Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1288
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Sportulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde motosport bilen meşgullanmak we sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek üçin motoulag bölümi guruldy hem-de enjamlaşdyryldy. Bu waka ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda tehniki görnüşlerini ösdürmäge berilýän ähmiýetiň uludygyny tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, häzir ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri dowam edýär, bu adamlaryň müňlerçesini — dürli nesilleriň we hünärleriň wekillerini birleşdirip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Adamyň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy özara bagly we bölünmez düşünjelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sporty höweslendirmek we ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanly üçin durmuş kadasyna öwrülmelidir, çünki gündelik beden maşklary adamyň özüni duýşuny gowulandyrýar, ruhuny belende galdyrýar, işe ukyplylygy artýar, döredijilik we intellektual işlerine höweslendirýär. Sagdynlygyň, gözelligiň hem-de sazlaşygyň beýany bolan sport adamda düzgün-tertibi we erk-islegi, maksada okgunlylygy hem-de zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik ylhamyny oýarýar.

Ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýän sport diňe beden taplygynyň däl-de, eýsem, beden ruhy-ahlak ýörelgelerini, umuman şahsyýetiň sazlaşykly ösüşini berkitmegiň ähmiýetli şertidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda yzygiderli geçirýän oňyn syýasaty öz miwelerini berýär. Häzir ýurdumyzda sportuň tarapdarlarynyň sany, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda günsaýyn artýar, milli sport hereketi bolsa giň gerime eýe bolýar. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Halkara sport giňişliginde türgenlerimiziň gazanýan ajaýyp ýeňişleri sport ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesi bolup durýar.


Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz-nesihatçysy bolan milli Liderimiz şahsy göreldesi bilen watandaşlarymyzy bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ähli zerur bolan talaplara laýyk gelýän döwrebap sport düzüminiň döredilmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň IIM-niň Sportulag merkeziniň täze sport toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy munuň şeýledigini tassyklaýar, bu wakanyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyna gabat gelmeginiň bolsa özboluşly manysy bar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda däbe öwrülen sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, awto we moto sport görnüşleri hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär. 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Sportulag merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy hem-de ýurdumyzda ilkinji gezek sportuň bu görnüşi boýunça toplumlaýyn ýaryşlar geçirildi. Bu dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza daşary ýurtly myhmanlar-Halkara awtomobil federasiýasynyň, iri awtomobil sport kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, beýleki awtosport guramalarynyň hem-de Halkara awtoulag bileleşiginiň wekilleri geldiler.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýetginjeklik ýyllaryndan awtomobil sporty bilen meşgullanyp, ussat sürüji hökmünde dürli ýaryş ulaglaryny dolandyrmakda ussatlygyny görkezip gelýär. Ine, şol gün hem “Alfa Romeo” derejeli ýaryşlara 7 belgili awtoulagda gatnaşan döwlet Baştutanymyz sport ulagyny dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezdi we ýokary netije bilen ynamly ýeňiş gazandy.

Şonda Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ýolbaşçysy Žan Todt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobil sportuny ösdürmäge ägirt uly goşandyny belläp, milli Liderimize Türkmenistanyň Sportulag merkezine halkara derejesiniň berilmegi hakynda güwänamany gowşurdy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal “Volkicar” sport awtoulagynda çykyş edip, ajaýyp ussatlyk görkezmegi hem bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda tehniki görnüşleri bilen meşgullanyp, ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär, bu bolsa ýurdumyzyň türgenleri üçin kuwwatly ruhlandyryjy itergi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň awgustynda “Alfa-Romeo-2015” Kubogy ugrunda awtomobil ýaryşyna gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr, şonda milli Liderimiz ýaryş ulagyny dolandyrmagyň ýokary derejesini görkezip, pellehana birinji bolup geldi.

