Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden Türkmen bedewiniň umumymilli baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde, baharyň ajaýyp pursatlarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene bilen gutlap, milli Liderimize ýurdumyzyň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
Milletimiziň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen we müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýän atşynaslyk däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ähli işgärleriniň we tutuş türkmenistanlylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň baş nyşanyna öwrülen we owadanlygy, ýyndamlygy bilen haýran galdyrýan bedewleriň şöhraty has-da belende göterildi. Milli Liderimiziň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen we köp nusgalykda çapdan çykan kitaplarynda ady rowaýata öwrülen bedewler hakynda gymmatly maglumatlar bar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň okyjylary tutuş dünýä atşynaslygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri bilen şu kitaplaryň üsti bilen has içgin tanşandyr. Häzirki döwürde diňe bir türkmen halky däl, eýsem, ahalteke bedewlerine gadyr goýýan daşary ýurtlular Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň çapdan çykmagyny uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Bu eserde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy we edebi maglumatlar jemlenipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan baýramçylygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu ýörelge ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, belent dabaralara, köpçülikleýin çärelere beslenýär we olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan myhmanlar gelýär.
Türkmenler asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerine uly hormat goýupdyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady. Ahalteke tohumyndaky bedewleriň arasynda 1999-njy ýylda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony bolan Ýanardagyň ýurdumyzyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylygynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar, pudagyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde aýratyn alada edilýär.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, aýlawlar guruldy. Ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw merkezleri döredilýär. Behişdi bedewleriň täze nesil ugruny döretmek boýunça ylmy taýdan seçgi işleri alnyp barylýar. Dürli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň baş nyşany hasaplanýan arassa ganly ahalteke bedewleriniň sany artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň seýislerine we muşdaklaryna gutlag sözlerini aýdyp, döwletimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzda atçylygyň, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, daşary ýurtly hünärmenler bilen özara tejribe alşylmagy, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, pudagyň işgärleri üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi üçin yzygiderli alada etjekdigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamynyň köpasyrlyk däpleriniň saklanylmagyna, baýlaşdyrylmagyna, gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly hemrasyna öwrülen ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna oňyn şerti üpjün edýär.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip hem-de olara bagt, işlerinde üstünlik arzuw edip, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.