Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Şeýle hem behişdi bedewleriň çeper keşbini sungat eserlerinde iň gowy wasp eden döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Her ýylda geçirilýän döredijilik hem-de bedewleriň gözellik bäsleşigi Türkmen bedewiniň baýramçylygyna özboluşly gözellik çaýmak bilen çäklenmän, eýsem, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň gadymy döwründe we häzirki durmuşynda tutýan ornuny äşgär edýär. Häzirki döwürde bedewler öz gözelligi bilen dünýäniň köpasyrlyk bezegine göwher gaşy bolup, özboluşly öwüşgin çaýýar.
Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar, sazandalar eserlerinde bedewlere bolan söýgini, olaryň wepalylygyny, gözelligini, düşbüligini we ýyndamlygyny wasp edipdirler. Sungat wekilleri bolan suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler hem-de beýleki ussatlar gaýtalanmajak sungat eserlerinde diňe bir ajaýyp bedewleriň keşbini janlandyrman, eýsem, döredijiligiň, aň-paýhasyň, sabyr-kanagatyň we bimöçber döredijilik mümkinçilikleriniň netijesi bolan kämil tohumdaky bedewleri dünýä beren halkymyzyň zehinini beýan edipdirler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijiligiň, ösüşiň belentliklerine bolan ynamly gadamyny alamatlandyrýar. Olar türkmen halkynyň döredijilik zehininiň, milli mirasynyň nesilden-nesle geçirijiligini äşgär edýär. Ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň we dünýä medeniýetiniň taryhy tapgyryny emele getirmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleriniň, pederlerimiziň arzuwlarynyň amala aşmagynyň nyşanyna öwrüldi.
... Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumy baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýerde dabara gatnaşyjylar we myhmanlar şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Bu iri atçylyk toplumynda bedewler üçin aňrybaş şertler döredildi. Munuň özi ýurdumyzda tebigat bilen ynsanyň sazlaşygynyň kämil netijesi bolan ajaýyp bedewleriň uly söýgi we irginsiz alada bilen gurşalandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň baştutanlary, ýakynda VI mejlisi geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, Aşgabatda geçirilen “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahatyň wekiliýetleri ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyga gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we atçylyk pudagynyň işgärleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy Ahalteke atçylyk toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, depesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan toplumyň çägine girdi. Ähli ýerde türkmen toýuna mahsus baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Meşhur ýerine ýetirijiler, döredijilik, tans, folklor toparlary belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Alyp baryjy dabaranyň başlanandygyny yglan edýär. Ol tutuş türkmen halkynyň adyndan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine goşýan şahsy goşandy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlag sözleri, ýurdumyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi baradaky arzuw ýaňlandy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşi türkmen topragynyň bahasyz baýlygy, halkymyzyň kalbynyň ganaty, ähli dabaralaryň baş bezegi hasaplanýan ahalteke bedewleriniň badyna kybapdaşdygy aýdyldy.
Dabaranyň barşynda milli Liderimiziň “Gadamy batly bedew” atly täze kitabynyň tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygy bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň, pudaklaýyn ylmy maslahatyň we serginiň üstünlikli geçendigi aýratyn nygtaldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda marafon ýaryşlaryny we ýetginjek çapyksuwarlaryň çapyşyklaryny guramak asylly däbe öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda açyk manežiň açylmagy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap Aba Annaýew obasynyň döredilmegi, onda täze atçylyk sport merkezi bilen pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, olaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy ýurdumyzda atçylyk pudagynyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syn ediş meýdançasyna çagyrylýar. Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri atçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda edýän atalyk aladasyna çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde milli Liderimize ajaýyp ahalteke bedewlerini sowgat berdiler.
