Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ekwador Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ekwador Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 875
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ekwador Respublikasynyň Prezidenti Rafael Korrea Delgado ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.