Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

view-icon 1368
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada we şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize görelde bolup, hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda guralan, türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdiren köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy. Bu baýramçylyk sport çäresi milli sagaldyş hereketine saldamly goşant boldy. Şol hereket bolsa soňky ýyllarda ýurdumyzda giň gerime eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen saglygy goraýyş we sport ulgamy Türkmenistanda okgunly ösüşe eýe boldy. Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda hem-de beýleki kabul edilen milli maksatnamalarda öz aýdyň beýanyny tapdy. Paýtagtymyzda we sebitlerde gurlan döwrebap saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, şeýle hem degişli desgalaryň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda sagaldyş çärelerini geçirmek hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, umumybilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary düzülende we gurlanda zerur bolan sport düzüminiň bolmagy hökmany şertdir.


Ilatyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni, sportuň milli we beýleki görnüşlerini giňden wagyz etmek arkaly dürli keselleriň öňüni almak üçin şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän “Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly spartakiada hem-de däbe öwrülen, 5-nji aprelde badalga berlen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän biraýlyk şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň iň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasaty anyk netijeleri berýär – türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, ýurdumyz iri halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň bu abraýly ýaryşlary türkmen paýtagtynda geçirmek baradaky çözgüdi milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekdäki ägirt uly hyzmatlarynyň, halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň hem-de ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Aziada—2017-diniň ýaryşlary Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda geçiriler. Bu şäherjigiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu sport desgalarynyň toplumynda şol ulgamdaky öňdebaryjy gazanylanlar hem-de iň täze tehnologiýalar öz aýdyň beýanyny tapýar. 5-nji maýda—“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň jemleýji gününde Aziada—2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berilmegi bellärliklidir. Oýunlaryň alawy geçiriljek bu özboluşly ýörişiň ugry Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň üstünden geçer.


... Paýtagtymyzda köpçülikleýin sport çäresiniň başlanmagyna ähli zat taýýar edilipdir. Bu çäre ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp künjeginden—Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Çandybil şaýolunyň bir böleginden badalga aldy. Bu ýerden Köpetdagyň etegine hem-de köpsanly täsin desgalary özünde jemleýän ak mermerli türkmen paýtagtyna ajaýyp görnüş açylýar. Bu ýerde hakyky ruhubelentlik we sagdynlyk ýagdaýy emele gelipdir.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar bar. Şeýle hem ýygnananlaryň arasynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de daşary ýurtly işewürler bar.

Bu ýere, köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berilýän ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin minnetdarlyk bildirip hem-de ýygnananlary mähirli mübärekläp, welosipede münýär we köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berýär hem-de ýörişiň başyny çekýär. Ýörişe gatnaşyjylar Çandybil şaýoly boýunça hereket edip başlaýarlar. Milli Liderimiziň yzysüre ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary hem-de çärä gatnaşýan beýleki adamlar welosipedlerde ugraýarlar.

Welosiped sporty dünýäde sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. Ol öz gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Bu jemgyýetiň döredileninden bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzda ösüşiniň başyny başlady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen welosportuň däpleri üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karara gol çekendigini ýatlatmalydyrys. Şol resminama ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.


Welosiped sportunyň bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny bellemelidiris, çünki welosipedde gezelenç etmek adamyň saglygyna hem-de özüni duýuşyna oňyn täsir edýär, ol myşsalary berkitmek, ýüregiň we dem alyş ulgamynyň işleýşini gowulandyrmak üçin örän peýdalydyr. Ine, bu gezek hem ildeşlerimiz milli Liderimiziň welosiped ýörişini geçirmek baradaky başlangyjyna ruhubelentlik bilen seslendiler hem-de köpçülikleýin çärä işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanda ýaşlaryň hem-de uly ýaşlylaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary welosiped sportuny uly höwes bilen özleşdirýärler, sport bilen meşgullanmak we gezelençleri amala aşyrmak üçin örän oňaýly hem-de ekologiýa taýdan amatly ulag serişdesi hökmünde onuň artykmaçlyklaryna mynasyp baha berýärler.

... Baýramçylyk welosiped ýörişi barha bat alyp, Çandybil şaýoly, soňra bolsa Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça dowam edýär. Welosiped ýörişiniň dowamynda şaýollaryň ugrunda döredijilik we folklor toparlarynyň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär. Munuň özi bu ajaýyp baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy.

Welosiped ýörişleri dünýäniň döwletleriniň köpüsinde baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan örän ähmiýetli we giňden ýaýran çäreleriň bir görnüşidir. Biziň ýurdumyzda hem şeýle çäreler ilatymyzyň giňden gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýär.

