Ï Türkmenistan—Koreýa Respublikasy: ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—Koreýa Respublikasy: ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 835
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň goldaw bermeginde “Koreýa Respublikasy—Merkezi Aziýa” forumynyň çäklerinde guralan ulag, logistika we düzüm boýunça türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş, Awtomobil hem-de Demir ýol ulaglary, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Koreýa Respublikasynyň ýer, düzüm we ulag ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar Aşgabada geldi. Onuň düzüminde Koreýanyň Awtoýollar korporasiýasynyň, Ulag institutynyň we “Hyundai Engineering Сo., Ltd”, “Daewoo International Сorporation”, “Doosan Heavy Industry” ýaly iri kompaniýalaryň wekilleri bar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň biragyzdan beýan eden pikirlerine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Seula we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Heniň 2014-nji ýylda Aşgabada bolan döwlet saparlarynyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Soňky duşuşygyň barşynda Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgasy bolan “Gündogar — Günbatar” hem-de “Demirgazyk —Günorta” ugry boýunça ulag we logistika düzümini ösdürmegiň çäklerinde ulag ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Koreýa Respublikasynyň Prezident Pak Kyn Heniň “Ýewraziýa başlangyjyna” doly laýyk gelýän taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň aprelinde Seul şäherine bolan döwlet saparynyň barşynda bu pudakdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda milli Liderimiz Türkmenistan birnäçe goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda “Gündogar — Günbatar” hem-de “Demirgazyk —Günorta” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we logistika düzümi boýunça köp şahaly ulgamy döredýär. Ol Hazar deňziniň, Gara we Baltika deňizleri basseýniniň sebitlerine çykýan ulag geçelgelerini öz içine alar. Munuň özi Aziýa—Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çäginiň üstünden geçýän Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna oňaýly ýoly üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýakyn geljekde türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüler diýip belledi.

Bazarlara ulag gatnawlaryny üpjün etmek üçin ýük daşamak işleri babatdaky meseleleriň şertleri, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri şu günki geçirilen maslahatyň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi.

Maslahatda çykyş eden koreýaly bilermenler Türkmenistanyň yklymyň häzirki döwürde kemala gelýän ulag ulgamyny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini, şu günki duşuşygyň bolsa sebitde hyzmatdaşlygy we ulag gatnaşyklaryny ösdürmegi pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny aýtdylar. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny belläp, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” syýasatynyň sebit hem-de ählumumy möçberde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygyna öwrülmeginde ähli mümkinçilikleri üpjün edýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran we Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil hem-de demir ýol köprüleri, Aşgabatda we welaýatlarda gurulýan döwrebap deňiz menzilleri, ýokary tizlikli gara ýollar, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili, şeýle hem häzirki döwürde ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän desgalar halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Ýurdumyz Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Onuň esasy wezipesi Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde köp şahaly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Döredilýän düzümler şol bir wagtyň özünde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen taslamalara tehniki taýdan goldaw bermek hem-de olara maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bolup durýar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadan günbatarlygyna ulag geçelgeleriniň döredilmegi Ýewraziýa yklymynyň ägirt uly ykdysady gatnaşyklary täze ugurlar boýunça baglanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Türkmen tarapynyň wekilleri 2011 — 2030-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna aýratyn ünsi çekdiler. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyz yklymüsti ykdysady köpri, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlary boýunça ykdysadyýetiň we ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň çalt depginlerde ösdürilmegi bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasy wezipeleri dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, milli düzümiň mundan beýläk-de giňeldilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar meselesinde işjeň orun eýelän Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary ýokary depginlerde durmuşa geçirmegi, sebitde we yklymda köp şahaly ulag düzüminiň kemala getirilmegine netijeli goşant goşmagy öňe sürýär.

Şeýle hem maslahatyň barşynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda strategik gatnaşyklary durmuşa geçirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hünärmenler we bilermenler Ýewraziýa yklymynda ulag gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar. Bu ulgamdaky özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş ýagdaýyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer we tutuş yklymyň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň bähbidine maýa goýum serişdeleriniň akymyny, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üpjün eder.