Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny, ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde size uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasy düzgünleri ata Watanymyzyň milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasyna agzalyga kabul edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň wezipesi eziz Watanymyzyň abraýyny hem-de şan-şöhratyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegi esasynda dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasynyň ýokarlanmagy netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň iş gerimi has-da artýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň durmuşa geçirýän işleri özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Hormatly migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde siz netijeli işleri alyp barýarsyňyz. Dünýäniň çar künjeginden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde siziň alyp barýan işleriňize ýokary baha berýäris. Siz döwlet syýasatynyň möhüm ugruny — halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda alyp barýan işleriňizi dünýäniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp, döwrebap derejede amala aşyrmalysyňyz.
Dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, täsin tebigy we taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bilen giňden meşhur bolan Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän dünýä döwletleriniň halklarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanma bildirmegi köp babatda migrasiýa gullugynyň işgärleriniň takyk we sazlaşykly işlemegine baglydyr.
2016-njy ýylyň ýurdumyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen bagly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda ýurdumyzda halkara we döwlet derejesindäki syýasy-medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek bilen bagly işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu möhüm halkara çärelerini ýokary derejede geçirmekde migrasiýa babatda kesgitlenen wezipeleri doly ýerine ýetirmekde, ýurdumyza gelýän myhmanlara döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn! Siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Ata-babalarymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etmelisiňiz.
Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklarynyň üstünlikli ýola goýulýan häzirki döwründe döwlet özygtyýarlylygynyň esaslarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek migrasiýa edaralarynyň her bir işgäriniň möhüm borjudyr.
Biz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň has-da netijeli zähmet çekmekleri, hünär we bilim derejelerini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekleri, döwrebap şertlerde ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan düýpli işlerimizi biz geljekde hem dowam ederis.
Hormatly Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.