Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzap gidýän türkmen halkynyň ajaýyp halysy, şaý-sepleri ýaly, ýelden ýüwrük bedew aty hem milli baýlyklarynyň biridir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr.
Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan örän uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.
Ak mermere beslenen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzda atçylyk sungatynyň ösmegine badalga berýän buýsançly wakalardyr.
Şeýle hem ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi atçylyk sportuna uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly myhmanlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem baýramçylyk mynasybetli atçylyk pudagy boýunça halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilýändigini we oňa dünýäniň ençeme döwletlerinden köp sanly kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahatyna daşary ýurtlardan belli alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmek isleýän dürli kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenleri dünýäniň atçylyk pudagy boýunça ösen döwletlerinde yzygiderli iş saparlarynda bolýarlar. Halkara sergilerine, bäsleşiklerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň Watanynda hem halkara derejesindäki çäreleriň giň gerimde geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirer.
Biz türkmen halkynyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, bedew üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe üns bereris. Çünki ahalteke bedewleri biziň milli buýsanjymyz we şan-şöhratymyzdyr.
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Sizi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VIII halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow