Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onda milli Liderimiz ýaş nesliň öňünde möhüm, jogapkärli we anyk wezipeleri goýdy, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýasy babatda işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, onuň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşlaryň çagyrylandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň V gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de olara we maslahata gatnaşyjylaryň üsti bilen ýurdumyzyň ýaşlaryna berk jan saglyk, abadan we bagtly durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, täze belent sepgitlere ýetmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, maslahatyň açylandygyny yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prezidiumyň agzalaryny özleri üçin bellenen ýerlere geçmäge çagyrýar.
Maslahatyň gün tertibine geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň wekillerine çykyş etmäge söz berýär.
Ilki bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Atamyrat Ataýewe söz berildi.
Ol Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlarynyň maslahatynyň geçirilmeginiň çuňňur mana eýe bolup, her birimize ýakymly pursatlary eçilýändigini belledi. A.Ataýew ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşyndaky möhüm wakanyň şaýady bolmagyň uly bagtdygyny nygtady.
Ol döwlet Baştutanymyzy häzirki beýik taryhy döwürde ähli ugurlar boýunça güýçli depginler bilen ösýän eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň her bir gününi şöhratly ýeňişlere beslemekde ýaşlaryň mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Häzir Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmäge uly üns berilýär diýip, ol sözüni dowam etdi. Azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Bagtyýarlyk döwrüniň obasenagat pudagynda täze döredilen kärhanalar ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge uly goşant goşýar. Bu kämil kärhanalarda diňe bir içerki bazarymyz üçin däl-de, eýsem, halkara bazarlaryna eksport etmek üçin niýetlenen bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümler öndürilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda diýarymyzda oba hojalyk pudagy ösüşiň täze belentliklerine ýetendigi bellenildi. Oba hojalyk önümçiligine häzirki zaman ylmynyň gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar, kuwwatly, kämil daşary ýurt tehnikalary hem-de enjamlary ýurdumyza yzygiderli getirilýär. Babadaýhanlarymyz ýer, suw, dökünleriň dürli görnüşleri, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Kärendeçileriň ýetişdirip, döwlete tabşyran önümleri üçin günübirin hasaplaşyk geçirilýär.
Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň, daýhanlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Bularyň ählisi bolsa babadaýhanlarymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň döredijilikli zähmete, bol hasyl öndürmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.
Türkmenistanda gurlup, ulanylmaga berlen zawod-fabrikler, kärhanalar berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokary göterýär, Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam edýär.
Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramaçysy döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda» oba ýaşlary bilen baglanyşykly wezipeleriň goýulmagynyň oba hojalyk işgärleriniň, hünärmenleriň bilimini, ukyp-başarnyklaryny, yhlasyny ene topraga siňdirip, täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn belledi.
A.Ataýew mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba ýaşlarynyň adyndan köp sagbolsun aýdyp, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de “Arkadag hem Watan goşa ganatym, Arkadaga şöhrat! Watana şöhrat!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi.
Soňra Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň «Awaza» çagalar tans toparynyň çeper ýolbaşçysy G.Saparowa söz berildi.
Ol 2016-njy ýylyň Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, munuň döwlet Baştutanymyzyň medeni mirasy dikeltmek, gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek boýunça öňe sürýän wezipeleriniň wajypdygyny belläp, medeniýet we sungat ulgamyna berýän uly ünsi üçin milli Liderimize hoşalyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň goldawy we başlangyjy netijesinde milli medeniýetimiz uly ösüşlere eýe bolýar.
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Watandaşlarymyzyň, şol sanda ýaşlaryň alyp barýan işlerindäki üstünlikleri mynasyp baha eýe bolýar, olara hormatly atlar dakylýar, döwlet sylaglary gowşurylýar.
Çagalar toparynyň ýolbaşçysy öz duýgularyny goşgy setirleri bilen dowam edip, soňra milletimiziň döredijilik kuwwatyny hem-de ruhy gymmatlyklaryny artdyrmak, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän medeni maksatly ajaýyp desgalary bina etmek üçin hemme şertleriň döredilmeginiň türkmen medeniýetini we sungatyny has-da ösdürmäge giň ýol açýandygyny belledi. Täze medeniýet öýleri, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar milli Liderimiziň halkymyzyň iň gowy döredijilik däpleriniň we medeni gymmatlygynyň nesilden-nesle geçirilmegi baradaky uly aladasynyň subutnamasydyr.
2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty, Daşogzuň bolsa 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň netijeliliginiň halkara ykrarnamasydyr.
Paýtagtymyzda metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi neşirýat işini täze belentlige çykardy, aragatnaşygyň milli emeli hemrasynyň uçurylmagy teleradiogepleşikleriniň hilini ýokarlandyrmaga hem-de dünýäde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky üstünliklerini has giňden görkezmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle hem medeniýet işgärleriniň döwlet Baştutanymyzyň beýleki ýurtlara sapary mahaly hökümet wekiliýetleriniň düzümine goşulýandygy bellenildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günleriniň gerimi giňelýär, daşary ýurtly artistler hem-de sungat ussatlary ýurdumyzda öz halklarynyň medeniýetini görkezýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza - dostluk mekany” atly halkara festiwaly geçirilip, oňa däp boýunça dünýäniň dürli künjeklerinden aýdymçylar we döredijilik toparlary ýygnanýar. Festiwallar, Medeniýet günleri we Medeniýet hepdelikleri tejribe alyşmaga, halklaryň arasynda dostlugyň özara baýlaşmagyna we berkemegine ýardam edýär.
G.Saparowa öz köpsanly kärdeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hemmetaraplaýyn aladasyna jogap edip, medeniýet işgärleriniň Watanymyzyň abraýyny artdyrmaga hem-de türkmen medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga ähli bilimlerini we başarnyklaryny, güýçlerini hem-de ylhamlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň ýol gurluşyk bölüminiň iş öndürijisi A.Huseýinowa söz berildi.
Mähriban Prezidentimiziň halkymyzyň, ata Watanymyzyň bähbidine ýugrulan, dünýä halklarynyň agzybirligine, dost-doganlygyna gönükdirilen ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgesinden gözbaş alýan içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi diýip, ýaş işçi buýsançly belledi. Ýurdumyzyň ummasyz tebigy baýlyklarynyň ykdysadyýetiň ösmegine gönükdirilmegi, ylmy taýdan esaslandyrylan ösüşiň türkmen ýolunyň saýlanyp alynmagy, şu esasda ýurdumyzyň çar künjünde kuwwatly, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan desgalaryň, zawod-fabrikleriň gurulmagy ykdysady ösüşleriň esasyny kesgitlese, gurulýan medeni- durmuş maksatly binalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýar. Türkmenistan Aziýa we Ýewropa yklymynyň çatrygynda ýerleşip, geosyýasy taýdan yklymda amatly orny eýeleýär.
Ýurdumyzda gurulýan demir we awtomobil ýollar Türkmenistany Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birikdirýän döwlete öwürdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzdan çar tarapa uzap gidýän ýollar döwletimiziň dostlukly gollary bolup, olar doganlyk haklaryň kalbyna tarap uzaýar diýip, A.Huseýinow belledi.
Dünýä ölçeglerinden ugur alnyp, tutuş Türkmenistanyň çäginden Aşgabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Farap awtomobil ýollary çekilýär we olaryň ugrunda inženerçilik desgalaryň onlarçasy köpugurly, bölüji zolakly döwrebap aýlawly ýollar we köprüler gurulýar. Bu desgalar bolsa ýollaryň gatnawyny sazlaşdyrmaga mümkinçilik berer hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün eder. Ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalar entek şeýle giň gerimde amala aşyrylmandy.
Ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýaşlaryň hyjuwdan doly kalbyny buýsançdan doldurýar. Çünki bu maksatnama ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýar. Ol zähmetsöýer, sowatly, bilimli, watansöýüji nesilleri, milli Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak oglanlary we gyzlary terbiýelemäge gönükdirilendir.
