Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygy babatda bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň Türkmenistanda öndürilýän önümleri eksport etmek bilen bagly, bahasy erkin aýlanýan puluň bellenen çäginden köp bolmadyk daşary söwda şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige almakdan boşadyldy.
Resminama bilen, Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän käbir harytlaryň sanawy tassyklanyldy.
Şu Karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Japarguly Gulberdiýewiç Orazow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Daşary ýurt döwletleriniň habarçylarynyň (žurnalistleriniň) we habar beriş serişdeleriniň beýleki wekilleriniň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan işlerini kadalaşdyrmak we olary akkreditasiýa etmegiň tertibini kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň habarçylarynyň (žurnalistleriniň) we habar beriş serişdeleriniň beýleki wekilleriniň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan işleri, akkreditasiýasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
* * *
“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) ilçihanasynyň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) ilçihanasynyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen bilelikde:
hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde iki aýa çenli möhletli tölegli okuwlaryň guralmagyny üpjün etmäge;
hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti hakyndaky Düzgünnamany, hünär derejesini ýokarlandyryş, gaýtadan taýýarlaýyş okuwlarynyň meýilnamalaryny taýýarlamaga we tassyklamaga borçly edildi.