«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 140-a golaý wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylaryny we esasy hünärmenlerini hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny Hazaryň türkmen kenarynda jemlän Halkara telekeçiler maslahaty öz işini tamamlady.
Wekilçilikli maslahatyň ikinji gününiň esasy meselesi halkara ulag düzümini we logistikany ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyldy. Bu meseläniň möhümdigi, ozaly bilen, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň özboluşly derwezesi bolan ýurdumyzyň, ulag ýollarynyň çatrygynda amatly geografik ýagdaýy eýelemegi bilen şertlendirilendir. Biziň döwletimiziň ägirt uly üstaşyr kuwwaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde ählumumy ulgama işjeň çekilýär. Şunda milli Liderimiziň pikirine görä, Türkmenistanyň bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleri entek doly açylmady.
Bu meseläniň möhümdigi şu ýyl durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçirilmegi bilen hem kesgitlenendir. Ol durnukly köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek hakynda BMG-niň 2015-nji ýylda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda paýtagtymyzda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, bu resminama döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan makullanylan halkara ulag meseleleri boýunça ikinji resminama bolup durýar. Bu mesele boýunça birinji Kararnama 2014-nji ýylda kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Aşgabatda geçirilen, halkara hyzmatdaşlygynyň, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanylan ýokary derejeli halkara maslahatyň bu hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berendigini bellemek gerek.
Dördünji umumy mejlisde ýurdumyzda ulag pudagyny ösdürmegiň geljegi, şeýle hem degişli ugurda milli, sebit we yklym derejedäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hakynda hasabatlar bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. 2009-njy ýylda Mary şäherinde täze howa menzili toplumynyň açylmagy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň açylmagy muňa aýdyň mysal bolup durýar. Häzir Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan halkara derejeli täze howa menzili yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr nokat bolup hyzmat eder. Bu desgalaryň sanawynda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň merkezindäki howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem görkezildi.
Deňiz arkaly ýük daşamaga ýurdumyzyň daşary-ykdysady gatnaşyklarynda möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan “Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan gämileri kabul etmäge ukyply köpugurly duralgalary bolan täze deňiz duralgalary bina edilýär.
Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykalgasy bolan Gündogar—Günbatar we Günorta—Demirgazyk ugurlary boýunça sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara dürli döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalary mundan beýläk-de çekmek babatda uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, ulanmaga berlen Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýolunyň hem-de gurluşygy dowam edýän Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan polat ýolunyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle hem çykyş edenler Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar (Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman) halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işleriň möhümdigini bellediler.
Döwrebap gara ýollarynyň gurulmagy türkmen ykdysadyýetiniň ulag ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Tutuş ýurdumyzyň içinden çekilýän Aşgabat—Garagum—Daşoguz, Türkmenbaşy—Aşgabat—Farap gara ýollarynyň esasy häsiýetnamasyny dünýä ölçeglerine laýyk gelmekden ybaratdyr. Toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlaryny doly çalyşmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumat beriji tablolary, LED-monitorlary we beýlekileri oturtmak işleri alnyp barylýar. Bularyň hemmesi ulag gatnawlaryny amatlaşdyrmaga hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň köpelýändigini nazara almak bilen, ýollaryň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), EYK we ESKATO guramalarynyň tejribesi esasynda Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak baradaky teklip bilen çykyş edendigi bellenildi.
Fewral aýynda, Hytaý—Gazagystan—Türkmenistan—Eýran ugry boýunça Sarahs demir ýol menzili arkaly synag otlusynyň geçmegini ulag ulgamyna maýa goýumlarynyň ähmiýetlidiginiň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu polat ýoluň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolup, ýolda geçilýän wagt iki hepdä barabardyr, munuň özi deňiz arkaly geçilýän wagtdan iki esse tiz bolup, oňa 25-30 gije-gündiz sarp etmeli bolýar.
Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermegine görä, goňşy ýurtlaryň birnäçesiniň, şol sanda ýurdumyzyň çäginden geçýän bu ýol Gündogar Hytaýyň kenaryndan Pars aýlagynyň bazarlaryna ýa-da Hazaryň üsti bilen Kawkaza, soňra Türkiýä, Orta Ýer deňziniň kenarlaryna, Ýewropa we beýleki ugurlara ýükleri tiz ýetirmegiň ilkinji logistik çözgüdi bolup durýar. Çünki häzir Türkmenistanda gadymy Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde döwrebap halkara gara ýol, demir ýol we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýoly bilen gabat gelýän bu ugurlar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.