A.Huseýinow milli Liderimize Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara işlemäge, döretmäge berýän goldawy üçin ýurdumyzyň ýaş gurluşykçylarynyň adyndan alkyş sözlerini aýtdy.
Ol ýaş türkmenistanlylaryň ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň milli Liderimiziň ata Watanymyza we türkmen halkyna siňdirýän mähir-yhlasy bilen üznüksiz baglydygyna tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belledi.
Soňra maslahatyň münberine Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ş.Orazowa çykdy.
Ol bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurdy bolan Watanymyzda ýaşlar barada edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler barada nygtap, ýaşlaryň özleri baradaky aladany her ädimde duýup ýaşaýandygyny aýtdy. Ş.Orazowa "Ata Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyza baglydyr" diýýän Gahryman Arkadagly ýurduň ýaşlarydygymyza buýsanýarys diýdi.
Döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladalar ajaýyp miwesini berýär. Munuň şeýledigine watandaşlarymyzyň ylym-bilim we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem doly şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň bereketli topragymyzdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlar gerek bolan tehnikalar, dökün, suw bilen doly üpjün edilýär. Ýaş daýhanlary yhlasly işe höweslendirmek maksadynda “Ýylyň mehanizatory", "Bagtyýarlyk döwrüniň ökde kärendeçisi", "Ýüwrük eller" ýaly bäsleşikler geçirilýär, oňa ýaşlar işjeň gatnaşýar.
Şeýle-de oba ýaşlary işiniň daşyndan ene-mamalarymyzdan galan el işleri bilen meşgullanýar. Ş.Orazowa öz sözlerini eli çeper gyz-gelinler baradaky paýhasly setirler bilen dowam etdi.
Ş.Orazowa hormatly Prezidentimiziň daýhanlar barada edýän hemmetaraplaýyn aladasynyň özlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygyny aýdyp, ýaşlaryň geljekde hem eziz Watanymyzyň ägirt uly özgertmelerine mynasyp goşant goşjakdygyny ynandyrdy. Ol milli Liderimize kalbymyzyň aýdymy, dilimiziň senasy bolan eziz Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadan durmuşda asuda ýaşamagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra sahna şu günki çykyş edenleriň iň ýaşkiçisi — Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy A.Godorow çykýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Biz bagtyýar çagalar, sebäbi biz iň islegli arzuwlarymyzyň hasyl bolýan ajaýyp ülkesinde- eziz Arkadagly Diýarda ýaşaýarys diýip, 10-njy synp okuwçysy öz deň-duşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize we maslahata gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendi.
Ýetginjek milli Liderimiziň ösüp barýan ýaş nesliň ýokary derejeli bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda edýän bimöçber aladasyny mekdep okuwçylarynyň hemişe duýýandyklaryny aýtdy.
Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim ojaklarynda ýokary hilli bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, Gökderedäki, Awazadaky we welaýatlardaky häzirkizaman çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almagy, halkara ders olimpiadalaryna, döredijilik bäsleşiklerine we sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, zehin başarnyklaryny görkezip, Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parlatmaga üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem ähli mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýärler.
Bu gün orta bilim alan okuwçylaryň her biri, durmuşa taýýar ýaşlardyr. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, ykdysadyýetiň esaslary, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika, ekologiýa dersleriniň girizilmegi giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, ruhubelent ýaş nesliň kemala gelmegine, jemgyýetçilik işjeňliginiň artmagyna ýardam berýär.
Mekdep okuwçylary mähriban Arkadagymyzyň dil öwrenmegiň zerurdygy baradaky sargytlaryna eýerip, daşary ýurt dillerini ürç edip öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdi bilen, orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna öňden öwrenilip gelinýän daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, hytaý we ýapon dilleriniň girizilmegi mekdep okuwçylarynyň öňünde geljekde saýlap-seçmäge has giň mümkinçilik berýär.
