Ï Halkara ahalteke atçylyk аssosiasiýasynyň VI mejlisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ahalteke atçylyk аssosiasiýasynyň VI mejlisine gatnaşyjylara

view-icon 914
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Sizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisiniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty müňýyllyklardan bäri äleme dolup gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Soňky ýyllarda dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň at-owazasy täze belentliklere göterildi. Ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýanyň döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, gysga wagtyň içinde dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary we hususy atşynaslar Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyz bütin dünýäniň atşynaslarynyň we bedew janköýerleriniň arasynda uly goldaw tapdy. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän günlerine gabatlanyp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär hem-de bu mejlisiň dowamynda ahalteke atçylygyny ösdürmegiň we özara hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryna degişli çözgütler kabul edilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine dünýäniň birnäçe ýurdundan wekiller gatnaşýarlar. Häzirki wagtda daşary ýurtlardan we Türkmenistandan assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirýän edara görnüşli hem-de şahsy taraplaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa dünýä halklarynyň biziň behişdi bedewlerimize bolan söýgüsiniň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly atşynaslar!

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esasy wezipesi ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň we bu ugurdan hünärmenleriň atçylygy ösdürmek barada edýän tagallalaryny birleşdirmekden we alyp barýan işlerini utgaşdyrmakdan, atçylyga bagyşlanan duşuşyklary, dürli ylmy maslahatlary, bedew bäsleşiklerini we ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara sergilerini guramakdan hem-de geçirmekden ybaratdyr.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Behişdi ahalteke atlary» žurnaly ýurdumyzda we dünýäde ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişi, ahalteke bedewleri baradaky taryhy we beýleki gymmatly maglumatlary, bu ugurda atşynaslarymyzyň alyp barýan işlerini giňişleýin beýan etmekde we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Assosiasiýanyň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurda işleýän hünärmenleriň we bilermenleriň işini utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň internet ulgamynda döredilen ýörite saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke atlary baradaky gymmatly maglumatlary toplamaga uly ýardam berýär.

Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek maksady bilen, türkmen bedewlerini dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrmak boýunça örän uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän atşynaslar, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, alymlar we bedew janköýerleri ahalteke atlarynyň Watany bolan Türkmenistana gelmek bilen, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy bilen hem tanyşýarlar.

Hormatly adamlar!

Türkmen halky asyrlarboýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy saýyp gelipdir. Häzirki wagtda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek üçin häzirki zaman atçylyk sport toplumlary, ýokary derejeli atşynaslary taýýarlamak üçin okuw merkezleri, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Türkmen topragynda ýetişdirilen behişdi bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň baýramy uly dabara bilen bellenip geçilýär. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns we goldaw berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!


Sizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara mejlisiniň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm çärä öwrüljekdigine, atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna uly ýardam etjekdigine berk ynanýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.