Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyny kabul etdi

view-icon 1027
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Daşoguz şäherinde şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine şatdygyny belläp, abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän uly goldawy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň häzirki zaman ýagdaýlaryny hem-de geljegi nazara alyp, Arkalaşygyň çäklerinde netijeli ykdysady we ynsanperwer aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge başlangyçly çemeleşmeleri nygtaldy. Muňa soňky ýyllarda Türkmenistanyň GDA-nyň möhüm duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň ençeme gezek geçirilen ýerine öwrülendigi hem şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklar ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdygyny nygtady. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen özara hereket etmek meselelerinde işjeň orun eýeleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam bermäge meýillidir.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň binýadynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň öňden gelýän gatnaşyklary goýlandyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda, şol sanda şu ýylyň aýagynda Türkmenistanda geçiriljek durnukly ulag ulgamy baradaky dünýä derejesindäki maslahata taýýarlyk görlüşi babatda özara hereket etmegiň mümkinçilikleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşoguz şäherine 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi baradaky meselä hem-de şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň merkezinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns berildi. Şol çäreleriň hatarynda maslahatlar, dürli döredijilik çäreleri, sungat ussatlarynyň konsertleri bar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Arkalaşygyň çäklerinde netijeli ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmäge, dostlukly halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen bu çäreleri guramaga berýän goldawy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň üns bermäge mynasyp bolan iri halkara forumlary, şol sanda medeni forumlary geçirmek babatda uly tejribä eýedigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Mary şäheri—gadymy Merwiň taryhy mirasdüşeri 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip, yglan edildi. Häzir bu hormatly dereje Türkmenistanyň beýleki bir şäheri Daşogza berildi. Bu hem ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly goşandynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň saýlanylmagy tötänleýin däldir, çünki bu sebitiň çäkleri hem täsin taryhy ýadygärliklere baýdyr. Türkmen topragy dünýä ösüşiniň ykrar edilen iň gadymy ojaklarynyň biri bolup durýar we munuň özi dürli ýurtlar bilen netijeli özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat binýat döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň medeniýet we sungat ulgamynda täze döredijilik we ylmy gatnaşyklary ýola goýmakda, mazmunly gatnaşyk etmek we tejribe alyşmak üçin oňat mümkinçilige öwrüljekdigi nygtaldy. Bu ýurdumyzyň myhmanlaryna baý taryhy-medeni miras, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga-da mümkinçilik berer. Şol mirasy we däp-dessurlary öwrenmek, gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty derejesine Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda mynasyp bolandygy bellärliklidir we çuňňur mana eýedir.

Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda, şeýle hem sport ýaly möhum ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine deglip geçildi. Bu babatda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny göz öňünde tutanyňda, oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bu möhüm sport wakasyna depginli taýýarlyk görlüşine ýokary baha berdi. Şeýle taýýarlyk oýunlary üstünlikli geçirmegiň ygtybarly girewi bolup hyzmat edýär.

Myhman pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi we hormatly Prezidentimiziň üsti bilen ähli türkmenistanlylary şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy hem-de durmuşyň ähli ulgamlarynda ýurduň gazanan täsir galdyryjy üstünlikleri bilen mähirli gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hyzmatdaşlygyň köptaraply mümkinçiliginiň durmuşa geçirilmeginiň GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.