Ï Hytaýyň Lançžouň ulag uniwersitetinde «Türkmenistan» Merkezi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýyň Lançžouň ulag uniwersitetinde «Türkmenistan» Merkezi açyldy

view-icon 804
17-nji martda Hytaýyň Demirgazyk – Günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatynda, Lançžouň ulag uniwersitetinde ilkinji “Türkmenistan” Merkezi açyldy. Bu ýerde ylmy neşirler, turkmen nus gawywe çeper edebiýatynyň eserleri, döwürleýin neşirler, surat albomlary hem-de häzirki Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler barada gürrüň berýän suratlar, milli lybaslaryň hem-de şaý-sepleriň nusgalary, nakgaşlyk eserler we beýleki gymmatlyklar jemlenipdir.

Merkeziň açylyşy Mirasa sarpa goýmak, watany özgertmek ýylyna hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çsäklerinde geçirildi.

Lançžou ulag uniwersitetiniň ýanyndaky halkara bilim institutynyň direktory Çžan Goszin täze “Türkmenistan” Merkeziniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de bilim, medeniýet we beýleki ulgamlardakyw hyzmatdaşlywgy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç.Rustamowa bu merkeziň Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi bilen tanyşdyrjakdygyny, Türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny ýaýratmak üçin binýat boljakdygyny, şeýle hem bu ýere gelýänleri garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri, milli däp-dessurlary, tebigaty we beýlekileri bilen tanyşdyrar. Merkeziň medeni alyşmalara gatnaşmagy türkmen-hytaý ykdysady, söwda we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Hytaýda türkmenistanly ýaşlaryň 2000-e golaýy bilim alýar.