Häzir ýurdumyzyň awto we moto sportunyň öňünde täze mümkinçilikler açylýar, şunda hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandy örän uludyr. Zerur şertleriň üpjün edilmegi, degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilmegi, ýokary tizlikli sport ulaglarynyň üstüniň olaryň döwrebap görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilmegi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen höwesli meşgullanmagyna, türgenleriň we olaryň halypalarynyň ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu ýyl “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde Derweze-Gökdepe ugry boýunça awtomobil ýaryşy hem geçiriler. Bularyň hemmesi ýurdumyzda sportuň tehniki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin örän oňat şertleri döredýär.


Şunuň bilen baglylykda, türkmen sürüjileriniň 2009-njy ýylda Kazan—Aşgabat ugry boýunça Dakar tapgyryndaky “Ýüpek ýoly” halkara rallisine gatnaşmagy milli awtosportuň taryhyna möhüm sahypany ýazandygyny ýatladýarys. Mälim bolşy ýaly, ony geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup, dostlukly goňşy döwletleriň—Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň Liderleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu abraýly ýaryşlar umumydünýä ähmiýetli iri sport wakasyna öwrülip, ýurdumyzyň sport ulgamynda halkara abraýynyň artmagyna ýardam etdi. Biziň türgenlerimiz Dakar tapgyrynyň “Ýüpek ýoly” ýaryşyna hem gatnaşdylar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz täze sport desgasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Içeri işler ministri I.Mulikow Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa täze desganyň açylmagyna taýýardygy barada hasabat berýär.

Döredijilik toparlary bu şanly waka mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleri wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, IIM-niň awtosport merkeziniň täze sport toplumy bilen tanşyp başlaýar.

Umumy meýdany 15 gektar bolan täze toplum moto ýaryşlar üçin uzynlygy 1 709 metr bolan çäge- toprak örtükli ýaryş meýdançasyny, sport tehnikalary üçin garažlary, hyzmat ediş-bejeriş bölümini, lukmançylyk bölümi ýerleşen dolandyryş binasyny, degişli inženerçilik-tehniki düzümini özünde jemleýär. Şeýle hem ýaryşlaryň barşyna gözegçilik etjek eminler üçin barlag-syn ediş bekedi göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelik bilen, täze motodromda motosikl tehnikalarynyň dürli görnüşleri üçin ýaryşlary geçirmäge zerur bolan şertler döredilipdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow motoulag bölümi bilen tanyşmagynyň barşynda onuň dolandyryş binasyna bardy, dürli iş otaglarynyň üpjünçiligini, şeýle hem bu ýerde guralan sport egin-başlarynyň sergisini gözden geçirdi. Onda motosport bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky türgenler üçin niýetlenen sport lybaslarynyň we aýakgaplarynyň görnüşleri, beýleki zerur bolan düzüm bölekleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, sport egin-başlary oňaýly, mäkäm bolmalydyr hem-de ulanyş maksadyna doly laýyk gelmelidir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde görkezilen sport egin-başlarynyň öz ýurdumyzda taýýarlanandygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz sport toplumyň zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bilen tanşyp, türgenlere ýokary hilli ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin degişli şertleri döretmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.


Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, bu ýerde guralan sergini synlady, onda motosport üçin tehnikalaryň dürli görnüşleri, motosikller, skuterler, dürli ýaşdaky türgenler, şol sanda ýetginjekler üçin niýetlenen kwadrosikller görkezildi. Milli Liderimiz sportuň şu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaş türkmenistanlylaryň sport tehnikalaryny dolandyrmagy üstünlikli özleşdirip bilmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegi, şeýle hem ýaşlary motosport bilen meşgullanmaga işjeň çekmegi tabşyrdy.

Sport ulagynda sürüjiniň özüni ykjam duýmagy, amatly oturmagy esasy şert bolup durýar, şeýle hem ulagyň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmek sportuň bu görnüşi boýunça ýokary netije gazanmagyň baş şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Sport ulagynda bäsleşik geçirilende howanyň degişli derejede bolmagy, ýaryş geçirilýän ýollaryň ýylylyk derejesiniň kada laýyklygy ýaryşy guramagyň esasy şertleri bolup durýar.

