Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň we wise-premýerleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňe sürlen wezipeleri berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda häzirki döwürde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan işler boýunça hasabatlar berildi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler maslahatyň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijini gurmagyň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 24-nji mejlisinde gol çekilen resminamalaryň - Maýa goýum ylalaşygynyň hem-de degişli Teswirnamanyň ähmiýeti bellenildi. Gazanylan ylalaşyklar halkara gaz geçirijisiniň — TOPH-nyň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip bellenildi. Bu gaz geçirijiniň gurluşygyna dört döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda badalga berildi.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine hem üns berildi, sebit we yklym ähmiýetli ulag-logistik merkezine öwrülýän ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Ýurdumyzyň senagat düzüminiň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiligini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň dokma pudagynyň işini kämilleşdirmek, ulgama degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurly önümleri artdyrmak boýunça birnäçe wezipeler öňe sürüldi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini işläp taýýarlamak, täze kärhanalary döretmek, goňşy ýurtlara iberilýän elektrikenergiýanyň möçberini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ornuň degişli bolup durýandygy bellenildi.
Şu günler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda möhüm möwsüm dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda ýaz-meýdan işleriniň guramaçylykly geçirilmegi boýunça ýörite meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer serişdelerini, suwy netijeli peýdalanmak obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.
Mundan başga-da, gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, telekeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.
Iş maslahatynyň barşynda saglygy goraýyş, sport, ylym-bilim ulgamlarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, bu ugra degişli işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan medeniýet ulgamynyň, neşirýat gullugynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek döwrüň möhüm meseleleridir. Şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda gündelik wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, pudaklaryň işgärleriniň iş öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek maksadynda olar üçin amatly iş we durmuş şertlerini döretmek babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.