Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 994
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki wajyp meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görülmegine degişli meselelere garaldy.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, wideoşekilli göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, dowam edýän gowaça ekişini bellenilen möhletinde hem-de ýokary hilli geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim oba hojalyk tehnikalarynyň orak möwsümine taýýarlygy, kombaýnlary, awtoulag serişdelerini, elewatorlary we ammarlary möwsüme taýýarlap, bu möhüm işi guramaçylykly geçirmek bilen bagly beýleki meseleler barada aýtdy.

Şeýle hem welaýatda milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de ýerlerde bina edilýän dürli ähmiýetli desgalarda işleriň depgini barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişine, şeýle hem oba hojalygynyň jogapkärli möwsüminiň biri bolan galla oragyna taýýarlyk görlüşine degişli guramaçylyk meseleleriniň ählisiniň öz wagtynda çözülmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaýyň şu ýylky garaşylýan hasylynyň neneňsi boljakdygyny gyzyklanyp, häkime kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki gerekli tehnikalaryň, şeýle hem elewatorlaryň we däne saklamak üçin ammarlaryň öz wagtynda doly taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň meselesine degip geçip, durmuş desgalarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň ählisiniň gurluşygynyň hilini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişiniň barşy hem-de galla oragyna taýýarlyk görlüşi we welaýatyň gurluşyk desgalarynda işleriň depgini barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz doly bahaly hasyl almagyň möhüm şerti bolan agrotehniki kadalaryň pugta berjaý edilmelidigine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekip, galla oragyna zerur derejede taýýarlyk görülmegini hem-de ähli düzümleriň sazlaşykly we üznüksiz işiniň ýola goýulmagyny üpjün etmek üçin guramaçylyk meseleleriniň utgaşykly çözülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häkime welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine uly üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitde ýaýbaňlandyrylan işler, şol sanda gowaça ekişi hem-de galla oragyna taýýarlyk bilen bagly alnyp barylýan işler, obada ýaşaýyş-durmuş düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin meýdan işlerini bellenilen tertibe hem-de bildirilýän talaplara laýyklykda guramaçylykly geçirmek meselelerine ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny zerur derejede saklamagyň zerurdygyny hem belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz däne orujy kombaýnlaryň, degişli tehnikalaryň we awtoulaglaryň galla oragyna taýýarlyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine degip geçip, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, bu ugurda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu ugurda bellenilen ähli meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitde işleriň ýagdaýy, oba hojalyk işleri, şol sanda gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işleri, obasenagat toplumynyň öndürijiligini artdyrmak, şeýle hem bina edilýän desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obalary özgertmek boýunça milli maksatnamada, şeýle hem welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň hem-de bugdaý hasylyny ýygnap almagyň ýakynlaşyp gelýän möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, bu jogapkärli oba hojalyk möwsümlerine gatnaşýan ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin hemme zerur çäreleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Soňra maslahatda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki wagtda alnyp barylýan işler, hususan-da, oba hojalyk ulgamyny ösdürmek boýunça işler, gowaça ekişiniň depginlerini artdyrmak, degişli tehnikalary, elewatorlary hem-de gerekli ammarlary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hem-de şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek iri möçberli döredijilik çäresi bolan Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, seýilgähi döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ähli işleri talabalaýyk derejede geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şunda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy talaplaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz galla oragyny, daşalyşyny hem-de ýygnalan bugdaý hasylynyň saklanylyşyny we kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilişini sazlaşykly guramak bilen orak möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerini hem-de sebitiň möhüm gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan gowaça ekişi hem-de jogapkärli oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýazky oba hojalyk işleriniň barşyna gözegçiligiň gowşadylmazlygynyň zerurdygyny nygtap, bellenilen agrotehniki kadalaryň pugta berjaý edilmeginiň ähmiýetine, ekerançylykda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biriniň pagtaçylykdygyny belläp, gymmatly tehniki ekiniň ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmegiň hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda ondan soňky edilmeli idegiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi “ak altynyň” bereketli hasylyny almagyň girewidir.

Milli Liderimiz galla oragy baradaky meselä geçip, orak möwsüminde ulanyljak oba hojalyk we awtomobil tehnikalary, şeýle hem degişli ähli düzümleri taýýarlamak üçin öňünden alada etmek hem-de tabşyrylan bugdaý hasyly üçin kärendeçi gallaçylar bilen özara hasaplaşyklary wagtynda geçirmäge degişli şertleri döretmek boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, abadanlaşdyrmak hem-de şäheriň etraplarynyň çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabady mundan beýläk-de gurmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berildi. Şol taslamalarda dürli ähmiýetli desgalaryň gurulmagy, şol sanda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de paýtagtymyzyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, Aşgabatda alnyp barylýan täze gurluşyklaryň iň ýokary hilini üpjün etmek hem-de olary ulanmaga tabşyrmagyň möhletleriniň berjaý edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak meselesine degip geçip, degişli işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de olaryň gözellik we ekologiýa talaplaryna degerli üns berilmelidigini aýtdy. Şunda hormatly Prezidentimiz adamlaryň ýaşamagy üçin iň amatly şertleri döretmegiň paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň ileri tutulýan wezipeleri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aprel aýyndaky baýramçylyklar mynasybetli dabaralary guramak hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ählihalk dabarasy hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmegiň wajypdygy barada aýtdy hem-de oňa gabatlanylan çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine mähriban Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.