Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.
Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik we göwnaçyk kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna bagt we ösüşler ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy hem-de onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen däp bolan ynanyşmak hem-de netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmenistany Astrahan oblasty bilen taryhdan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady we medeni aragatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýola goýlan netijeli gatnaşyklar hem-de esasy pudaklardaky ysnyşykly aragatnaşyklar strategik häsiýete we soňky ýyllarda ösüşiň ýokary depginine eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugry babatda özara bähbitli hereket etmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan üçin Russiýa Federasiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurtlaryň ikisiniň-de ägirt uly senagat we serişdeler kuwwatyny nazarda tutup, biri-birine teklip etmäge köp başlangyçlary bolan ykdysady babatda möhüm hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Milli Liderimiz esasy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda rus kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdiren Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belledi. Özara bähbitli täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural bolup durýan ikitaraplaýyn işewür duşuşyklary we bilelikdäki işewürler maslahatlary özara gyzyklanmalaryň işjeňleşmegine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Astrahandaky hem-de Astrahan oblastynyň Türkmenistandaky söwda öýleriniň açylmagy hem söwda-ykdysady aragatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge gönüden-göni ýardam eder.
Russiýaly myhmanyň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen täze möhüm başlangyçlar, ilkinji nobatda, transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek boýunça başlangyçlar hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly geljegi açýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek pikirini işjeň öňe sürýän Türkmenistanyň şol başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri alyp barýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa sebitde iri döwrebap ýük gämileriniň satyn alynmagy mysal bolup biler. Şol gämiler häzir Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menzilinden Hazarýaka döwletleriniň birnäçesiniň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň Olýa deňiz menziline yzygiderli ýolagçy-ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda nebithimiýa senagaty, hususan-da, Türkmenistandan kükürt ibermek, gämi gurluşygy we gämi abatlamak, şeýle hem Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna russiýaly jahankeşdelerde gyzyklanma döredýän syýahatçylyk ulgamy agzaldy.
Duşuşygyň çäklerinde Russiýanyň bu sebitinde türkmenleriň köp böleginiň kowçum bolup ýaşaýandygy nazara alnyp, möhüm ähmiýete eýe bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi.
A.Žilkin pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu ýerde doganlyk türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryna hem-de däp-dessurlaryna belent sarpa goýýarlar.
Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Astrahan şäherinde Gündogaryň ajaýyp akyldary we filosofy, XVIII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dikeldildi. Astrahan oblastynda türkmen tarapyndan täze häzirki zaman mekdebiniň gurulmagy medeni-ynsanperwer, bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ajaýyp mysaly bolup durýar.
Rus gubernatory türkmen talyplaryny Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde okatmagy dowam etmek barada pikir aýtdy, şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän meýletinçileri indiki ýylyň güýzünde — Aşgabatda Aziada—2017-niň iri sport çäreleriniň geçirilýän günlerinde Türkmenistana ugratmagy teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman birek-birege bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasy babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmaga düýpli gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.