Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda sözlän sözi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda sözlän sözi

view-icon 935
Hormatly ýigitler we gyzlar!
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!


Men Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda siziň bilen duşuşmagy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýaşlaryň orny bilen gönüden-göni bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasapladym. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge degişli wezipeler bilen sizi tanyşdyrmak isleýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna biz örän uly ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň obalaryny, şäherçelerini we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyna siziň ähliňiz şaýat bolup durýarsyňyz. Örän oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň güýçli depginler bilen gurulýandygyny, ýol gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görýärsiňiz.

Häzirki döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan iri senagat toplumlarynyň döredilýändigini bilýärsiňiz. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan bu düýpli özgertmeler berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkidýär, onuň kuwwatyny artdyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegi üpjün edýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär.

Biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň at-abraýy dünýäde barha ýokarlanýar. Sebäbi, berkarar döwletimiz bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Ýer ýüzüniň döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, parahatçylygy dörediji merkez hökmünde barha giňden tanalýar. Parahatçylygy üpjün etmäge, halklaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ekologiýany gowulandyrmaga gönükdirilen örän möhüm başlangyçlary öňe sürýär we üstünlikli durmuşa geçirýär.

Biziň ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris.

Berkarar döwletimizi we agzybir jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirýäris. Bu bolsa, biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýar.

Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr.

Biziň ýaşlarymyza watansöýüjilik we zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk häsiýetleri ýokary derejede mahsusdyr.

Merdana ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ynamly we netijeli zähmet çekýärler. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar. Berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Biz ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimizi ösdürmäge, döwrebap ýagdaýa getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryna ýokary baha berýäris.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köp ugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere olaryň uly goşant goşýandyklaryna guwanýarys.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýäris. Şunuň bilen bagly, öňde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmekde ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine daýanýarys. Şeýle hem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça ýaşlarymyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny giňden goldaýarys.

Garaşsyz döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk we hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýandygyny men aýratyn bellemek isleýärin. Bu çäreler ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga niýetlenendir. Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasaty biziň ýaşlarymyza hukuk, ykdysady we guramaçylyk babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri üçin, şeýle hem olaryň jemgyýetçilik birleşiklerini ösdürmek we goldamak üçin zerur bolan döwlet kepillendirmelerini üpjün etmekden ybaratdyr.

Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgidir. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Şoňa görä-de, mähriban halkymyzyň ajaýyp, nusgalyk häsiýetlerini özünde jemleýän, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Biz merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaş raýatlarymyzy ruhy-ahlak, medeni-aňyýet we beden taýdan sagdyn adamlar edip terbiýelemek üçin uly alada edýäris.

Olaryň ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk we durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şu maksat bilen, Garaşsyz döwletimizde hemmetaraplaýyn ösen, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasat bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk namalary we ýörite halkara resminamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek üçin has amatly şertleri döretmek zerur bolup durýar. Şundan ugur alnyp, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy kabul edildi. Şeýle hem, bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Bu resminamalarda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri we sagdyn durmuş kadalary esasynda, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek wezipeleri goýulýar.

Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar. Şoňa görä-de, döwlet edaralary bilen bilelikde Ýaşlar guramasy şu toplumlaýyn wezipeleri çözmäge we üstünlikli ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr, ýagny:

-ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge;

-sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga;

-ýaş nesli watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge çalyşmalydyr;

-döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, ýaşlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny utgaşdyrmaga;

-ýaş maşgalalary goldamaga;

-Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýokary hem-de orta hünär mekdeplerini tamamlan ýaşlary iş bilen üpjün etmäge;

-ýaşlary işe ýerleşdirmegi gowulandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işleriň görnüşlerini we iş ýerlerini döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaga çalyşmalydyr;

-ylym we bilim edaralarynda ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmäge;

-ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga;

-ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň mirasyny we däp-dessurlaryny wagyz etmek hem-de düşündirmek boýunça anyk maksada gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga;

-ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda döredijilik festiwallaryny geçirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga çalyşmalydyr;

-mümkinçiligi çäkli ýaşlar bilen işlemäge niýetlenen bilim edaralaryny degişli hünärmenler we tälimçiler bilen üpjün etmäge, sagaldyş, bedenterbiýe we sport çärelerini guramaga;

-telekeçilige degişli resminamalary alyp barmagy, telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlara bu işi öwretmek boýunça okuwlary geçirmegiň meýilnamalaryny işläp düzmäge;

-ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň ýaşlara elýeterli bolmagyna gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge hem-de bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge;

-milli medeni mirasymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, döredijilik festiwallaryny we baýramçylyklaryny geçirmäge, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirlikleri bilen bilelikde ýaşlar folklor toparlaryny döretmäge çalyşmalydyr;

-ýaş harby gullukçylaryň we hünärmenleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam bermäge;

-ylym we tehnologiýalar babatda täze usullary we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy-barlag taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de bu hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge;

-ylmy barlaglary amala aşyrmaga ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri höweslendirmäge, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşdyrmaga, ikitaraplaýyn alyşmalary ýola goýmaga, ýaşlary bilelikdäki ylmy taslamalaryň amala aşyrylmagyna çekmäge çalyşmalydyr;

-ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini döretmäge;

-ýaş raýatlara saglygyny goramakda we howply keselleriň öňüni almakda goldaw bermäge;

-ýaşlaryň arasynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmäge, agzybirligi, jebisligi we ylalaşygy berkitmäge, ýaşlaryň bilimlerini döwletimizi ösdürmek üçin gönükdirmäge çalyşmalydyr.

Bu möhüm işleri amala aşyrmak boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biz, ilkinji nobatda, döwlet, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň, şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň özara hyzmatdaşlygynyň netijeli bolmagyny gazanmalydyrys.

Garaşsyz döwletimizde ýaş raýatlaryň ýokary hilli bilim almagy, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş maşgalalara berilýän durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Sebäbi, maşgala ilkinji terbiýe mekdebidir. Eziz Watanymyz bilimler ýurdudyr. Ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, Watanymyzyň bilim binýadyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlara okajak mekdebini, dilini, bilim almagyň ugruny we görnüşini seçip almaga doly hukuk berilýär. Biziň ýurdumyzda bilimiň ýaşlar üçin elýeterli we mugtdygyny aýratyn bellemek isleýärin!

Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ykdysady taýdan özbaşdaklyk we ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak – ýaşlar baradaky syýasatymyzyň esasy maksatlarydyr. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň arasynda ýaşlar syýasaty, medeniýet, ylym-bilim, syýahatçylyk, sport babatdaky tejribäni ösdürmäge we alyşmaga ýardam edýän halkara ýaşlar saparlaryny guramaga hem-de geçirmäge Garaşsyz döwletimiz hemişe goldaw berýär. Şeýle hem, beýleki ugurlarda dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Ýaşlarymyza berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýar. Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr. Bilim biziň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan we nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň we tejribäniň çeşmesidir.

Şonuň üçin hem, biziň ata Watanymyzy özgertmek boýunça alyp barýan işlerimiziň esasy maksady ýokary ahlakly, giň düşünjeli, iň kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Şu maksatdan ugur alyp, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri netijeli taýýarlamagy dowam etmeli.

Öňde duran bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri öwredýän fakultetler we kafedralar açylýar. Gerek bolan ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin, biziň ýaşlarymyz halkara şertnamalary esasynda daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar.

Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bagtyýar durmuşyň hem-de beýik geljegiň, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşiň hatyrasyna ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada döwletimiz hemişe uly alada edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy. Bu bilim-terbiýeçilik edaralary häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. Bu işler häzir hem üstünlikli dowam edýär.

Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy açyşlar, innowasion tejribe, ylmy-inženerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologiki ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, giň dünýägaraýyşly, ylym ulgamyny täze derejä çykarmaga ukyby bolan gujur-gaýratly, döredijilikli işleýän ýaşlary ýetişdirmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, ýaş alymlary maddy taýdan goldamak, olaryň ylmy-barlaglaryny we taslamalaryny maliýeleşdirmek häzirki döwürde ylym ulgamynyň öňünde durýan örän möhüm wezipelerdir. Bu ugurda ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribäni özleşdirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleri netijeli alyp barmak üçin doly mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi, biz bilim almak, ylym öwrenmek bilen durmuşa buýsançly gadam basmagyň bagtyýar ýaşlar üçin örän uly bagtdygyna doly düşünýäris.

Şoňa görä-de, biz ýaş alymlarymyzyň häzirki zaman dünýäsiniň umumy ösüşine düýpli täsir edýän örän möhüm ugurlar boýunça netijeli ylmy barlaglary alyp barmagyna garaşýarys. Bu möhüm ugurlar Gün, ýel, suw, ýylylyk, biogaz energiýasyny peýdalanmaga gönükdirilen, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge niýetlenen täze taslamalary öz içine alýar. Ýerli çig maldan gurluşyk materiallaryny öndürmegiň, kremnini almagyň tehnologiýalaryny döretmegi, Aral deňzini halas etmegi we dikeltmegi, Hazar deňziniň biologik taýdan köp dürlüligini gorap saklamagy hem-de netijeli ulanmagy göz öňünde tutýar.

Biziň watançy, zähmetsöýer, maksada okgunly, ýokary ahlakly we bagtyýar nesillerimiz okuwda, döredijilikli zähmetde öz ähli gujur-gaýratyny we başarnygyny, ukyp-zehinini berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Bu wezipe ýaş alymlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr. Ýaş alymlar üçin bäsleşige ukyply ylmy barlaglary geçirmekden, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmekden, eziz Diýarymyz Türkmenistany dünýäde kuwwatly döwletleriň birine öwürmekden uly bagt ýokdur! Biziň ýaşlarymyz giň aň-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny, mertebesini we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir!

Gadymy döwürlerden bäri biziň halkymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge örän möhüm ähmiýet beripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz müňýyllyklardan gaýdýan bu däpleri mynasyp dowam edýäris. Bedenterbiýe bilen sporty jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýarys. Berk bedenli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, watançylyk, eziz Diýarymyza we merdana halkymyza söýgi hem-de wepalylyk, dost-doganlyk däplerine ygrarlylyk, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, zähmete we sporta döredijilikli garamak ruhunda terbiýelemek biziň esasy maksadymyz bolup durýar.

Biz bu ugurda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris, toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň görküne-görk goşýan sport hem-de atçylyk-sport toplumlaryny, stadionlary, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini we sagaldyş merkezlerini ýokary depginler bilen gurýarys hem-de ulanmaga berýäris.

Häzirki döwürde ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyz Aşgabatda Orta Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk iri taslamalaryň biriniň — Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Nesip bolsa, biz täze ýyl bu Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçireris. Biziň ýaşlarymyzyň bu sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna, ata Watanymyzyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjekdiklerine berk ynanýaryn!

Sport — gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Beden we ruhy taýdan sagdynlyk adamyň durmuşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýar. Ogul-gyzlarymyzda çagalykdan başlap sport endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we sagdyn durmuşda ýaşamagynyň girewidir. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller üçin bolsa — ýetip bolmajak sepgit, amala aşyryp bolmajak wezipe ýokdur! Ýaşlara berjek nesihatym, sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşydyr! Sporta bolan söýgi — durmuşa bolan söýgüdir!

Nesip bolsa, ertir biz ýurdumyzda ajaýyp baýramy — Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçeris. Men siziň ähliňizi bu halkara baýramy — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň milli senenamamyza aýratyn öwüşgin berýän bu ajaýyp baýram mynasybetli beýik we gadymy medeniýetiň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda dabaraly çäreler ýokary derejede geçiriler.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz her ýyl 5-nji aprel — 5-nji maý aralygynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini geçirmegi karar etdik. Şu biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň iri sport toplumlarynda, stadionlarda hem-de Saglyk ýollarynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçiriler. Aýdym-sazly çykyşlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary, halk oýunlary boýunça bäsleşikler guralar. Bu çäreler ýaşlary gujur-gaýratly, çeýe, başarjaň bolmak ruhunda terbiýelämäge uly ýardam berer.

Häzirki döwürde ýurdumyzda adamyň saglygyna we ahlagyna, jemgyýetimiziň howpsuzlygyna uly zelel ýetirýän ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alnyp barylýar. Sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Bu işleriň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adam hakyndaky aladanyň biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine doly şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär.

Goý, bu ajaýyp halkara baýramy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrsyn! Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna özboluşly, gaýtalanmajak öwüşgin bersin!

Merdana halkymyzyň milli däp-dessurlary nesilleriň we döwürleriň arasyny üznüksiz baglanyşdyrýar. Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, akýüreklilik, lebzi halallyk, zähmetsöýerlik, ulyny sylamak, ruhy we ahlak taýdan arassalyk, baý milli medeniýete eýe bolmak biziň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalarydyr. Bu ajaýyp däp-dessurlar mähriban halkymyzyň mizemez agzybirliginiň synmaz kepilidir.

Ajaýyp ynsan häsiýetleri bolan halallyga, dogruçyllyga, wepalylyga aýratyn gadyr goýýan merdana halkymyzyň dürli medeniýetleri we sungatlary özara baýlaşdyrmakda bitiren hyzmaty örän uludyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly medeniýeti, milli gymmatlyklary, beýik akyldarlarymyzyň sabyr-kanagat, ýagşylyk, dogruçyllyk, watançylyk, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy baradaky parasatly wesýetleri milli medeniýetimiziň örän möhüm bölegi bolup durýar. Bu gymmatlyklar halklary we milletleri özara baglanyşdyrýar we ýakynlaşdyrýar.

Eziz Watanyňa we mähriban halkyňa, öý-ojagyňa goýulýan beýik hormat, akýüreklilik, ygrarlylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk, enelere we ýaşuly adamlara sarpa goýmak ýaly milli häsiýetler sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň iň esasy kadalarydyr. Her bir maşgalanyň asudalygy, agzybirligi we rahatlygy jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, pähim-parasada ýugrulan bu ýörelgeleri dünýä giňden ýaýmak, gowy okamak, eziz Watanymyzyň hatyrasyna halal zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň esasy maksady bolmalydyr! Watan, ynsanperwerlik, mertlik baradaky beýik düşünjelerimiz merdana halkymyzyň şöhratly geçmişini, häzirki bagtyýar döwrüni we nurana geljegini öz içine alýan özboluşly, ajaýyp mekdepdir!

Adamyň sarpasy we mertebesi onuň çekýän zähmetine görä kesgitlenýär. Şoňa görä-de, zähmetsöýerlik biziň halkymyzyň we jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň durmuş kadasy, abadançylygyň we bagtyýarlygyň girewi bolup durýar. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir adam bütin ömrüniň dowamynda yhlas bilen, yzygiderli zähmet çekmelidir.

Häzirki taryhy döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata Watanymyzy dünýäniň abadan we kuwwatly döwletleriniň birine öwürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr!

Dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak, goý, biziň ýaşlarymyzyň baş ýörelgesine öwrülsin! Berkarar Watanymyzyň ýaş raýatlarynyň öz mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmekleri üçin sagdyn durmuş kadalaryna eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdiklerine, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine men berk ynanýaryn!

Bilim almak we döredijilikli zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna barha kämilleşmek, başarnykly we tutanýerli bolmak siziň öňüňizde duran esasy wezipelerdir!

Siz aň-düşünjäňiz we ylym-bilimiňiz bilen bütin dünýäde berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny barha belende götermelisiňiz. Sebäbi, ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!

Sözümiň ahyrynda siziň ähliňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, abadan, bagtyýar we parahat durmuş, ata Watanymyz – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!