Ï Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady

view-icon 731
Şu gün türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň mebel senagatynyň üstünliklerini, daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň toplan tejribelerini görkezen Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady

Sergide önümleriň we öý hojalygy üçin harytlaryň dürli görnüşleri – myhmanhana otagy, ýatylýan otag, çagalar, aşhana üçin mebeller, edara jaýlary we bagçylyk üçin mebeller, ýorgan-düşek toplumlary, dokma önümleri, hojalyk tehnikasy, elektrik enjamlary, gap-çanaklar, gurluşyk serişdeleri, bezeg önümleri we beýlekiler görkezildi.

Bu gözden geçirilişiniň guralmagynyň özi hem ýurdumyzyň mebel pudagynda gazanylan üstünliklere, türkmen önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär, sergide görkezilen önümleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişlidir.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny goldamak ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy kärhanalaryň paýyny düýpli artdyrmak, ykdysadyýetde iň netijeli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.


Orta we kiçi telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde ýurdum yzda mebel önümçiligi okgunly ösýän hem-de geljegi uly ugurlaryň biridir. Türkmen telekeçiler döwlet hem-de hususy buýurmalary ýerine ýetirmekde uly tejribe topladylar, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ýola goýdular, bu bolsa olara häzirki döwürde mebel önümçiliginde düný- meýillerine eýermäge ýardam berýär. Şunuň bilen bir wagtda, olar milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan önümleri öndürmekde hem tejribe topladylar. Hususy kärhanalar mebel önümleriniň hilini gowulandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.


Türkmen telekeçileri ýumşak we hojalyk üçin mebelleri, ýatakhana üçin toplumlaryň, myhman otagy, çagalar üçin, aşhanalar üçin toplumlaryň, mekdep partalarynyň, edaralar hem-de ýöriteleşdirilen guramalar üçin mebelleriň ulanylýan möhletini artdyrmaga aýratyn üns berýärler. Baha babatynda bäsdeşlige ukyplylyk ýurdumyzyň öndürijileriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryndan artykmaçylygy bolup durýar, bu bolsa alyjynyň islegini nazara alyp, şahsy buýurmalary üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde aýry-aýry telekeçileriň ýola goýan önümçilikleri bu işe döwrebap çemeleşmegiň – önümçilikde ýerli çig maly aňrybaş derejede ulanmagyň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň aýdyň mysaly bolup biler.

Bir söz bilen aýdylanda, soňky ýyllarda bu önümçiligi hil taýdan has ýokary derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat döredildi, telekeçilerimiz daşary ýurt mebel kärhanalary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýärler, geljekde bolsa eksport ugruny hem ösdürmek göz öňünde tutulýar.


Muňa harytlaryň esasy bölegini ýurdumyzyň mebel öndürijileriniň hil we bezeg taýdan aýratyn tapawutlanýan döwrebap harytlary düzen hojalyk harytlarynyň halkara sergisi doly güwä geçdi.

Türkiýe Respublikasynyň, ermeni –italýan kompaniýalarynyň bölümleri mebel önümçiligi babatynda teklipleriň tutuş toplumyny görkezdi. Ýokary hilli hojalyk we elektrik enjamlaryny, tele abzallary, gap-gaçlary öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen köpsanly belli daşary ýurt şereketleriniň diwarlyklary hem serginiň aýratyn bezegine öwrüldi.

Amaly-haşam sungatynyň, haly önümleriniň, milli lybaslaryň, taryhy künjekleri şekillendirilen dürli görnüşli sowgatlyklaryň, ýurdumyzyň nyşanlarynyň nusgalyklary, türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerini şekillendirýän önümleri görkezilen bölümler bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.


Diňe bir mebeliň dürli görnüşlerini hem-de ugurdaş harytlary synlamak däl-de, eýsem, bazaryň esasy meýilleri barada maglumatlary almaga şert döreden sergi mebel öndürýän kärhanalaryň wekilleriniň hem, alyjylaryň hem uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öz önümleriniň tanyşdyryş çäresini guradylar, alyjylar bilen gepleşikleri geçirdiler, öz kärhanalarynyň kuwwatyny hem-de önümleriň täze nusgalaryny görkezdiler, bu ugurda häzirki zaman gazanylanlary hem-de innowasiýa işläp taýýarlamalary bilen tanyşdylar, daşary ýurt kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar hem-de geljekki hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdular.

Ýöriteleşdirilen serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.


Mebel we hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda forumyň ýokary guramaçylyk derejesinede geçirilendigi hem-de üstünlikli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.