Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 930
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň imperatory Akihito we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Kýusýu adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.