Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuknamalarynyň taslamalaryna garamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Milli parlament kanunçylyk-hukuk binýadyny döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Ähli kanunçylyk taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri, halkara-hukuk kadalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy, ruhy-medeni ösüş maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Mejlisiň garamagyna “Döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Pikir alyşmalaryň barşynda döwlet guramalaryna degişli teklipleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri amala aşyrýan döwlet düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bu resminamanyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Bu kanunçylyk taslamasy Türkmenistanda döwlet gullugynyň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny, ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýär. Ol döwlet gullugyna girişmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar we ony alyp barmagy, tamamlamagy hem-de döwlet gullukçysynyň derejesini kesgitleýär.
Döwlet gullugyna ýüklenen esasy wezipeleriň hataryna döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny işläp taýýarlamak ýa-da seljermek, administratiw hyzmatlary ýola goýmak, döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, döwlet eýeçiligini dolandyrmak we beýlekiler boýunça degişli teklipleri taýýarlamak girýär. Kanunçylyk taslamasynda wezipe borçlary, hünär derejesine bildirilýän talaplar, döwlet gullukçysynyň wezipe borçlary we beýleki düşünjeler kesgitlenendir.
“Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem maslahatyň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuknamalarynyň üstüni ýetirýän bu resminama döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işjeňlik sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu kanunçylyk nama ýurdumyzyň Konstitusiýasyna esaslanyp Türkmenistanyň “Parahorçulyga garşy göreş hakynda” Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryna esaslanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, gulluk, hünär etikasynyň, özüňi alyp barmagyň esasy kadalaryny özünde jemleýär.
Deputatlaryň belleýişleri ýaly, täze Kanun döwlet gullukçysynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, raýatlaryň döwlet guramalaryna bolan ynamynyň artmagyna ýardam eder. Ol öz bilimini, başarnygyny we tejribesini Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etmek borjy ýüklenen döwlet gullkçylarynyň hünär işiniň netijeli bolmagyny ugur edinýär.
Deputatlar “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, bu Kanunyň Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini hem-de adamlaryň dine uýmak erkinligini kepillendirýändigini bellediler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda her bir adamyň dini ynanjyna garamazdan, deň hukuklar üpjün edilýär. Halkymyzyň medeni hem-de ruhy durmuşynda yslamyň taryhy taýdan eýeleýän ornuna ünsi çekip, dine uýmaýan raýatlaryň we guramalaryň arasynda hem-de dürli dine uýýan raýatlaryň we dini guramalaryň arasynda özara ylalaşygy hem-de birek-birege sarpa goýmagy üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Soňra “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlenildi. Bu resminamada atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryndan goramagyň hukuk we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär. Şeýle hem ol ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa hem-de ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almaga degişli meseleleri düzgünleşdirýär.
Deputatlar “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwürde Aşgabadyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhynyň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlyklaryň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň, nurana geljeginiň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň baş şäherinde diňe bir ykbalçözüji çözgütler hem-de jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň toplumy amala aşyrman, eýsem, welaýatlara görelde boýan netijeli işler-de alnyp barylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alada etmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň halkara derejesindäki syýasy, işewürlik, medeni we syýahatçylyk merkezi hökmündäki abraýy hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar.
Sykyş edenler “Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda häzir Türkmenistanda içerki bazarda dürli görnüşli harytlaryň we önümleriň bolçudygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtadylar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň hem-de azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bilen bir hatarda, dokma we azyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, hyzmat hem-de söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda söwda işini alyp barmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de onuň döwlet kadalaşdyrylyşyny, şol sanda lomaý, bölek söwdanyň, jemgyýetçilik iýmitiniň işini kämilleşdirýän kanunyň möhümdigi bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işjeň ara alyp maslahatlaşdylar. Deputatlaryň belleýişleri ýaly, eneligi we çagalygy goramak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn hem-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurldarynyň birine öwrüldi. Bu ýörelge “Saglyk” döwlet maksatnamasynda, maşgala, enelere, çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça giň möçberli durmuş, ykdysady we hukuk çärelerinde öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, ýaşajyk raýatlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezdi we bu babatda uly üstünlikleri gazandy. Hususan-da, bu kanun eneligiň we çagalygyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet kepilliklerini kesgitleýär hem-de çaganyň esasy hukuklarynyň biri bolan – beden we ruhy sagdynlygynyň kemala gelmeginiň şerti hökmünde ene süýdi bilen iýmitlendirilmäge bolan hukugynyň berjaý edilmegini öňe sürýär.
Soňra “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Şu kanun bu wirus sebäpli döreýän keseliň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
Deputatlar “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, ýurdumyzda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginde bu kanunyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň mirasy örän beýik hem-de köp görnüşlidir. Ol şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserlerini, paýtagtymyzyň döwlet muzeýlerinde hem-de welaýatlaryň muzeýlerinde aýawly saklanylýan bahasyz gymmatlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlar mundan ozal gülläp ösen medeniýeti, netijeli söwdasy we ajaýyp senetkärçiligi bolan şäherleriň taryhy ýadygärlikleri arheologik açyşlara garaşýar.
Täze kanun milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, goramak, döredijilikli peýdalanmak, wagyz etmek, äkitmek we getirmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar hem-de türkmen halkynyň özboluşly ruhu-medeni gymmatlyklaryny goramagyň, ösdürmegiň hukuklaryny üpjün edýär. Taryhda adam eli bilen döredilen, şol sanda etniki, arheologik, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki we dini gatnaşyklar babatda ägirt uly medeni gymmatlygy bolan senetleriň, ajaýyp eserleriň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen bu kadalaşdyryjy-hukuknamasy halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine-de ýardam eder.
Maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Mahabat hakynda”, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hem bar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Aziada-2017-niň paýtagtymyzda geçirilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny üpjün eder. Çünki bu giň möçberli çäre dürli ugurlardaky halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, dostluk hem-de işewür hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde we tutuş dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine oňyn täsirini ýetirýär, milli ykdysadyýetimizi, medeni durmuşymyzy we syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge ýardam berýär.
Aşgabatda geçiriljek bäsleşikler Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17 wekiliýetlerini bir ýere jemlär. Dünýäniň 62 döwletinden 5 müňden gowrak türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Biziň ýurdumyza geljek müňlerçe adamlar, şol sanda žurnalistler, sportuň janköýerleri ýokary ruhuň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy bolan Türkmenistan bilen tanşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-niň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda ägirt uly işler alnyp barylýar, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak işlerine giň gerim berildi. Paýtagtymyzda dürli desgalary özünde jemleýän Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýurdumyzyň dünýä derejesindäki belentliklerine tarap ynamly gadamyny alamatlandyrýar. Ýene-de bir ýyldan bu şäherçe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän merkezine öwrüler.
Şeýle hem deputatlar Türkmenistanyň “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet nyşanlary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň birini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmek girizmek hakynda”, “Daýhan hojalygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Geňeş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
“Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy maslahatyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň birine öwrüldi.
Milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan goldap we kabul edip, bu möhüm resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirjekdigine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.