Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň biziň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jawhar Izamowy kabul etdi.
Myhman duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam edendigi hem-de alyp baran işinde yzygiderli goldaw berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ilçi Özbegistanda türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän syýasatyna hem-de sebitde we ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we olaryň giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn goňşulary, şol sanda diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, çuňňur taryhy kökleri, umumy medeniýeti, dili, iki doganlyk halklaryň däp-dessurlarynyň umumylygy bolan Özbegistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ilçä Türkmenistanda alyp baran netijeli işi we deňhukuklylyk, özara bähbitli esasda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hakynda pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, oba hojalygy, syýahatçylyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Ynsanperwerlik ulgamyna degip geçmek bilen, medeniýet, bilim we ylym ugurlarynda netijeli gatnaşyklaryň wajypdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de diplomat iki goňşy ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de onuň täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Ilçi duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň diplomatik işini üstünlikli alyp barmak babatda beren kömek-goldawy üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
— Türkmenistanda işlän döwrüm meniň üçin peýdaly we netijeli boldy. Men bu ýurdy uly mähir bilen ýatlaryn — diýip, ilçi nygtady we milli Liderimize, tutuş türkmen halkyna bagt, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başy başlanan ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.