Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

view-icon 826
Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!


Sizi Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzda behişdi bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly atşynaslar!

Müňýyllyklaryň dowamynda merdana türkmen halkynyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn üns berlipdir. Çünki halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolmak bilen, köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir.

Ahalteke bedewleri merdana halkymyzyň dünýä çykaran gaýtalanmajak, beýik we özboluşly sungatydyr. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleri türkmen topragynyň genji-hazynasydyr, hemişelik buýsanjy we milli mirasydyr. Türkmen ahalteke bedewleri özüniň syratlylygy we düşbüligi bilen bütin älemde tanalypdyr.

Taryhy gahrymançylyga öwrülen merdana halkymyz zeminiň iň owadan atlarynyň biri hasaplanylýan ajaýyp bedewleri üçin şaý-esbaplary ýasap, olary uly söýgi bilen bezäpdir.

Zergär ata-babalarymyzyň bu ýörelgesi häzirki döwrüň zergärçilik sungatynda dowam etdirilýär. Şeýle hem eziz Diýarymyzda tutulýan toý-baýramlarda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toýlara gatnaşýan ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak aýratyn uly täsirleri galdyrýar.

Gadyrly atşynaslar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýä döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýörite atşynaslar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi atçylyk pudagyny ösdürmäge uly itergi berýän buýsançly wakalardyr.

Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin täze gurlan açyk manežiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly mümkinçilik döretjekdigine berk ynanýaryn.

Şeýle hem häzirki döwürde türkmen atşynaslary tarapyndan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny saklamak, syna owadanlygyny kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen özara tejribe alyşmak hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler.

Hormatly atşynaslar!

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen türkmeniň buýsanjyna, ýakyn dostuna öwrülen behişdi bedewlerimiz gadymyýetden bäri halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanyp gelnipdir.

Behişdi bedewlerimiziň gözelligi nusgawy edebiýatymyzda hem giňden wasp edilýär. Türkmen halk döredijiliginde gamyşgulak bedewlerimize bagyşlanan çuň many-mazmunly köp sanly nakyllardyr atalar sözleri bar. «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» diýen ýaly ençeme nakyllary döreden halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmändir. Sebäbi ahalteke bedewleri türkmen topragynyň gudraty, türkmeniň ganaty, türkmeniň buýsanjydyr!

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!


Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow