Ähli halk tarapyndan bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Açyk maneži ulanmaga bermek dabarasy boldy, şeýle hem ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçirildi.
Iki ýyl mundan ozal Aşgabat atçylyk sport toplumynda üsti ýapyk manežli Okuw merkezi açyldy, şol ýerde atçylyk sportunyň at çapyşygy, marafon, konkur ýaly görnüşleri we beýlekiler boýunça türgenler taýýarlanylýar. Merkez multimediýa tehnikasy, simulýatorlar we çapyksuwarlar üçin trenažýorlar bilen üpjün edildi. Ine, şu gün ýene-de bir täze desga açylýar.
... Irden döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan täze desganyň esasy girelgesine geldi. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Baýramçylyk dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, il sylagly ýaşulular, atçylar, seýisler, çapyksuwarlar, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda paýtagtymyzda her ýyl atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara forumlara — Halkara atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisine, halkara sergi-ýarmarka hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.
... 2015-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Rimiň syýahatçylyk gymmatlyklarynyň biri hem-de Italiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň höwes bilen dynç alýan ýeri bolan meşhur “Willa Borgeze” seýilgähine baryp gördi. Şol ýerde Siýena meýdançasy ýerleşýär, onda atly dabaralar geçirilýär. Bu dabaralara köp sanly tomaşaçylar ýygnanýarlar. Milli Liderimiz seýilgäh boýunça gezelenç mahalynda karabinerler atly polkuň bölüminiň atlylarynyň maşk edişine syn etdi. Polkuň wezipesi bolsa hormatly eskorty üpjün etmekden, döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine hyzmat etmekden ybaratdyr. Bu atly bölümiň serkerdesi seýilgähde dostlukly döwletiň Baştutanynyň gezim edýändigini eşideninde, atlylaryň türgenleşiginiň arasyny kesdi we olary dabaraly nyzama düzdi. Olar hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçdiler.
Şonda türkmen Lideri karabinerleriň atly polkunyň serkerdesi bilen söhbetdeş boldy, türgenleşigiň usullary barada sorady hem-de ahalteke bedewlerini taýýarlamagyň milli mekdebi barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz serkerdä “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny sowgat berip, ony we gullukdaşlaryny deňsiz-taýsyz behişdi bedewleriň Watany bolan ýurdumyza myhmançylyga çagyrdy. Ine, Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Italiýanyň karabinerler atly polkunyň serkerdeleriniň birnäçesi Aşgabada geldi.
... Aýdym-saz we tans toparlary hormatly Prezidentimize ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezýärler. Olar baýramçylyk mynasybetli köp öwüşginli çykyşlaryny taýýarladylar, çykyşlarda milli däp-dessurlarymyz, taryhy geçmiş hem-de häzirki döwrüň utgaşdyrylyp, sazlaşykly ösdürilýändigi şöhlelendirildi. Ýaş jigitleriň hem-de halyçy gyzlaryň gutlag aýdymynyň sazynyň astynda ýerine ýetiren tansy dabara gatnaşyjylaryň ählisine şatlyk hem-de ruhubelentlik paýlady. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary, şol sanda italiýaly karabinerleri mähirli mübärekledi we söhbetdeşlikde ýurdumyzyň olarda galdyran täsiri bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda dabaraly ýagdaýda täze Açyk manežiň toý bagyny kesýär we onuň çäginden ýöräp geçýär. Ýygnananlaryň ählisi “Arkadaga şöhrat!” diýip, milli Liderimizi mübärekleýär.
70 gektar meýdanda ýerleşýän bu desga tutuş atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde guruldy we özüne wip-münberi, her biri 300 orunlyk, tomaşaçylar üçin niýetlenen iki münberi, ýaryş konkur meýdançasyny (8,2 müň inedördül metrden gowrak), türgenleşik meýdançasyny (0,32 gektar), dürli hojalyk we kömekçi tehniki desgalary, awtoulag duralgasyny birleşdirýär. Bu ýerde 14 müň inedördül metrden gowrak meýdana agaç nahallary hem-de bezeg gülleri ekildi. Umuman, paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilen taslamanyň çäklerinde 53,8 müň inedördül metrden gowrak ýer abadanlaşdyryldy. Şol ýerde suw çüwdürimi hem guruldy, pyýadalar üçin ýodajyklar çekildi.
Konkur manežiniň özi bolsa toprak ýodajykly gönüburçly meýdança görnüşindedir, onuň uzynlygy 100 metr, ini bolsa 50 metre barabardyr. Ýodajyklaryň ugrunda wideotablo ornaşdyryldy. Manežiň meýdançasy, abadanlaşdyrylyşy we enjamlaşdyrylyşy bu ýerde halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Ýaryş we türgenleşik meýdançalaryna ýörite gum düşeldi, ol meýdançanyň kadaly bolmagyny üpjün edýär hem-de bedewleriň özüni duýşuna oňyn täsir edýär.
Gumuň kadaly ýagdaýda saklanmagy, onuň atlaryň bogunlaryny şikeslerden goramagy üçin meýdançany çalt we ýokary hilli boronalamak we tekizlemek üçin ýörite enjam alyndy.
... Türkmenistanyň Prezidenti Açyk manežiň wip gatynda özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar. Alypbaryjy milli Liderimizi we baýramçylyk dabara gatnaşýanlaryň ählisini mübärekleýär, konkur barada gürrüň berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça konkur Aziada — 2017-niň sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Konkur atçylyk sportunyň has gyzykly görnüşleriniň biridir, ol Fransiýada ХIХ asyryň ortalarynda döredi. Şonda dürli beýiklikdäki we çylşyrymlylykdaky päsgelçiliklerden atly böküp geçmek ýaryşlary däp bolan Pariž atçylyk sergilerinde geçirilip başlandy. Ilkibaşda ýaryşlar “konkur-ippik” diýlip atlandyryldy. Olara diňe atçylyk mekdepleriniň talyplary gatnaşýardylar, ýöne tiz wagtdan sportuň täze görnüşi giň meşhurlyga eýe boldy: asyryň ahyrynda konkur boýunça çempionatlar Ýewropanyň köp ýurtlarynda geçirilýärdi, 1900-nji ýylda bolsa ol bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolup, tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Sportuň bu görnüşinde üstünlik köp babatda adamyň we atyň sazlaşykly hereketine baglydyr. Üstünlik bolsa köpýyllyk tutanýerli türgenleşikler arkaly gazanylýar. Çapyksuwar batyrgaýlyk, aýgytlylyk ýaly häsiýetlere eýe bolmalydyr. Ol ýaryş mahalynda özüniň sport kömekçisiniň hereketlerini öňünden duýmagy, onuň bilen dil tapyşmagy başarmalydyr.
Atçylyk sportunyň adamyň haýwanyň kömeginden peýdalanýan ýeke-täk professional sport görnüşidigini bellemek gerek. Türkmenistanda at çapmak we at üstünde oýnamak sungatynyň müňýyllyk taryhynyň hem-de baý däpleriniň bardygy netijesinde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda örän gysga wagtyň içinde okgunly ösüşe eýe boldy.
Atçylyk sport tomaşasy başlanýar.
Milli sazyň owazynyň astynda konkur meýdançasyna ajaýyp bedewlere atlanan türgenleriň 10-sy çykýar. Olar bir aýlaw edip, bir hatara düzülýärler hem-de tomaşaçylary mübärekleýärler, şondan soňra konkuryň tilsimlerini görkezýärler, dürli beýiklikdäki päsgelçiliklerden ynamly böküp geçmegi başaran çapyksuwarlaryň we atlaryň sazlaşykly hereketi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Syratly ahalteke bedewleri, göýä ägirt uly guşlar ýaly, päsgelçilikden aňsatlyk bilen geçip, birsydyrgyn çapmagyny dowam edýärler. Olaryň päsgelçiligiň üstünden amala aşyrýan her bir böküşi haýran galan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolýar.
Çapyksuwarlaryň arasynda ýaş çapyksuwarlar bilen işlemek üçin çagyrylan germaniýaly tälimçi bar. Ýaş çapyksuwarlaryň hatarynda bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary we beýlekiler bar.
Konkur meýdançasynda bolup geçýän wakalaryň ählisi uly monitorlaryň birinde görkezildi, beýlekisinde bolsa çapyksuwarlaryň we bedewleriň atlary beýan edildi.
Soňra görkezme maksatnamasy şahsy çykyşlar bilen dowam etdi. Olar biziň ýaş çapyksuwarlarymyzyň atçylyk sportunyň bu görnüşiniň tilsimlerini üstünlikli özleşdirendiklerini tassyklady.
Çykyşlaryň ahyrynda çapyksuwarlar münberiň öňünde ýene-de bir hatara düzüldiler we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda märekä baş egdiler.
Konkur boýunça toparymyzy türgenleşdirýän, özüniň şägirtleri bilen bilelikde üstünlikli çykyş eden Katarina Ýakob atdan düşüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Milli Liderimiz nemes hünärmenine we biziň ýurdumyzyň köne dostuna minnetdarlyk bildirip, çapyksuwarlaryň ählisine sportda we durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz golf-mobilde Açyk manežden atçylyk sport toplumynyň baş binasyna tarap ugraýar. Ýolugra milli Liderimizi ýaş türgenler, aýdymçylar we tansçylar mübärekleýärler. Paýtagtymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar sportuň futbol, woleýbol ýaly oýun görnüşlerinde, şeýle hem agyr atletikada, stoluň üstünde oýnalýan tennisde, söweş sungatynda, karatede, taekwondoda, kikboksingde, boksda we sportuň milli görnüşlerinde — göreşde, ýaglyga towusmakda öz ussatlyklaryny görkezýärler. Paýtagtymyzyň küşt-şaşka mekdebiniň körpe wekilleri — oglan we gyz bir wagtyň özünde köp tagtada küşt oýny görkezýärdiler. Olaryň her biri on we şondan hem köp özlerinden uly ýaşlylar bilen oýnaýardylar.
