄKIMIÝETI
96-njy madda. Kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir.
Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.
97-nji madda. Türkmenistanda adyl kazyýetlik diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.
Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry gurluşlaryň döredilmegine ýol berilmeýär.
98-nji madda. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
99-njy madda. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.
100-nji madda. Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, ygtyýarlyklarynyň möhletleri kanun bilen kesgitlenýär.
Ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanmazyndan öň kazy wezipesinden diňe kanunda bellenilen esaslar boýunça boşadylyp bilner.
101-nji madda. Kazylar mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga hak tölenilýän haýsydyr bir beýleki wezipäni eýeläp bilmezler.
102-nji madda. Işlere kazyýetlerde kollegial garalýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa kazynyň bir özi garaýar.
103-nji madda. Kazyýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde diňlenilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär.
Kazyýet önümçiligi taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýar.
104-nji madda. Kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömegi arkaly işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.
105-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we gaýry kararlaryna taraplaryň şikaýat etmäge hukugy bardyr.
106-njy madda. Kazyýetleriň çözgütleri, hökümleri we gaýry kararlary Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.
107-nji madda. Ýuridik kömegi almaga bolan hukuk kazyýet önümçiliginiň islendik tapgyrynda kepillendirilýär.
Ýuridik kömegi bermek adwokatlar we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
108-nji madda. Kazyýetleriň ygtyýarlylyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
VI BAP. ÝERLI DÖWLET DOLANDYRYŞY
109-njy madda. Ýerli döwlet dolandyryşy ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.
110-njy madda. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan kanunda bellenilen tertipde saýlanýan ýerli wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary döredilýär.
111-nji madda. Halk maslahaty degişli çäkde:
1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
2) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar;
3) kanunylygyň berjaý edilmegine we jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär;
4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen halk maslahatynyň ygtyýarlylyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
Halk maslahatynyň kabul eden kararlary degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.
Halk maslahatynyň, onuň agzalarynyň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
112-nji madda. Ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýeti: welaýatlarda – welaýat häkimleri, etraplarda – etrap häkimleri, şäherlerde – şäher häkimleri amala aşyrýarlar.
113-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar hem-de oňa hasabat berýärler.
114-nji madda. Häkimler ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň – häkimlikleriň işine ýolbaşçylyk edýärler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.
Häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan kararlary kabul edýärler.
115-nji madda. Häkimleriň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
IV BÖLÜM. ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ
116-njy madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryşy wekilçilikli edaralar, agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanýan Geňeşler amala aşyrýarlar.
Geňeşleri döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
117-nji madda. Geňeşiň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
118-nji madda. Geňeş degişli çäkde:
1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär;
2) býujeti düzýär we tassyklaýar, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar;
3) salgytlary we ýerli ýygymlary, olary almagyň tertibini belleýär;
4) özüne degişli eýeçiligi dolandyrýar;
5) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýär;
6) jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam edýär;
7) kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlylyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.
Geňeşiň öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde kabul eden çözgütleri degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.
Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly kanun bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.
119-njy madda. Geňeş öz agzalarynyň arasyndan Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oňa hasabat berýän arçyny saýlaýar.
Arçyn Geňeşiň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem ýerli ähmiýeti bolan gaýry meseleleri çözýär.
V BÖLÜM. SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK
120-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumydyr we deňdir. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr, her bir saýlawçynyň bir sesi bar.
Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
121-nji madda. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär.
122-nji madda. Saýlawlar göni saýlawlardyr we saýlanylýan adamlar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanýarlar.
123-nji madda. Saýlawlarda ses bermek gizlindir, ses bermegiň barşynda saýlawçylaryň öz erk-islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ýol berilmeýär.
124-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara we raýatlaryň toparlaryna degişlidir hem-de kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
125-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.
Sala salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk ýoly bilen ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.
126-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenilen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň teklibi boýunça ýa-da saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaryň azyndan iki ýüz elli münüsiniň teklibi boýunça ählihalk sala salşygyny geçirmek barada çözgüdi kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir.
127-nji madda. Ýerli sala salşyklary bellemek hukugy öz başlangyjy boýunça ýa-da degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan dörtden bir böleginiň teklibi boýunça Geňeşe degişlidir.
128-nji madda. Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek ýoly bilen geçirilýär.
Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary gatnaşýarlar.
129-njy madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär. Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary we harby ýagdaý döwründe geçirilmeýär.
VI BÖLÜM. PROKURATURA
130-njy madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär.
Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar.
131-nji madda. Prokuratura dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär.
132-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär.
Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, ygtyýarlyklarynyň möhletleri kanun bilen kesgitlenýär.
133-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar.
134-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ygtyýarlylyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
VІI BÖLÜM. YKDYSADYÝET WE MALIÝE-KARZ ULGAMY
135-nji madda. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar.
Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär.
136-njy madda. Döwlet salgytlary, ýygymlar we gaýry hökmany tölegler, olary tölemek borjunyň esaslary, salgyt töleýjiniň hukuk taýdan goraglylygynyň ulgamy kanun tarapyndan bellenýär.
137-nji madda. Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamy býujet ulgamyny, bank ulgamyny, maliýe institutlaryny, şeýle hem kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň maliýe serişdelerini öz içine alýar.
Türkmenistanda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar.
138-nji madda. Türkmenistanyň býujet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüm bölegi bolan ähli derejedäki býujetleriň jeminden ybaratdyr.
Türkmenistanyň býujet ulgamynyň emele getirilişiniň we hereket edişiniň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun tarapyndan kesgitlenýär.
139-njy madda. Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň kreditorlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.
140-njy madda. Türkmenistanyň milli pul birligi manatdyr. Puluň emissiýasy diňe Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň dolanyşygy kanun bilen düzgünleşdirilýär.
VIII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
141-nji madda. Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň beýleki hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär.
Konstitusiýada we kanunlarda görkezilýän düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär.
142-nji madda. Konstitusiýanyň döwleti dolandyrmagyň prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýandygy hakyndaky düzgünleri üýtgedilip bilinmez.
143-nji madda. Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda konstitusion kanun, eger Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenilen sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär.