Ï Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine, oba zähmetkeşlerine we ýurdumyzyň mähriban halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň merdana suw hojalyk işgärlerine, oba zähmetkeşlerine we ýurdumyzyň mähriban halkyna

view-icon 1105
Eziz watandaşlar! Gadyrly suw hojalyk işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda giňden we dabaraly bellenýän «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we eziz Watanymyzy has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň giden sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem, suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlarboýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir. «Suw - atadyr, ýer - ene», «Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp - il» diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdir. Bu bolsa, türkmen halkynyň ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň beýan edýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda kämil ekerançylyk usullaryny döredip gelen ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ekinleriň bol hasylyny öndürip ýetişdirmek ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler. Muňa türkmen düzleriniň, sähralarynyň, daglyk zolaklarynyň köp ýerlerinde ynsan elleri bilen gurlan we döredilen guýular, kärizler, howdanlar, akabalar, köller, ýaplar we beýleki suw desgalary doly şaýatlyk edýär.

Hormatly suw hojalyk işgärleri!

Suwuň asla ýok ýerlerine hem suw eltmegiň kämil usullaryny oýlap tapan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda biz ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işleri amala aşyrýarys. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys.

Ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça hem öňümizde uly wezipeleri goýduk. Şu wezipelerden ugur alyp, biz «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş Maksatnamany» kabul etdik. Häzirki döwürde bu ugurda tutumly işler amala aşyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap agyz suwy zawodlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we suw serişdeleriniň ýeterlik gorlaryny döretmäge uly ýardam etjek täze howdanlaryň gurluşygy hem-de bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işleri giň gerimler bilen dowam edýär.

Häzirki döwrüň iri desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu köle ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerinde toplanan zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde, şor suw akabalarynyň işleýşi kadalaşýar. Ýerasty suwlarynyň peselmegi bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar. Netijede, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanýar hem-de Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi yzygiderli baýlaşýar.

Dünýäniň in uly çölleriniň biri bolan Garagumuň merkezinde ynsan elleri bilen «Altyn asyr» Turkmen kölüniň döredilmegi dine bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem tutuş Orta Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna we daşky gurşawyň ygtybarly goralmagyna oňyn täsir edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň has-da gözelleşmegi, bagy-bossanlyga öwrülmegi ýurdumyzda suwuň bolçulygynyň hem-de netijeli ulganylmagynyň aýdyň mysalydyr. Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de giň gerimli we tutumly işleri dowam ederis.

Hormatly suw hojalyk işgärleri! Eziz watandaşlar!

Sizi her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenýän «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berekediň çeşmesi bolan bol suwly derýalarymyzyň, köllerimiziň, howdanlarymyzyň lezzetini görüp, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy, janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin!

Goý, eziz Diýarymyzda derýalarymyzyň mele suwy hemişe tolkun atyp dursun! Yyllarymyz bereketli bolup, türkmen topragyna düşen her bir damja suw altyn dänesine öwrülip, mähriban halkymyzyň saçagyna rysgal-döwlet getirsin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow