Ï Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: gazanylan üstünlikler we geljegiň strategiýasy» atly ylmy maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: gazanylan üstünlikler we geljegiň strategiýasy» atly ylmy maslahat geçirildi

view-icon 865
Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklary jemgyýeti, onuň düzümine girýän Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata Hytaýyň hökümetiniň wekilleri, daşary döwletleriň Hytaýdaky ilçihanalarynyň resmi taýdan bellenen ýolbaşçylary, HHR-yň döwlet ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, türkmen wekiliýetiniň, iki ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklary jemgyýetiniň Parahatçylyk köşgünde geçirilen maslahatyň öň ýanynda fotosergi guraldy. Suratlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, milli däp-dessurlarymyz we beýlekiler beýanyny tapdy. Maslahat başlamazdan öň ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gazananlaryny beýan edýän wideofilm görkezildi.

Umumy mejlisiň barşynda ylmy maslahata gatnaşanlara gutlag sözleri bilen ýüzlenen HHR-yň daşary işler ministriniň kömekçisi Li Hueýlaý Türkmenistanyň ägirt uly durmuş-ykdysady ösüşi barada durup geçdi. Bu ösüş dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklara we deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarly bolan milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanyldy.

Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan durmuş ulgamyny ösdürmek meselelerine üns berdiler. Türkmenistanda köpsanly döwrebap desgalaryň giň gerimli gurluşygy ýaýbaňlandyryldy, bu bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş şertlerini düýpli özgerdýär. Ähli ýerlerde oňaýly ýaşamak we netijeli işlemek üçin zerur bolan şertler döredilýär, türkmenistanlylaryň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.


Çykyş edenler strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini belläp, şol gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine yzygiderli duşuşyklaryň we ýokary derejedäki özara saparlaryň uly itergi berýändigini bellediler. Şonuň netijesinde soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy.

Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydygy bellenildi.

Ýurdumyza ençeme gezek gelip giden maslahata gatnaşyjylaryň, şol sanda HHR-niň Türkmenistandaky ozalky ilçisi In Sunliniň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeleri diýseň haýran galdyrýar. Taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüň içinde Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Durnukly ösýän makroykdysady görkezijiler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Maslahatyň işiniň barşynda esasy meseleleriň ikisi-sebit we dünýä hyzmatdaşlygyny berkitmekde Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän orny, şeýle hem müňýyllyk taryhy kökleri bolan Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” syýasaty hem-de özara bähbitleriň esasynda guralýan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän deňhukukly hyzmatdaşlyk strategiýasy häzir halkara bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edildi. Şol syýasatyň maksady sebitde we dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleriň döredilmeginden, dünýäniň dürli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Amatly geosyýasy ýagdaýa eýe bolan, Türkmenistan şol mümkinçiligini netijeli amaly aşyryp, halkara giňişliginde durnuklaşdyryjy, döredijilikli we ylalaşdyryjy özgertmeleriň başyny başlaýar. “Gündogar-Günbatar” hem-de “Demirgazyk-Günorta” ugurlar boýunça täze ulag-üstaşyr we söwda ýollaryny döretmekde Türkmenistanyň teklipleri we işjeň ugry munuň aýdyň mysalydyr. Şol ugurlar yklymyň dürli sebitleriniň milli ulag ulgamlaryny dünýäniň aragatnaşyk ulgamyna birikdirmäge gönükdirilendir.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ileri tutulýan halkara wezipelerini çözmäge, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmäge, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan parahatçylygy saklamaga hem-de ählumumy howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýär.

Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan uly möçberli taslamalary amala aşyrmagyň ýolunda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda dostlukly Hytaý bilen sebitiň we tutuş dünýäniň durnukly ösmegine we rowaçlygyna uly goşant goşmaga çalyşýar.

Maslahatyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy, şeýle hem häzirki zaman tapgyrynda döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça tanyşdyryş hödürlenildi. Hytaýyň halkara barlaglar institutynyň wise-prezidenti, professor Žuan Szunszeniň, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň direktorynyň orunbasary, professor Sun Liniň, Hytaýyň Milletleriň merkezi uniwersitetiniň professory Hu Çženhuanyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.