Maslahat Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby A.Ýagşymyradowanyň çykyşy bilen dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasaty ýurdumyzyň beýik geljegini kesgitleýän ynsanperwer syýasatdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine ýetirmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, mekdebe çenli çagalar, umumybilim, başlangyç, orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda bilimiň ýokary derejede bolmagy parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň röwşen ýolundan bedew bady bilen okgunly öňe barýan döwletimizde bagtyýar durmuşyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Ýaşlar eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly bolmak bilen, bu atalyk alada joşgunly zähmetleri bilen jogap berýärler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan, dünýä tejribesinden ugur almak bilen, Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçildi. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň aýlyk we talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalary hem neşir edilýär, şäherdir obalarymyzda döwrebap enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik edaralary gurulýar.
Bularyň ählisi ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça ökde, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, "Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir". Bu ugurda halkara gatnaşyklary hem ýola goýlup, olar has-da ösdürilýär. Zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda döwlet ylalaşyklarynyň esasynda türkmen talyplary daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyz üçin zerur bolan bilimlere eýe bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň "Sagdyn bedende — sagdyn ruh" diýen ýörelgesine eýerýän, ýaşlar sagdynlygy durmuş ýörelgesine öwürdi, halkara ýaryşlarynda, barha golaýlaşyp gelýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda dine ýeňiş gazanmak hyjuwy bilen ýaşaýarlar.
A.Ýagşymyradowa parahat durmuşda işlemäge, okamaga, öwrenmäge, döretmäge, hünär saýlamaga döredilýän mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we täze üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny “Arkadagyň bu sözleri biziň dillerimize dessan, Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen buýsançly sözler bilen jemledi.
Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Babaýewe söz berilýär.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň her güni bagtyýar durmuşymyza egsilmez buýsanç döredýän şanly wakalara baýdyr. 2016-njy ýylyň 6-njy apreli hem eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriň hataryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýe almagy, ylym-bilim öwrenmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ýaşlara ähli şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky V gurultaýyna iberen gutlagy gymmatly maslahatlaryňyz, sargytlaryňyz, ýokary watançylyk ruhunda geçirilen gurultaýyň delegatlarynda uly ruhubelentlik döretdi. S. Babaýew Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, bütin dünýäde abraý-mertebesiniň belende galmagynyň bähbidine yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edip, çäksiz hoşallyk bildirdi.
Soňra Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidentine uly hormat bilen söz berilýändigini yglan etdi.
Milli Liderimiz münbere çykyp we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip söz sözledi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýaşlaryň orny bilen gönüden-göni bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge degişli wezipeler bilen tanyşdyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna biz örän uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzyň obalaryny, şäherçelerini we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyna siziň ähliňiz şaýat bolup durýarsyňyz. Örän oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň güýçli depginler bilen gurulýandygyny, ýol gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görýärsiňiz. Häzirki döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan iri senagat toplumlarynyň döredilýändigini bilýärsiňiz.
Ata Watanymyzda amala aşyrylýan bu düýpli özgertmeler berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkidýär, onuň kuwwatyny artdyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegi üpjün edýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň at-abraýy dünýäde barha ýokarlanýar. Sebäbi, berkarar döwletimiz bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Ýer ýüzüniň döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, parahatçylygy dörediji merkez hökmünde barha giňden tanalýar. Parahatçylygy üpjün etmäge, halklaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ekologiýany gowulandyrmaga gönükdirilen örän möhüm başlangyçlary öňe sürýär we üstünlikli durmuşa geçirýär.
Biziň ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris. Berkarar döwletimizi we agzybir jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirýäris. Bu bolsa, biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýar.
Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmatyny, olaryň kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ýaşlaryň Berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köp ugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýandyklaryna ýokary baha berdi.
Häzirki döwürde biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýäris. Şunuň bilen bagly, öňde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmekde ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine daýanýarys. Şeýle hem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça ýaşlarymyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny giňden goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk we hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýandygyny aýratyn belledi. Bu syýasat biziň ýaşlarymyza hukuk, ykdysady we guramaçylyk babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri üçin, şeýle hem olaryň jemgyýetçilik birleşiklerini ösdürmek we goldamak üçin zerur bolan döwlet kepillendirmelerini üpjün etmekden ybaratdyr.
Garaşsyz döwletimiziň geljegi ýaşlaryň bagtyýarlygy we hemmetaraplaýyn ösmegi bilen berk baglydyr. Biziň merdana ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we at-abraýydyr! Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk we durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi.
Şu maksat bilen, Garaşsyz Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösen, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasat bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk namalary we ýörite halkara resminamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek üçin has amatly şertleri döretmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şundan ugur alnyp, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy kabul edildi. Şeýle hem, bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.
Bu resminamalarda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri we sagdyn durmuş kadalary esasynda, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek wezipeleri goýulýar.
Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Ol ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimizde ýaş raýatlaryň ýokary hilli bilim almagy, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär diýip belledi. Ýaş maşgalalara berilýän durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Sebäbi, maşgala ilkinji terbiýe mekdebidir.
Türkmenistan — bilimler ýurdudyr. Ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, Watanymyzyň bilim binýadyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlara okajak mekdebini, dilini, bilim almagyň ugruny we görnüşini seçip almaga doly hukuk berilýär. Biziň ýurdumyzda bilim ýaşlar üçin elýeterli we mugtdur diýip, milli Liderimiz aýratyn belledi.
Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ykdysady taýdan özbaşdaklyk we ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak — ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr.
Türkmenistanyň ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň arasynda ýaşlar syýasaty, medeniýet, ylym-bilim, syýahatçylyk, sport babatdaky tejribäni ösdürmäge we alyşmaga ýardam edýän halkara ýaşlar saparlaryny guramaga hem-de geçirmäge Garaşsyz döwletimiz hemişe goldaw berýär.
Ýaşlarymyza berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr.
Bilim biziň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan we nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň we tejribäniň çeşmesidir diýip, milli Liderimiz Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri netijeli taýýarlamagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Öňde duran bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri öwredýän fakultetler we kafedralar açylýar. Gerek bolan ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin, türkmen ýaşlary halkara şertnamalary esasynda daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ylmy ösdürmek meseleleri barada hem durup geçdi. Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy açyşlar, innowasion tejribe, ylmy-inženerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra milli Liderimiz sport we sagdyn durmuş ýörelgesi ýaly möhüm ugruň üstünde durup geçdi. Gadymy döwürlerden bäri biziň halkymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge örän möhüm ähmiýet beripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz müňýyllyklardan gaýdýan bu däpleri mynasyp dowam edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bedenterbiýe bilen sporty jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýarys. Berk bedenli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, watançylyk, eziz Diýarymyza we merdana halkymyza söýgi hem-de wepalylyk, dost-doganlyk däplerine ygrarlylyk, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, zähmete we sporta döredijilikli garamak ruhunda terbiýelemek biziň esasy maksadymyz bolup durýar.
Biz bu ugurda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris, toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň görküne-görk goşýan sport hem-de atçylyk-sport toplumlaryny, stadionlary, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini we sagaldyş merkezlerini ýokary depginler bilen gurýarys hem-de ulanmaga berýäris.
“Adamyň sarpasy we mertebesi onuň çekýän zähmetine görä kesgitlenýär. Şoňa görä-de, zähmetsöýerlik biziň halkymyzyň we jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň durmuş kadasy, abadançylygyň we bagtyýarlygyň girewi bolup durýar” diýip, milli Liderimiz ýaşlara sargyt etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, “Bilim almak we döredijilikli zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna barha kämilleşmek, başarnykly we tutanýerli bolmak siziň öňüňizde duran esasy wezipelerdir!” diýip, sargyt etdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda hemmelere tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, abadan, bagtyýar we parahat durmuş, ata Watanymyz – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň işine gatnaşandyklary üçin bu ýere ýygnananlara minnetdarlyk bildirdi we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, milli Liderimiz şu gün ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde durýan jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wezipeleri anyk kesgitledi.