Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda «Miсrosoft» korporasiýasy tarapyndan guralan täzeçil tehnologiýalary peýdalanmak meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.
Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly bilermenler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde, Türkmenistanda daşary ýurtly hünärmеnleriň gatnaşmagynda habar beriş tehnologiýalary boýunça häzirki döwrüň öňdebaryjy usulyýetlerini ornaşdyrmaga ýardam edýän dürli usuly okuw maslahatlaryny geçirmek däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, programma üpjünçiligini taýýarlamakda dünýäde öňdebaryjy orunda durýan “Miсrosoft” korporasiýasynyň iş tejribesi, hyzmatlary teklip etmegiň we täzeçil çözgütleri işläp düzmegiň tärleri bu gün ýurdumyzda döwlet edaralarynda hem-de hususy kompaniýalarda uly islegden peýdalanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary tehnologiýalaryň ösüşiniň ugurlary gyzykly pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda dünýä meşhur kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen «elektron hökümeti» ösdürmäge, şäher hojalygyny we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Çykyş edenler “TürkmenÄlem 52o E” ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy netijesinde habar beriş ulgamynyň ösüşi üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Şeýle hem kiber-howpa garşy hereket etmek üçin ygtyýarnamaly programma önümleriniň ulanylmagynyň meselelerine seredildi. Okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanda täzeçil tehnologiýalaryň düzüminiň ösdürilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça bilelikde işlemegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stol”guraldy.
Maslahat ertir öz işini dowam eder.