Ï Halkara telekeçiler maslahatyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara telekeçiler maslahatyna gatnaşyjylara

view-icon 851
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Sizi Türkmenistanyň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Halkara telekeçiler maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyny goldamak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberinde hususy pudagyň paýynyň barha ýokarlanmagy bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigine, milli ykdysadyýetiň ösüşlerine telekeçilik ulgamynyň mynasyp goşant goşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa bäsleşige ukyply harytlaryň önümçiliginiň ösmegine, müňlerçe goşmaça iş orunlarynyň döremegine oňyn täsirini ýetirýär.

Giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmenistanly hususyýetçileriň önümleri içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda hem barha giň orun alýar. Çünki haryt öndürijilerimiz täze döredilýän kärhanalarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyryp, döwrebap, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiliginiň gerimini giňeltmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýärler. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki kärhanalary döretmek, öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu pudaga degişli netijeli işleri alyp barmak üçin döwlet tarapyndan amatly hukuk binýady, zerur bolan beýleki şertler döredilýär hem-de yzygiderli goldaw berilýär.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!


Türkmenistanda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak, hususy kärhanalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde tutýan ornuny artdyrmak, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda hususy telekeçiligi goldamak bilen ýerli çig maly ulanýan we dünýäniň önüm öndürijileri bilen bäsleşýän häzirki zaman ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetiň hususy böleginiň ornuny giňeltmekde, telekeçilige ýakyndan ýardam bermekde uly üstünlikler gazanyldy. Gazanylýan belent derejeler, alnyp barylýan anyk işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artýandygyna we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly adamlar!
Gadyrly telekeçiler!


Bu halkara maslahatynyň daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga oňat mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn.

Siziň hemmäňizi Halkara telekeçiler maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow