Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 794
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şeýh Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýh Jauan bin Hamad Al-Tani döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, milletiň hem-de dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlylygy bolan ganatly bedewleriň öçmejek şan-şöhratyna şaýatlyk edýän, Türkmenistanda geçirilýän giň möçberli dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna, Katar Döwletiniň Emirine we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda şol gatnaşyklara täze itergi berildi.

Duşuşygyň barşynda köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirip, pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Biziň ýurtlarymyz halkara guramalarynyň — Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kataryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararnamalaryň ikisini hem-de ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli möhüm halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belläp, bu ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini tebigy gazy gaýtadan işlemek baradaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga hem-de Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Milli Liderimiz täze energiýa geçirijisiniň tebigy gazyň Günorta—Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge, sebitiň möhüm ykdysady, durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge ýardam etmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň giň möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak, syýahatçylyk ulgamynda we beýleki pudaklarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan, yzygiderli ösýän gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de sport babatda özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

2017-nji ýylda Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Biziň ýurdumyz bu ugurda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu abraýly ýaryşlaryň türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň—sebitdäki iri sport desgalar toplumynyň meýdançalarynda geçiriljekdigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda atçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Köpasyrlyk däpleri nazara almak bilen, ýurtlaryň ikisinde hem atçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň taýsyz tagallalary hem-de behişdi bedewleri dünýä ýaýmak, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek, welaýatlaryň ählisinde döwrebap aýlawlary we iri atçylyk sport toplumlaryny gurmak, abraýly bäsleşikleri geçirmek boýunça anyk çäreleri görmegi netijesinde, ganatly bedewleriň köpasyrlyk şan-şöhratynyň barha artýandygy, bütin dünýäde ahalteke bedewiniň janköýerleriniň sanynyň köpelýändigi bellenildi.

Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Jauan bin Hamad Al-Tani pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan üstünliklerine, şol sanda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze Ahalteke atçylyk toplumynyň tehniki üpjünçiligine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halifa Ahmad Al-Suwaýdi gatnaşdy.