Bellenilişi ýaly, özara hormat goýmak hem-de jogapkärli çemeleşmek esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýan ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem-de, köptaraplaýyn derejede—iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň özara hereket edýärler. Bu gatnaşyklar iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy gorap saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, durnukly ösüşi, ykdysady rowaçlygy we gülläp ösüşi üpjün etmegiň esasy ýagdaýlarynyň biri bolup çykyş edýär, sebitde ykdysady goşulyşmaga oňyn täsir edýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň şeýle derejesi köp babatda halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň gadymy kökleri hem-de däpleri bilen şertlenendir. Munuň özi häzirki wagtda döwrebap görnüşlere we many-mazmuna eýe bolýar.

Döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmalary ýardam berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda özara hereket etmegiň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol dürli derejedäki duşuşyklary—döwlet Baştutanlarynyň gepleşiklerinden başlap, türkmen-hytaý işewür toparlarynyň gatnaşyklaryna çenli duşuşyklary özünde jemleýär. Ýyllaryň synagyndan geçen özara hereket etmegiň nusgasynyň üstünliklidiginiň we netijelidiginiň mysaly hökmünde durmuşa geçirilen milli hem-de halkara ähmiýetli köpsanly bilelikdäki iri taslamalar agzaldy.

Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – Türkmenistan-Hytaý iri transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ünsi çekdiler. Ol türkmen tebigy gazynyň HHR-na uzak möhletli iberilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň “Bir ýol, bir guşaklyk” diýen Ykdysady Ýüpek ýoluny döretmek taslamasynyň çäklerinde özara hereket etmegi ylmy maslahatyň aýratyn meselesine öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda gadymy Ýüpek ýoluny täze hilde, häzirki zaman transmilli awtomobil, demir ýol we gaz geçirijiler ýollarynyň ösüşiniň görnüşinde dikeltmek boýunça iki ýurduň bilelikde alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Maslahatlaşmalaryň barşynda ynsanperwer ulgamynyň meselelerine garaldy. Bu ulgam häzir iki halkyň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm alamaty bolup hyzmat edýär hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň alyş-çalyşlarynyň hem-de gatnaşyklarynyň, Türkmenistanda bolşy ýaly, Hytaýda hem geçirilýän maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşmagyň işjeňleşdirilmegi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň geologiýa uniwersitetiniň professory Wan Syhaýyň — häzirki zaman türkmen taryhyny öwrenijiniň çykyşy aýratyn tapawutlandy. Ol Türkmenistan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilen döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň aýratyn ýagdaýy baradaky kitaplaryň ikisiniň awtory bolup, häzirki wagtda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşi barada nobatdaky neşirini taýýarlaýar. Türkmen medeniýetiniň hakyky janköýeri Hytaýyň geologiýa uniwersitetiniň ýanyndaky Türkmenistan boýunça Hytaýyň barlag-öwreniş merkezini döretdi we häzir oňa baştutanlyk edýär. Jenap Wan Syhaý merkezi web-saýtyny döredip, onda häzirki Türkmenistanyň durmuşyndaky wakalar we üstünlikler baradaky täzelikleri hem-de habarlary hytaý dilinde gündelik çap edýär. Professor Hytaýda ýurdumyz baradaky bilimi wagyz edip, gyzykly sapaklary we okuwlary geçirýär. Olar talyplaryň, aspirantlaryň, mugallymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň arasynda meşhur boldy. Ýeri gelende aýtsak, şeýle okuw maslahatlaryň biri şu gün Pekiniň Nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar geçirilen netijeli pikir alyşmalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň tejribesini we ösüşiniň milli nusgasyny öwrenmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şonuň bilen birlikde, bu günki duşuşyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, öz kökleri bilen Beýik Ýüpek ýoly eýýamyna aralaşyp gidýän dostlugyň we özara düşünişmegiň köpasyrlyk däplerini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky wajyp anyk ädim hökmünde kabul edilýär.