Şol pursatda toplumyň çägindäki amfiteatrda sirk artistleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olar oýun görkezip we ýörite uzyn taýak aýaklarda ýöräp hem-de böküp, körpeleri güýmeýärdiler.
Ýaş artistler Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde hem joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz çagalaryň zehinine baha berip, özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar. Münberlerde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler bar.
Gadym döwürlerden bäri türkmenlerde geçirilýän at çapyşyklary häzirki wagtda parasatly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Çünki at çapyşyklary halk seýisleriniň tebigat bilen sazlaşykda döreden täsin ahalteke tohumynyň iň gowy wekilleriniň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, täsin ýyndamlyk hem-de çydamlylyk bilen ajaýyp sazlaşyk döredýän gaýtalanmajak gözelligiň senasydyr.
Türkmenleriň ata-babalary beýik atçylyk medeniýetiniň gözbaşynda bolupdyr, şol medeniýetiň şan-şöhraty bolsa bütin dünýä ýaýrapdyr. Ata-babalarymyz bedewleri ýaşlykdan seçip alyp we olary beýleki tohumlar bilen garyşmakdan gorap, ajaýyp atlaryň aýratyn tohumyny döredipdirler. Sahawatly türkmen topragy ähli döwürlerde hem-de halklarda iň gowy tohum atynyň ýetişdirilen mekanyna öwrüldi. Şol bedewler bolsa dünýäde meşhur at tohumlaryň birnäçesiniň emele gelmegine uly täsir ýetirdi.
At çapyşygy sportuň iň owadan we gyzykly milli görnüşleriniň biridir. Çapyşyklaryň yzygiderli geçirilmegi netijesinde ýyndam hem-de kuwwatly türkmen bedewleri hemişe sagdyn hem-de uzak ýörişlere taýýar bolupdyr. Munuň özi jigitler üçin hem uly ussatlyk mekdebidir.
Häzirki döwürde atçylyk sporty Türkmenistanda uly meşhurlyga eýedir. Iň esasysy bolsa şunuň netijesinde ýaşlaryň köpüsi ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däplerini dowam etdirip, öz ykballaryny ajaýyp ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar.
Hakyky bedewi ýetişdirmek örän çylşyrymly we yhlaslylygy talap edýän işdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleri başarjaň ata-babalarymyzyň bu ylmyny uly höwes bilen özleşdirýärler. Ýaş çapyksuwarlar ilkibaşdan bedewiň diline düşünmäge, onuň hakyky dosty bolmak üçin at bilen dil tapyşmaga çalyşýar. Diňe şondan soňra olar ata atlanýarlar.
Sportuň bu gyzykly görnüşinden hemmeler lezzet alýarlar. Bu gezek ahalteke bedewleri ýedi çapyşykda öz ýyndamlygyny görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine 10 at goşuldy.
1000 metr aralyga goşulan bedewleriň içinden Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudrat bellenilen aralygy 1 minut 07 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy.
Şeýle hem bu ýaryşda P.Agageldiýewiň hojalygyna degişli Teleguş ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nepis üçünji baýrakly orunlara düşdüler.
Ýene şol menzil boýunça geçirilen ikinji çapyşyk hem örän gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Günhan ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 1 minut 5,8 sekuntda geçdi. Ikinji çapyşykda ikinji baýrakly orny M.Meretnyýazowyň Kiçidagy, üçünji orny bolsa J.Saryýewiň Keşdeli diýen bedewleri eýelediler.
Üçünji çapyşykda hem ýiti bäsleşik boldy. Oňa goşulan bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Baharly athanasyna degişli Bagtyýar atly mele bedew öňe saýlanmagy başardy. Bagtyýar bellenilen aralyga 1 minut 6,4 sekunt wagt sarp etdi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Dagdan atly bedewi ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akmele bolsa üçünji gelmegi başardy.
Nobatdaky çapyşygyň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygyna, hökümet agzalaryna, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine özüniň täze döreden “Gadamy batly bedew” atly kitabyny sowgat berdi.
