Ï Bakuda bolup geçen halkara maslahatyna gatnaşyjylar Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky Beýik ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bakuda bolup geçen halkara maslahatyna gatnaşyjylar Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky Beýik ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 643
Maslahat Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy we Azerbaýjanyň “ADA” uniwersiteti tarapyndan guraldy

Maslahata Azerbaýjan tarapyndan döwlet häkimiýet guramalarynyň wekilleri, belli syýasaty öwrenijiler, parlamentiň deputatlary, syýasy we ylmy merkezleriň, diplomatik korpusyň, iri halkara guramalaryň sebit gulluklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

“ADA” uniwersitetitiniň, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly gatnaşyklary işjeň ösdürýändiklerini bellediler. Bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtadylar. Muňa iki ýurduň ulag ulgamynyň hünärmenleriniň bolup geçen köp sanly duşuşyklary hem şzýatlyk edýär. Bu batada esasy üns biziň ýurdumyzyň geosyýasy taýdan oňaýly ýerleşýändigini nazara almak bilen, ýurduň milli ykdysadyýetiniň ulag ulgamynyň we üstaşyr-ulag geçirijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Maslhatda çykyş edenler, hususn-da, strategiki hyzmatdaşalr we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan başga-da, Türkmenistan häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň bütin ulgamy üçin örän uly ähmiýete eýe bolan sebit hökmünde birnäçe ýurtlar bilen özara hereket etmegiň täze mümkinçiliklerini berk öwrenýär diýip, bellediler.


Türkmenistan oňyn global meselelere işjeň gatnaşyjy ýurt hökmünde sazlaşdyrylan we durnukly ösüş esasynda özara halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasynyň döredilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyz dünýä bazarlaryna aktual bolup durýan we döwrüň talabyna laýyk gelýän öz ulag-logistika hyzmatlary bilen çykmagy teklip edýär. Muňa ýakynda ulanylmaga berlen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly we häzirki wagtda gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly hem şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň söwda we raýat flotynyň üstü çaltlandyrylan depginde täze gämiler bilen ýetirilýär. Bu bolsa Hazar deňzinde ýolagçy we ýyk daşalşynyň yzygiderli artdyrylmagyna şertleri döreder.

Türkmen wekilýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda esasy üns adamzat ösüşiniň integrirlenmeginiň iň irki modeli, medeniýet we siwilizasiýa babatda gepleşikleriň we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň nyşany bolan Beýik Ýüpek ýoluna gönükdirildi.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mysaly hökmünde şu ýylyň fewral aýynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Gruziýanyň demir ýol we deňiz edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy barada gidýär. Onda Gündogar-Günbatar multimediýa ulag geçelgesi, şeýle hem sebit we sebitara hyzmatdaşlyk infrastrukturasyny döretmek üçin esas hökmünde netijeli ulag geçelgelerini gurmak boýunça meseleleri çözmek maksady bilen üstaşyr daşalaýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýigrimi birinji asyryň global ulag strategiýasy – inegrasion böwsülme, geografiki we infrastruktura mükinçilikleriň birleşmesi, döwletleriň we sebitleriň tehiki we tehnologiki kuwwaty strtegiýasy bolup durýar. Gelejek – birleşdirilen ulag gatnaşyklary bilen iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa çatryklaryna çykmaga, optimal sazlaşmagyna we olaryň her biriniň artykmaçlyklarynyň peýdanlanşyna baglydyr.