Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Halkara telekeçiler maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Halkara telekeçiler maslahaty öz işine başlady

view-icon 667
Maslahata gatnaşýan ýurtlaryň sanawy hem daşary ýurtly işewürleriň türkmen telekeçileri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, BAE-niň, Kanadanyň, Ispaniýanyň, Finlýandiýanyň, Niderlandlaryň, Belgiýanyň, Serbiýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň, Belarusuň, Litwanyň, Latwiýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Forumyň işine biziň tarapymyzdan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, milli önümiň haryt dolanyşygyny öwrenmek baradaky Milli institutynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşýarlar.

Işjeň duşuşygyň esasy maksady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, oňyn gatnaşyklary ösdürmekden we anyk netijeleri gazanmak üçin giň tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Açylyş dabarasynyň barşynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara telekeçiler maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistanda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamagyň, hususy kärhanalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde tutýan ornuny artdyrmagyň, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberinde hususy pudagyň paýynyň barha ýokarlanmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigine, milli ykdysadyýetiň ösüşlerine telekeçilik ulgamynyň mynasyp goşant goşýandygyna şaýatlyk edýändigi nygtalýar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi diňe bir türkmen telekeçileriniň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň işewür toparlarynyň maýa goýum taslamalaryny görkezmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary işläp taýýarlamaga ýardam etmelidir. Ýygnananlar duşuşygy guramaga hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ýardam berendigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamda halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin bu wakanyň wajypdygyny nygtadylar.

Umumy mejlisiň milli ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ösdürmekde hususy ulgamyň tutýan ornuna bagyşlanan birinji bölüminde daşary ýurtly wekiliýetler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgini we geljegi bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän sazlaşykly makroykdysady syýasat we oňyn özgertmeler döwletimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ykdysady kuwwat şeýle hem önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlete dahylsyz ulgamyň ösdürilmegi uly ähmiýete eýedir. Ol türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu guramanyň öň 500 agzasy bolan bolsa, häzirki wagtda ol işjeň telekeçileriň hem-de işewürleriň ägirt uly toparyny özüne birleşdirýär. Häzirki döwürde bu guramanyň agzalarynyň sany 14 müňden hem geçýär, hususy kärhanalarda hem-de telekeçilik işiniň dürli ulgamlarynda 150 müňden gowrak adam işleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Rysgal” paýdarlar-telekeçilik bankyny hem-de Telekeçiler mekdebini esaslandyrdy. Ýurdumyzyň işewürleri döwlet Baştutanymyzyň hususy köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek baradaky başlangyjyny ilkinjiler bolup goldap, “Rysgal” gazetini döretdiler. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary döwletimizde demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Hususy işewürligi giňeltmek hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary höweslendirmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ägirt uly goldawy döwlete dahylsyz ulgamyň üstünlikli kemala gelmegine ýardam etdi. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky Kanunlaryň kabul edilmegi, şeýle hem bu ulgamda sazlaşykly ösüş konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy şol ugurda möhüm ädim boldy.

Hususy kärhanalar, telekeçiler, oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýeňillikli şertlerde karzlaşdyrylmagy, şeýle hem salgyt ulgamynda has amatly ýagdaýyň üpjün edilmegi we eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň ýönekeýleşdirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle ýagdaýyň döredilmegi içerki bazary özümizde öndürilen ýokary hilli harytlardan doldurmaga, eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň we giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Häzirki döwürde birleşmäniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlary çykarmak boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar söwda, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalyk ulgamlarynda, azyk senagatynda, dokma pudagynda, tikinçilikde, mebel we aýakgap önümçiliginde we beýleki ugurlarda üstünlikli işleýärler. Hususy ulgamyň wekilleri bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça hem netijeli işleri alyp barýarlar, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny edýärler.

Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmak ynanylýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyna gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň düzümini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn bellemelidiris.

Ýurdumyzyň jemi içerki önümde döwlete dahylsyz ulgamyň paýyny häsiýetlendirýän görkezijiler aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Häzirki günde bu görkeziji 62 göterime, şol sanda senagatda 54 göterime, oba hojalygynda 70 göterime, gurluşykda 77 göterime, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 72 göterime, söwdada 93 göterimden gowraga barabardyr. Mundan başga-da, ýurdumyzyň bazarlary et-süýt önümleri bilen doly üpjün edildi, ilatymyzyň gök önümlere bolan islegleri kanagatlandyryldy.

Türkmen telekeçileri täze marketing çemeleşmelerini özleşdirýärler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýokary hilliligi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda hem isleg bildirilýär. Hususy telekeçileriň süýji-köke önümleri dünýäniň 7 ýurduna eksport edilýär. Goňşy Owganystanda 70-e golaý dükanda ýurdumyzyň kiçi we orta kompaniýalarynyň harytlary satylýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy Hytaý Halk Respublikasynda we söwda merkezi Gruziýada açyldy.