Hormatly Prezidentimiz olary bu günki dabara bilen tüýs ýürekden gutlap, täze kitabyň baýramçylyk mynasybetli ýakymly sowgat boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz täze kitapda ahalteke bedewleriniň şan-şöhrata beslenen taryhy, olaryň häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny bilen baglanyşykly maglumatlaryň, bedewleriň durmuşy bilen baglanyşykly ajaýyp pursatlaryň, atlaryň gaýtalanmajak gözelliginiň şekillendirilen, janlandyrylan suratlaryň bardygyny aýratyn belledi.
Şeýle hem ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiziň zehininden kemal tapan we halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine, olaryň gözelligine bagyşlanan täze kitap şu günki dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlaryna, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
Milli Liderimiz täze kitabyň bu ýerde gowşurylmagynyň özboluşly many-mazmunynyň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynyň ahalteke bedewleriniň köp sanly şöhratyna şaýatdygyny, bu ýerde ady rowaýata öwrülen bedewleriň ýyndamlyk görkezip, ençeme nesilleriniň aýlawlary baglandygyny, tapawutlanan bedewlere sylag-serpaýlaryň ýapylandygyny aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly taryhy künjegiň häzirki döwürde täze keşbe girendigini belledi.
Durky doly täzelenip, döwrebap derejede abadanlaşdyrylan, täze görnüşe giren aýlawda Türkmen bedewiniň şanyna baýramçylyk dabaralarynyň guralmagy, bu ýerde ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän atçylyk ýörelgeleriniň we bu ugra degişli ýagşy dessurlaryň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra çapyşyklar dowam etdi.
Dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Kement atly Gurtmele bedew bellenilen aralygy 1 minut 3,8 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülsenem ikinji gelmegi başardy, üçünji ýere bolsa şol toplumyň Watançy diýen bedewi mynasyp boldy.
1000 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda geçirilen bäşinji çapyşyk hem ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Onda D.Abbasgulyýewiň hojalygyna degişli Zöhre atly bedew birinji geldi. Ol bu aralygy 1 minut 5,7 sekuntda geçdi. Y.Handurdyýewiň Parahatly bedewi ikinji, D.Durdyýewiň hojalygyna degişli Baharly bolsa üçünji baýrakly orunlara düşdüler.
Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Sona atly mele bedew bellenilen aralygy 1 minut 6,2 sekuntda geçip ýeňiji boldy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kanagat ikinji, M.Meretnyýazowyň hojalygyna degişli Akşäher bolsa üçünji orunlary eýelediler.
Jemleýji ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gurultaý atly gara at ýeňiş gazandy. Bu bedew bellenilen aralygy 1 minut 5,9 sekuntda geçmegi başardy. Ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda seýislenen Gyzyl ikinji, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Esger bolsa üçünji baýrakly orunlara düşdüler.
Atçylyk sport toplumynyň münberlerini dolduryp oturan adamlar çapyşyklara haýran galmak bilen tomaşa etdiler. Çapyşyklaryň arasynda zehinli aýdymçylar we sazandalar baýramçylyk öwüşginini has-da artdyryp, sungatyň dilinde halkymyzyň öz behişdi bedewlerine bolan çuňňur söýgüsini beýan etdiler.
Soňra çapyşyklaryň ýeňijilerine degişli baýraklary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda çapyşyklar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çägi bilen çykalga tarap ugrady we ýolugra ýaşlaryň aýdym-saz toparlarynyň, türgenleriň çykyşlaryna syn etdi we milli şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň däplerini dowam etdirýän ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň işleriniň sergisini gözden geçirdi.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk çäreleri bolsa dowam etdi. Günüň ikinji ýarymynda täze Açyk manežde päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi. Türgenleriň we ahalteke bedewleriniň öňünde dürli beýiklikdäki päsgelçiliklerden geçmek wezipesi durýardy.
Germaniýadan Katerina Ýakob ýaryşlaryň baş emini bellenildi. Onuň pikirine görä, bilelikde işlän döwründe türkmen çapyksuwarlarynyň derejesi has ýokarlandy. Aziada — 2017-ä çenli galan döwürde olar türgenleşigini birjik-de peseltmeli däldirler we mümkin boldugyça, dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşyp, öz ussatlyklaryny ýokarlandyrmalydyrlar.
Şu günki bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar 24-nji aprelde, tutuş ýurdumyzyň Türkmen bedewiniň baýramyny belleýän gününde gowşurylar.
... Şu gün ýurdumyzda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan, Türkmenistanyň halypa çapyksuwarynyň adyna eýe bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen atçylyk pudagyny ýokary sport netijeleri ulgamyna öwürmek üçin ýene-de bir ygtybarly binýat döredildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiziň öz gözelligi hem-de syrdamlylygy bilen haýran galdyryp, ýeten belentlikleri milli atçylyk mekdebimiziň täze taryhy eýýamda hem ajaýyp däp-dessurlarymyzy üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolsa bu asylly ýörelgelere kuwwatly itergi berýär.