Ï TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiniň mejlisi

view-icon 759
Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan esasy gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijisiniň gurluşygyna geçen ýylyň dekabrynda badalga berildi. Mary welaýatynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň hem-de Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmagy bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygynyň abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanylmagy bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny görkezýär. Munuň özi biziň ýurdumyza islendik ugur boýunça, şol sanda TOPH ugry boýunça “mawy ýangyjyň” uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

“Galkynyş” iri gaz käni onuň serişdeler binýady bolar. Meşhur britan kompaniýasynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri boýunça bu käniň gorlary tebigy gazyň 26 trillion 200 milliard kub metrine barabardyr. Munuň özi aňryçäk däldir, çünki, gözleg-barlag işleri dowam edýär.

Şu gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisiniň esasy meseleleriniň biri “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň maýa goýum şertnamasyny ylalaşmagy bilen baglanyşykly boldy. Konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

Taslama gatnaşyjylar hem-de onuň Tranzaksion geňeşçisi tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýygnananlar şeýle hem taslamanyň hukuk we tehniki taraplary bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ylalaşdylar we çözdüler.

Duşuşyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany çalt durmuşa geçirmäge hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge gönükdirilen ylalaşyklar boýunça beýleki birnäçe meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamanyň ilerledilmeginde möhüm tapgyry alamatlandyran maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi. Ylalaşykda turbageçiriji taslamanyň indiki tapgyryny maliýeleşdirmek maksady bilen, TOPH-nyň paýdarlary tarapyndan ilkibaşda umumy möçberi ABŞ-nyň 200 million dollaryndan gowrak bolan serişdäniň goýulmagy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, gazanylan ylalaşyk taraplaryň gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge meýillidiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu taslama ahyrky netijede dünýäde energiýa serişdelerini uly möçberde iberijileriň birini Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrmalydyr. Energiýa serişdelerine bolan islegler barha artýar we häzirki wagtda onuň ýetmezçiligi duýulýar.

Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda “mawy ýangyja” bolan islegleri kanagatlandyryp biler. Şol ýurtlarda 2030-njy ýyla çenli islegler iki esse artyp biler. Mundan başga-da, ol üstaşyr ýurt bolan Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Bangladeş hem bu taslama öz gyzyklanmasyny beýan etdi. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar hem-de ony tankerler arkaly daşaýar.

Mundan başga-da, mejlisde nobatdaky duşuşyklaryň tertibi ylalaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Ýolbaşçy komitetiň mejlisine gatnaşyjylar TOPH taslamasyny ilerletmekde öňegidişlikleriň gazanylandygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ägirt uly taslamany çalt durmuşa geçirmäge gönükdirilen uly tagallalaryny nygtadylar hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň howandarlygynda täsirli guraly döretmek baradaky halkara başlangyçlaryny goldadylar. Şol gural bolsa energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlarynda hem-de iri möçberli halkara energetika taslamalarynda öz aýdyň beýanyny tapýar. TOPH taslamasy hem şolaryň biri bolup durýar.

Bu taslama dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilýär. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Gaz geçirijiniň 214 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde gurlar, soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta hem-de Multan şäherleriniň üstünden geçer we Hindistanyň Fazilka diýen ilatly ýerine baryp ýeter. Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýy dörediler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Täze gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ony, şol sanda kömekçi ýerüsti düzümi 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.