Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda durmuş-ykdysady strategiýany hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek bilen bagly meseleler hem-de şu hepdäniň ahyrynda belleniljek Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowy çagyrdy. Häkim milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça erkin ykdysady zolaklarda gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça tejribe alyşmak üçin 12—14-nji aprelde Singapur şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Singapuryň döwrebap binagärlik aýratynlyklary hem-de bu şäheri gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şol ýerde iri sport, medeni we dynç alyş desgalary amatly ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň etraplarynyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini ýaşamak üçin dünýäniň gözel we oňaýly şäherleriniň birine öwürmek, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, şäher gurluşygy babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow çagyryldy. Häkim sebitiň meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, köpçülikleýin gowaça ekişiniň hem-de bugdaýa ideg edilişiniň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle-de, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ak ekinlere idegiň öz wagtynda we talabalaýyk berjaý edilmeýändigine ünsi çekip, bu ugurda işlere gözegçiligiň gowşadylandygy üçin häkime nägilelik bildirdi. Emele gelen ýagdaýyň hasylyň pese gaçmagyna getirip biljekdigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikleri tiz wagtyň içinde aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda bina edilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny hem-de hilini hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Şol desgalara diňe bir welaýatyň däl, tutuş ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde wajyp orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatdaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda obany özgertmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol maksatnamanyň çäklerinde günbatar welaýatda dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de oba hojalyk ekinleriniň ekişini we güýzlük dänä ideg işini guramaçylykly geçirmek we galla oragyna öz wagtynda taýýarlyk görmek bilen bagly görülýän anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli agrotehniki çäreleriň netijeli geçirilmeginiň oňat hasylyň girewi bolup durýandygyny belläp, häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny tamamlamagyň möhletlerini berjaý etmegiň hem-de Türkmen bedewiniň hormatyna baýramçylyk çärelerini geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitde ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleri, hususan-da, gowaça ekişi hem-de bugdaýa ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Bu işler ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça welaýatda görülýän toplumlaýyn çäreleriň biri bolup durýar.
Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup galýandygyny belläp, degişli ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de Türkmen bedewiniň baýramyny onuň umumymilli dabara derejesine laýyklykda geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň häkimine möwsümleýin meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Türkmenistanyň Prezidenti şol işleriň sebitiň howa şertlerini nazara almak bilen, agrotehniki kadalaryň we düzgünleriň takyk berjaý edilmegi bilen alnyp barylmalydygy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewi çagyrdy. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, bugdaýa ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek maksadynda görülýän çäreler barada habar berildi. Gurulýan senagat we durmuş-medeni maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenilen möhletde we ähli agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna az wagtyň galandygyny belläp, bu möwsüme degişli derejede taýýarlyk görmegi, galla orýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, şeýle hem elewatorlaryň we ammarlaryň doly taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem häkime welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Soňra iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim gowaça ekişini üstünlikli geçirmek hem-de güýzlik bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk etmegiň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, sebitde gurluşyk işleriniň barşy hem-de Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çäreleri guramak barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekip, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamak, bugdaýa ideg etmek we bereketli hasyl almak maksadynda agrotehniki çäreleri nazara almak bilen, sazlaşykly işleri üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz sebitde möhüm gurluşyk desgalarynyň bina edilişine hem-de öz wagtynda tabşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi, baýramçylyk mynasybetli çäreleriň ählisini zerur derejede geçirmegi üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegine, ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.
Ähli halkyň uly sarpa goýýan, ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen bagly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri degişli derejede guramagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, ähli welaýatlaryň häkimlerini ýene-de göni aragatnaşyga çagyryp, olaryň Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin çarşenbe gününden başlap Aşgabatda bolup, baýramçylyk mynasybetli maslahatlara, binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralaryna hem-de beýleki baýramçylyk çärelerine gatnaşmalydyklaryny aýtdy. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň häkimleri paýtagtymyzda bolmagynyň çäklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly möhüm meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarlar.
Milli Liderimiz häkimlere dynç güni ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.