Awtomobil sporty ýaly motosport hem gyzyklanma bildirýänleriň we janköýerleriň örän köpsanlysyny özüne çekip, sportuň dünýäde iň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Onuň nusgawy görnüşleriniň toparyna trek hem-de şosse-aýlaw ýaryşlary, motokroslar, mototrial, spidweý we beýlekiler degişlidir. Şeýle ýaryşlara gatnaşmak üçin degişli ukyplara hem-de ulagy dolandyrmagyň tilsimlerine eýe bolup, olary ele almalydyr, diýmek, yzygiderli türgenleşikler zerur bolup durýar.

Soňky wagtda ençeme ýurtlarda-da kwadrosikllerde ýaryşlar meşhurlyga eýe bolýar. Motosportuň şeýle köp görnüşleri boýunça ýaryşlar ussat türgenleriň arasynda bolşy ýaly, boş wagtyny işjeň geçirmegi halaýanlaryň arasynda hem geçirilýär. Kwadrosikl rahat, durnukly hem-de has ýokary tizliklere çenli çykmaga ukyply bolan dört tekerli dürli tilsimleri geçirip bilýän ulagdyr. Bu köptaraply ulag serişdesi iň çylşyrymly ýollary hem ýeňillik bilen geçmegi başarýar. Kwadrosikllerde ýaryşlar adaty görnüşde bolşy ýaly, päsgelçilikleri ýokary tizlikde aşmak hem-de aýry-aýry emelleri ýerine ýetirmek boýunça hem geçirilýär.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy mynasybetli içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwrebap sport kwadrosiklini we welosiped sowgat berdi. Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde toplumyň çäginde tigirli gezelenç etdi.

Mälim bolşy ýaly, welosiped ýaryşy dünýäde sportuň örän meşhur görnüşleriniň biri bolup durýar. Ýürek-damar keselleriniň hem-de beýleki keselleriň öňüni almak, daýanç-hereket ediş beden agzalaryny berkitmek, beden etinde işjeňligi saklamak, bedende madda çalşygyny gowulandyrmak, artykmaç agramy azaltmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped sürmegiň we welosiped sporty bilen meşgullanmagyň saglyk üçin örän peýdalydygy mälimdir. Elbetde, welosipedli gezelenç edilende, adamyň ruhy belende galýar, örän gowy duýgular döreýär, bu bolsa onuň işe ukyplylygyna örän amatly täsir edýär. Köp ýurtlarda welosiped işe we okuwa gatnamak üçin ulag serişdesi hökmünde uly meşhurlyga eýedir, şunda ol özüniň gowy taraplaryny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz täze sport desgasy bilen tanyşmagynyň barşynda ýörite sport lybasyny geýnip, sport kwadrasikline mündi hem-de ýaryş meýdançasyny hut özi synap gördi. Meýdança geçmesi çylşyrymly ýerlerden çekilipdir.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurlan päsgelçilikleri bolan ýoly geçmek bilen, ýokary tizlikde sport ulagyny dolandyrmagyň ajaýyp ussatlygyny görkezdi.

Ýaryş ýolunyň ugry el bilen döredilen tebigy ýerlerden geçmegi onuň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de adamyň duýgusyna örän oňaýly täsir edýär.

Milli Liderimiz kwadrosikli başarnykly dolandyryp, sportuň bu görnüşi üçin mahsus bolan ýoluň ugrundaky päsgelçilikleri ussatlarça geçmegi başardy we şunda türgenlere aýdyň mysal görkezdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýörite bellenilen ýere bardy, bu ýerde ozalky döwürde ulanylan ulaglaryň, arabalaryň, paýtunlaryň sergisi guraldy. Hormatly Prezidentimiz sergini synlap, geçmişde meşhur bolan ulaglaryň üstüni ýetirmek, olary degişli ýagdaýda saklamak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Şu ýerde içeri işler ministri görkezilen ulaglary şanly seneler mynasybetli geçirilýän dabaralarda ulanmak baradaky teklibini beýan etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde goýlan welosipedleri synlap, ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýan tigirleri köpçülikleýin we işjeň ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu ulaglaryň diňe bir dabaralarda däl, eýsem, medeniýet ulgamynda geçirilýän çärelerde, şekilli aýdymlaryň surata düşürilişinde ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Arabalar barada aýdylanda, olar ulagyň täsin hem-de şol bir wagtda ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we beýleki dynç alyş ýerlerinde ulanylsa, maksadalaýyk bolardy. Atlara tirkelen arabada gezelenjiň dynç alýanlara diňe Awazanyň gözelliklerini synlamaga mümkinçiligi däl-de, eýsem, ýatdan çykmajak ajaýyp duýgulary peşgeş berjekdigi ikuçsyzdyr. Milli Liderimiz munuň saglygy goramak we berkitmek üçin örän ähmiýetlidigini belledi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow çuňňur hormatyň hem-de özleri barada edilýän alada üçin hoşallygyň nyşany hökmünde milli Liderimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň adyndan skuter sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz skuterde Sport ulaglary merkeziniň awtodromyna bardy, bu ýer açylan wagtyndan bäri sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň höwes bilen gatnaýan ýerine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde goýlan sport ulaglaryny synlady, olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde Içeri işler ministrliginiň garamagynda bar bolan ulaglaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Ministrligiň garamagyna häzirki döwürde iň kämil hasaplanylýan sport we beýleki ulaglar gelip gowuşýar.

Soňra milli Liderimiz BMW kysymly täze sport ulagynyň başyna geçdi, ýokary tizlikde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelip, bu sport ulagyny dolandyrmagyň hem ajaýyp ussatlygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Awtosport merkeziniň ýaryş ýolunda sport ulagynda birnäçe aýlaw etdi. Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen söhbetdeşligini dowam edip, ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur bolan ukyplar, ýaryş awtoulagyny dolandyrmagyň syrlary barada gürrüň berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda awto we moto sporty has-da ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görmegiň, olar bilen harby gullukçylaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň meşgullanmaga giňden çekilmeginiň, ýaryşlary yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, awto we moto sport adama tutanýerliligini artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Üstüňe düşýän agramlaryň bedene dogry täsir etmegini işläp uýgunlaşdyrmaga ýardam berip, sportuň bu görnüşleri saglygyň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Birnäçe görnüşleri özünde jemleýän awto we moto sport dürli ýaşdaky adamlary özüne çekýär hem-de olara oňat beden gurluşyny saklamaga kömek edýär. Türgenler tejribe toplaýyşlaryna görä, öz güýçlerini awtomobil we motosiklet sportunyň ol ýa-da beýleki görnüşlerinde barlap bilerler.

Kwadrasikle hem-de skutere erk etmegiň peýdasy barada aýdanyňda, onuň ynsana beden saglygyny we oňyn täsiri üpjün edýändigini belläp, milli Liderimiz olaryň bogunlaryň, biloňurganyň berkemeginde, hereketleriň sazlaşygynyň gowulanmagynda, umuman, adamyň özüni duýmagyna oňyn täsir etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Kwadrasikl we skuter sporty bilen meşgullanmak işjeň dynç alyşda örän ähmiýetlidir. Hususan-da, ulagyň bu görnüşiniň çylşyrymly ýerlerden geçmäge ukyplylygy, ýeňil dolandyrylyşy islendik ýollarda, islendik howada ulanmak mümkinçiligini, şeýle hem moto sportuň köp ugurlylygyny, aýratyn-da onuň syýahatçylyk ulgamynda ulanmagyň derejesiniň artykmaçlygyny äşgär edýär.

Şu ýerde içeri işler ministri I.Mulikow awtomobil we motosikl tehnikalaryny ýokary ussatlyk bilen dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmak boýunça bitiren aýratyn hyzmatlary üçin IIM-niň, Awtomobil sporty federasiýasynyň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary ussatlyk derejesiniň diplomyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we hemmelere berk jan saglyk, işde hem-de sport ulgamynda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.