Ildeşlerimiziň ählisi ýaly, ýaş türkmenistanlylar hem döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, milli Liderimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny gyzgyn goldaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany, beden taýdan sagdyn hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe—sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeler sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Işiniň örän köpdügine garamazdan, hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapýandygy, bu endigiň çagalyk döwründen, mekdep ýyllaryndan dowam edip gelýändigi hemmämize mälimdir. Milli Liderimiz baryp ýaşlyk ýyllarynda dürli ýaryşlara gatnaşyp hem-de ýokary netijelere we ýeňişlere eýe bolup, bedenini taplady. Häzirki döwürde hem döwlet Baştutanymyz diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy däl, eýsem ajaýyp türgen bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, özüniň sport ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär.

Şeýlelikde, saglyk we sport bir bitewi düşünjelerdir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport – bu güýç-kuwwatyň, gözelligiň, sazlaşygyň hem-de täze belentliklere tarap ymtylmagyň aýdyň beýanydyr. Sportuň adamyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi gürrüňsizdir. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglyga oňyn täsir etmek bilen, adamda tutanýerliligi, maksada okgunlylygy we zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar. Sport ýaşaýyş –durmuşyň hilini has gowulandyrmaga, adamyň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna hem-de onuň saýlap alan hünärinde uly üstünlikleri gazanmagyna ýardam etmäge ukyplydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak uly abraýa eýe bolýar. Özi-de, Türkmenistanda däp bolan sportuň görnüşleri bilen birlikde, onuň beýleki görnüşleri, şol sanda gyşky we suw görnüşleri hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Munuň üçin ähli şertler döredilýär. Şunlukda, sport ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň nyşany hökmünde beýleki durmuş özgertmeleri üçin hem hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokary hünärli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi, bu ulgamda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy aýdyň netijeleri berýär. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlaryna, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp, gazanýan medallarynyň we ýeňişleriniň sanyny ýylsaýyn artdyrýarlar.

Mysal üçin, geçen ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti altyn medallaryň 22-si bilen ýetirilen bolsa, 2016-njy ýylyň degişli döwründe altyn medallaryň 36-sy, şeýle hem kümüş medallaryň 21-si we bürünç medallaryň 27-si gazanyldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi biziň türgenlerimiz üçin ussatlygyň mekdebi we ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen sporty täze belentliklere galdy.

Köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça sazlaşykly hereketi dowam edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ugur aldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk meýdançasyna welosipedli barýar, bu ýerde Döwlet münberi ýerleşýär. Şol ýerde Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi tamamlanýar.

Milli Liderimizi hem-de sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini il sylagly ýaşulular, çagalar we ýaşlar, köpsanly aşgabatlylar mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz münberiň golaýynda saklanyp, meýdançadaky baýramçylyk dabarasyna syn edýär, şol ýerde ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele gelýär.

Bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli döredijilik sowgatlaryny taýýarlan talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk özboluşly welosipedli gözden geçiriliş bilen dowam etdirildi, oňa dürli kysymly welosipedlere erk edýän türgenler, şol sanda Olimpiýa sport mekdebinde tälim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Döwlet münberiniň öňünden milli we sport lybasly hem-de meýletinçileriň lybasyndaky ýaş welosipedçiler geçýärler. Welosipedlerde sirk maşklaryny ýerine ýetirýän ussatlar hem özleriniň çalasynlygyny we başarnygyny görkezýärler. Sport ýaryşyna gatnaşyjylaryň arasynda baýdak göteriji welosipedçiler, welosipedlerde “2017—lik” sanyň—Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýylynyň şekilini ussatlyk bilen şekillendiren türgenler hem bar.

Şunuň bilen baglylykda, Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň hatarynda welosportuň hem (trek) bardygy bellärliklidir. Sportuň bu ajaýyp görnüşi boýunça ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynyň birinde – üsti ýapyk welotrekde geçiriler. Onuň welosiped ýodajygy ähli babatda degişli halkara ölçeglerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler iri halkara ýaryşlaryny we bäsleşikleri, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrek 6 müň orunlykdyr. Şol orunlar bolsa janköýerleriň ýaryşlara göwnejaý tomaşa etmegini üpjün edýär. Desgada zerur bolan düzümleriň ählisi göz öňünde tutuldy. Munuň özi türgenler we bu ýerde işleýän işgärler hem-de welosiped sportunyň janköýerleri üçin oňaýly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp we hemmeleri ýene-de bir gezek Bütindünýä saglyk güni bilen mähirli gutlap, bu ýerden ugrady.

Garaşsyzlyk meýdançasynda baýramçylyk welosiped ýörişi dowam edip, ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň gözbaşy bolan sportuň egsilmez güýç-kuwwatyny beýan etdi.

Şu gün köpçülikleýin welosiped ýörişleri welaýat merkezleriniň ählisinde hem guraldy. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzda we sebitlerde şanly sene mynasybetli dürli sport we medeni çäreler geçirildi. Baýramçylyk maksatnamasynda Aşgabatda sportuň suw görnüşleri we figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary hem bar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tarapyndan hem çäreleriň birnäçesi guraldy.