Umuman, amala aşyrylan we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli taslamalar Hytaý we Hindistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykalgasy bolan Günorta we Gündogar ugurlarda ulag ulgamyna goşulmaga niýetlenendir. Bu bolsa iri sebitleriň durnukly ösmegine oňyn täsir etmäge ukyply ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň täze, giň gerimli görnüşiniň döredilmegini aňladýar.
Netijeli ýagdaýda geçen ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda MTS german kompaniýasynyň, “Üçge” türk kompaniýasynyň wekilleri hem-de beýlekiler bu ýere ýygnananlary öz kompaniýalarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak hakynda tekliplerini beýan etdiler. Maslahata gatnaşyjylar soňky ýyllarda dünýäde maliýe çökgünliginiň bolup geçmegine garamazdan, Türkmenistanyň özüni uzakmöhletleýin durnukly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanmak bilen bellediler.
Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri türkmen kärdeşlerine öz tejribesini hem-de döwrebap tehnologiýalaryny bermäge taýýardygyny beýan etdiler, munuň ýurdumyz we beýleki döwletler üçin örän uly ähmiýeti bolar. Bellenilişi ýaly, logistikanyň nukdaýnazaryndan döwletimizi nebitiň we gazyň eksportuna goşmaça oba hojalyk önümlerini hem iberýän ýurt hökmünde görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen çig malynyň maslahata gatnaşan, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi üçin örän möhümdigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň ösmeginde ulagyň möhüm orny barada aýdyp, ulag logistikasy babatda maýa goýumlarynyň sebitiň we dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam etmelidigini biragyzdan bellediler. Olaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli we halkara ähmiýetli iri taslamalarynyň amala aşyrmagy netijesinde Türkmenistan diňe sebitde däl-de, eýsem, yklymda hem möhüm logistik merkeze öwrülip biler.
Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň bardygyny belläp, şunuň ýaly hukuk binýadynda we hökümetiň hemmetaraplaýyn goldaw bermeginde özara gatnaşyklary berkitmek, täze işläp düzmeleri ornaşdyrmak babatda, ulag-üstaşyr ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeldip boljakdygyna ynam bildirdiler. Bu işiň netijeliligi köp babatda täze usullary işläp taýýarlamakda tagallalaryň birleşdirilmegine baglydyr.
Şeýle hem maslahatda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhy we medeniýeti, köpdürli tebigy ýerler, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen Gadymy Nusaý, Merw we Köneürgenç ýaly arheologik ýadygärlikler, Gadymy Marguşyň paýtagty Goňurdepe, Altyndepe, Paryzdepe, Dehistan — bularyň hemmesi bütin dünýäniň köp sanly syýahatçylaryny ýurdumyza çekýär.
Dürli taslamalary, şol sanda ekologiýa syýahatçylygy ýaly ugry amala aşyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar. Bu babatda Köpetdagyň gözel künjekleriniň, Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, Amyderýanyň kenarynyň, Köýtendagyň, ýurdumyzyň günorta-günbatar subtropik sebitleriniň ajaýyplygy bellenildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda hem uly mümkinçilikler açylýar, bu ýerde soňky birnäçe ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy kemala geldi. Saglygyňy berkidýän tebigy şypahanalaryň mekany bolan Köpetdagyň günorta çäkleri örän özüne çekijidir. Arçman, Baýramaly, Mollagara, Ýylysuw we beýleki tebigy çeşmeler öz melhemliligi bilen dünýäniň iň gowy şypahanalary bilen bäsleşip bilýär. Mahlasy, bu ugurda teklipleriň bazary, maýa bäsdeşligi we olara maýa goýmagyň şertleri emele gelýär.
Mejlisiň maksatnamasy tamamlanandan soň, Halkara maslahatynyň işiniň netijeleri jemlendi. Maslahatda beýan edilen pikirleriň we teklipleriň durmuşa geçirilmegi halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin düýpli maýa goýumlaryny çekmäge, telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder. Biziň ýurdumyz özara bähbitlilik, milli bähbitleri we halkara hukuk kadalaryny berjaý etmek, öz üstüňe alan borçnamalaryňy päk ýürekden ýerine ýetirmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, entek ulanylmadyk ätiýaçlyklary herekete getirmek mümkinçiligi hem bar.
Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda maslahaty geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler, milli we halkara taslamalary amala aşyrmakda hemmetaraplaýyn goldawyň berilmegi, telekeçilik we maýa goýum işlerine amatly şertleriň döredilmegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.