Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň öňdebaryjy komissiýalarynyň birbada üçüsine saýlanmagy mynasybetli dünýäniň abraýly düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bagyşlanan “Türkmenistan we halkara guramalary: ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde türkmen halkyny bu şanly waka bilen gutlap, munuň özi Bitarap döwletimiziň işjeň daşary syýasatynyň tutuş dünýäde ykrar edilýändiginiň, Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornunyň we halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine daýanmagy Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyny we dünýä gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär.
Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, paýtagtymyzdaky birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor- mugallymlary, ylmy-barlag institutlaryň alymlary, bilermenler gatnaşdylar.
Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň bu üstünliginiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. Munuň özi uzak ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň giň halkara üstünligine we ykrar edilmegine getiren ägirt uly hem-de yhlasly tagallalarynyň netijesidir.
Halk hojalygy ulgamynyň ähli pudaklaryny düýpli özgertmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we başga-da birnäçe ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetiniň durnuksyz tapgyrynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etdi. Kuwwatly köpugurly ykdysadyýetimiz häzirki çylşyrymly döwürde durmuş häsiýetli birnäçe möhüm wezipeleriň netijeli çözülmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi milli Liderimiziň durmuş ulgamyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň oňyn netijä eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň möhüm wezipeleriniň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalar bilen giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Maslahatda edilen çykyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara guramalaryň 44-sine agza bolup durýandygy nygtaldy. Şu güne çenli Türkmenistanda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 15-si hereket edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň diplomatlary halkara guramalaryň 12-sinde Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Maslahatda Türkmenistanyň BMG bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Bu gatnaşyklar tutuş dünýäde parahatçylygyň ýola goýulmagyna we dünýäniň ähli döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bu abraýly halkara guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň durmuşa geçirýän hem-de dünýäde howpsuzlygyň täze binýadynyň kemala getirilmegine, ählumumy durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýokary derejedäki durmuş hem-de ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar şu ýyllaryň dowamynda BMG-niň abraýynyň we ornunyň pugtalanmagy ugrunda edilýän tagallalara işjeň gatnaşýan ýurdumyzyň amala aşyrýan syýasatyny tutuş adamzat jemgyýetiniň, ilkinji nobatda bolsa, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň makullaýandygyny hem-de hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň öňe sürýän wajyp halkara başlangyçlary häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdini tapmaga, birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň, ählumumy howpsuzlyk we durnuklylyk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, Türkmenistanyň iri halkara guramalaryň agzalygyna, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýolbaşçy düzümlerine yzygiderli saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan BMG-niň çäklerinde birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Soňlugy bilen şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny” hem-de “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. Bu resminamalar dünýä ykdysadyýetiniň möhüm pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri babatda gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryň başlangyjyna öwrüldi. Bu ugruň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyny we deňeçerligini kesgitleýän ählumumy ösüşiň möhüm şertidir.
Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan gelen pikirine görä, BMG-niň derejesindäki işjeň we köpugurly gatnaşyklar dünýä bileleşigine agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň möhüm ugruny kesgitlemäge, üçünji müňýyllygyň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamaga ukyply bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde geçirilen durnukly ösüşiň meseleleri boýunça sammitde çykyş edip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hem-de BMG-niň strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny we gatnaşyklaryň häzirki zamanyň möhüm wezipeleri, milli bähbitler hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp ýola goýulýandygyny belledi.
Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) öňdebaryjy düzümleriniň üçüsine — 2017—2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna; 2016—2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem-de 2017—2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlanmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrinsiň belleýşi ýaly, bu waka Türkmenistanyň BMG bilen ýola goýan we soňky on ýylyň dowamynda toplan tejribelerine, özara gatnaşyklaryň netijeli ugurlaryna esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri dünýä bileleşiginiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň toplan tejribelerine bolan ýokary gyzyklanmalaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň möçberli özgertmelerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada aýdyp, Türkmenistanyň hökümetine Milletler Bileleşiginiň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde umumy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen bilelikdäki işlere netijeli goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.
Häzirki döwre çenli Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümleri, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, neşekeşlik we jenaýat boýunça müdirligi ýaly ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen hemişelik esasda işleşýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant bolup durýar.
Soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde 264 taslamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etdi. 2005—2009-njy ýyllar hem-de 2010—2015-nji ýyllar üçin degişli Çarçuwaly maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu taslamalar ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösüşine, daşky gurşawyň goralmagyna, hukuk pudagynyň kämilleşdirilmegine, ylym, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda hereket edýän ýurdumyzyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň täze bäşýyllyk Çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 4-nji aprelinde oňa gol çekmek dabarasy boldy.
Resminamanyň ählumumy ähmiýeti, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň geçen ýylyň güýzünde geçirilen 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň giň möçberli we uzakmöhletleýin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilmegi bu resminamanyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça sammitinde eden çykyşynda ählumumy ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa goraglylygy, gender deňeçerligi ýaly möhüm ugurlar boýunça birnäçe giň möçberli başlangyçlary öňe sürdi we häzirki zamanyň gün tertibine girýän wajyp meseleleriň çözgüdi babatda anyk teklipleri aýan etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan BMG bilen hyzmatdaşlykda birnäçe bilelikdäki meýilnamalary, 2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça Çarçuwaly maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol 2011—2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň esasy wezipelerine, şeýle hem BMG-niň geljek 15 ýyl üçin kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Milli derejedäki wezipeleriň netijeli çözgüdini we bu ugurda ulgamlaýyn işleri ýola goýmak maksady bilen ählumumy gün tertibine laýyklykda, BMG-niň Çagalar gaznasy we BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016—2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016—2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we gol çekildi.
Durnukly ösüşiň maksatlaryny we halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanda 2015—2020-nji ýyllarda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy, Türkmenistanda 2016—2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy, Türkmenistanda 2016—2018-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy bar. Bularyň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara konwensiýalarynda, şertnamalarda we ylalaşyklarda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli kanunçylygyny we hukuk tejribesini umumy ykrar edilen halkara resminamalarynyň kadalaryna laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere seretmek we olary öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de türkmen diplomatlary milli Liderimiziň halkara guramalary bilen hemmetaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän esasy daşary syýasat strategiýasyny dowam etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) üç komissiýasyna saýlanmagyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda bu möhüm waka mynasybetli giňişleýin çykyş boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň BMG bilen möhüm ugurlarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak we artdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler beýan edildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýagdaýynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk toýuny garşylaýar. Giň we köpugurly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy ýurdumyza tutuş adamzadyň ösüşine hem-de rowaçlygyna mynasyp goşant goşmaga we geljege ynamly gadam urmaga mümkinçilik berýär.