Çykyş edenler daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň ösýän gatnaşyklar barada aýdyp, diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Russiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň telekeçiler birleşikleriniň arasynda ylalaşyklara gol çekilendigini nygtadylar. Birleşmäniň agzalary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerine, dürli çärelere gatnaşýarlar. Mysal üçin, türkmen telekeçileri tarapyndan çykarylýan harytlaryň köp görnüşi EXPO—2013-de (Şanhaý, HHR), Sian şäherinde (HHR) geçirilen Ýüpek ýoly halkara sergisinde, Halkara Izmir sergisinde, EXPO—2015-de (Milan, Italiýa) we beýlekilerde görkezildi. “Altyn güýz — 2014” sergisinde (Moskwa, RF) ýurdumyzyň telekeçileri ýokary hil üçin altyn medallaryň üçüsine mynasyp boldular.

Foruma gatnaşyjylaryň ünsüne hödürlenen wideo tanyşdyrylyş sekiz ýylyň dowamynda iri jemgyýetçilik birleşmesine öwrülen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan häzirki ösüşinde türkmen telekeçileriniň ornunyň yzygiderli ýokarlanmagyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýändigini görkezdi.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar işewürligi alyp barmagyň, şol sanda Türkmenistanda importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportynyň möçberlerini artdyrmak boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalary babatda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň hasabyna işewürligi ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Çykyşlarda ýurdumyzyň makroykdysady hem-de maýa goýum ýagdaýyna giňişleýin syn berildi. Foruma gatnaşyjylar işewürligi alyp barmagyň hukuk esaslary hem-de halk hojalygynyň dürli pudaklarynda özara gatnaşyklaryň giň geljegi we mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Dünýädäki çökgünlige garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi oňyn ýagdaýda bolmagynda galýar. 2015-nji ýyl üçin makroykdysady görkezijiler hem muny tassyklaýar. Şol döwürde jemi içerki önümiň ösüşi 106,6 göterime, şol sanda senagatda 103,1 göterime, gurluşykda 108,1 göterime, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 109,8 göterime, söwdada 110,4 göterime, oba hojalygynda 107,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterime barabar boldy. Daşary ýurt maýalarynyň möçberiniň artmagy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy şerti boldy, onuň köp bölegi önümçilik ulgamyna gönükdirilýär.

Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, daşary ýurtly maýadarlaryň işewürligi üstünlikli alyp barmagy üçin amatly şertleri döredip, uzakmöhletleýin, özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlyga çalyşýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, durmuş taýdan ähmiýetliligi hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň üstünlik gazanmagy üçin has täsirli gurallary gözlemek şol hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, biziň döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler arkaly daşary ýurtlaryň işewür toparlaryna, maýadarlara uly goldaw bermäge taýýardyr. Maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin degişli düzüm ösdürilýär, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm hukuk resminamalarynyň biri bolup durýar. Bu Kanun daşary ýurt işewürleriniň biziň ýurdumyzyň çägindäki işiniň hukuk esaslaryny kadalaşdyrýar hem-de daşary ýurt maýalaryny goýmagyň usullaryny kesgitleýär.

Dünýä tejribesini öwrenmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga bagyşlanan mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet ösüş strategiýasynda okgunly ösüşiň uzakmöhletleýin kuwwatyna eýe bolan hem-de ilatymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň kemala getirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin önümçilik toplumyny netijeli döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnologiýalaryň esasynda ösýän ykdysady düzümi döretmegiň hasabyna ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnama işjeň durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň we hyzmatlar ulgamynyň ähli ugurlary boýunça dünýäniň dürli döwletleriniň abraýly maliýe düzümleri hem-de esasy işewür toparlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Şol düzümler bolsa öňdebaryjy tejribä we innowasion tehnologiýalara eýedir. Olar köp sanly bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde üstünlikli ulanylyp bilner.

Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, “Silk Road” halkara söwda edarasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň, “Esewan” we “CISCO” (Russiýa Federasiýasy) , “Kazesp” (Ispaniýa), “Valio” (Finlýandiýa), “Chemonics international inc.” (Gazagystan), “Greisinger” (Awstriýa), “China Certification and inspection group Xinjiang Co.Ltd.” (HHR), “Deloitte Consulting”, “Quantum International” (ABŞ), “Robert Bosch” (GFR), “MIKROINVEST BULGARIA” (Bolgariýa), “FHG International” (Kanada) kompaniýalarynyň Beýik Britaniýanyň Standartlar institutynyň wekilleriniň çykyşlarynda ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, olaryň maýa goýum innowasion düzümini çuňlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipler beýan edildi. Daşary ýurtlaryň esasy maýadarlarynyň strategik bähbitleri ägirt uly tebigy serişdeleriň bardygy, döwletimiziň eksport we üstaşyr kuwwaty, onuň önümçiliginiň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de okgunly ösýän bazary bilen şertlendirilendir. Bu ýagdaýlaryň ählisi maýa serişdelerini amatly goýmak üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Forumyň işiniň birinji gününiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Ertir Halkara telekeçiler maslahaty öz işini dowam eder.