Ï Türkmenistan–BMG: hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan–BMG: hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi

view-icon 954
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň Aşgabatdaky agentlikleriniň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan resminamanyň taslamasy Ministrler Kabinetiniň 1-nji aprelde bolan mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde 2005-2009-njy we 2010-2015-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamalara laýyklykda, dürli ugurlarda 264 taslama durmuşa geçirildi.

Nobatdaky bäş ýyla niýetlenen täze resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ýubileý sammitiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen durnukly ösüş ýörelgeleri boýunça eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ählumumy ykdysadyýet we energetika, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa, gender deňeçerligi ýaly möhüm ugurlar boýunça birnäçe giň möçberli başlangyçlary, şeýle hem halkara gün tertibiniň beýleki birnäçe meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti BMG bilen özara gatnaşykda birnäçe bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlady.

2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, şeýle hem BMG tarapyndan kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýär we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň bäşisini öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýokary hilli maglumatlar ulgamyny we ösüşiň monitoringini döretmek, milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan durmuş ulgamy, ekologiýa durnuklylygyny we energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak, iş bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetiň, söwdanyň köpugurly esasda ösdürilmegi, dolandyryş hem-de hukuk pudagy bar.

Bu Çarçuwaly maksatnamany Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe iri düzümleri bolan BMGÖM, ÝUNESKO, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Halkara çagalar gaznasy, BMG-niň neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň zenanlar edarasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy we beýleki edaralary bilen bilelikde durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp ugurlardaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň başlangyçlary öňe sürüp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.