Mejlisde Gagauziýa awtonom-çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet Sebitiň halk ýygnagynyň başlygy D.Konstantinowyň ýolbaşçylygynda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhmanlar göwnaçyk kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen parlamentarilerini ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bu baýram halkyň öz däp-dessurlaryna, bahasyz milli mirasy gorap saklamaga hemişe ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Bütin dünýä meşhur ahalteke atlary şol mirasyň uly bölegini tutýar. Biz uly dabaralara gatnaşmaga hem-de bu ajaýyp baýramçylygy doganlyk türkmen halky bilen deň paýlaşmaga tüýs ýürekden şatdyrys diýip, D.Konstantinow aýtdy hem-de etniki taýdan ýakyn bolan türkmen hem-de gagauz halklarynyň ruhy we taryhy umumylygyny, olaryň köp asyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygyny hem-de hormat goýýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň düzümi we ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň halkara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.
Hataryna dolandyryş edarasynyň, sebitiň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, halk ýygnagynyň deputatlary giren Gagauziýa awtonom-çäkli düzümiň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň ähmiýetlidigini nygtap, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, iki halkyň taryhy taýdan emele gelen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar birnäçe möhüm ugurlar boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Gagauziýa awtonom-çäkli düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanýandygyny tassykladylar.
* * *
Gagauziýa awtonom-çäkli düzümiň wekiliýetiniň agzalary saparynyň çäklerinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak bilen birlikde, ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, muzeýlere baryp görer hem-de paýtagtymyzyň gözellikleri bilen tanşar.