Ýaşulular we ýetginjekler her welaýatdan bir bedewi gezekli-gezegine meýdança çykarýarlar. Ahal welaýatynyň ilatynyň adyndan milli Liderimize Gyşyksakaryň nesil ugruna degişli Almazyň we Gözeliň nesli bolan Nusaý atly mele bedew, Balkan welaýatynyň ilatynyň adyndan bolsa Gyrsakaryň nesil ugruna degişli Keremli-2-niň we Nurananyň nesli bolan Dorbedew atly dor bedewi sowgat berdiler. Daşoguz welaýatynyň ilatynyň adyndan Fakirpälwanyň nesil ugruna degişli Kardinal we Aýna atly bedewleriň nesli bolan Hanmele atly mele bedew, Lebap welaýatynyň ilatynyň adyndan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli Keremli we Gülnahal atly bedewleriň nesli bolan Karar diýen mele bedew, Mary welaýatynyň ilatynyň adyndan Garlawajyň nesil ugruna degişli Garadaşaýak we Aýsenem atly bedewleriň nesli bolan Gyzyldon diýen bedew, Aşgabat şäheriniň ilatynyň adyndan Pereňiň nesil ugruna degişli Parat we Altynaý diýen bedewleriň nesli bolan Akşäher atly bedew sowgat berildi.
Soňra milli Liderimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan Gaplaňyň nesil ugruna degişli Kararyň we Garagöz diýen bedewleriň nesli bolan Meledepel atly dor at sowgat berildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Ýeliň nesil ugruna degişli Gaýduwsyz we Düşümli diýen bedewleriň neslinden bolan Miras atly mele bedew sowgat berilýär.
Halypa atşynas döwlet Baştutanymyza ähli kärdeşleriniň adyndan seýisler, çapyksuwarlar üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirip, bu aladalara mynasyp jogap berjekdiklerine ynandyrdy. Şeýle hem ol milli Liderimizden ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň adyndan sowgat berlen baýramçylyk lybasyny geýnip, Miras atly bedewe atlanmagyny haýyş etdi.
...Çapyksuwaryň lybasyny geýnen hormatly Prezidentimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda meýdança çykyp, bedewi eýerleýär we atyň häsiýeti bilen tanyşýar. Bedew bilen çapyksuwaryň düşünişmegi netijesinde milli Liderimiz bedewe atlanýar.
Toplumyň münberlerini dolduryp oturan tomaşaçylar bu görnüşleri ruhubelentlik bilen synlaýarlar. At çapmagyň ussady bolan milli Liderimiz bedewe ökdelik bilen erk edýär. At çapyksuwaryň emrine maýyl bolup, dürli hereketleri ýerine ýetirýär. Bedewiň sazlaşykly aýak urşy, çeýeligi, çarpaýa galmagy tomaşaçylaryň şowhunlary bilen utgaşýar.
Döwlet Baştutanymyz bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, hatara düzülen atlylar toparyna tarap ugur alýar. Olaryň ikisi gollarynda Döwlet tuguny we Türkmenistanyň Prezidentiniň ştandartyny göterýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly atly ýörişe taýýarlyk barada hasabat berilýär.
Döwlet Baştutanymyz atly toparlara ýolbaşçylyk edip, ak paýtunlara atlanan ýurdumyzyň belli ýerine ýetirijileriniň ajaýyp döwri wasp edýän aýdymlary bilen utgaşan dabaraly ýörişi açýar.
Köp asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize ýeten halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda, matallarda bedewiň keşbi örän nurana we köpöwüşginli beýan edilýär. Şol çeper döredijilikde halkymyzyň milletiň köpasyrlyk buýsanjyna öwrülen bedewlere bolan söýgüsi äşgär duýulýar.
Bedewler köp asyrlaryň dowamynda türkmen halky üçin wepaly dost, syrdaş boldy we şeýle bolmagynda galýar. Halkymyz behişdi bedewlerine çäksiz buýsanç bilen garaýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen toýlarynyň hiç biri bedewsiz geçmeýär.
Şu gün hem Ahalteke atçylyk toplumynyň çägi türkmen toýlaryna mahsus derejedäki şatlyk-şowhunlara beslendi. Bu ýerde türkmen durmuşynyň keşbini alamatlandyrýan ak öýleriň hatary toý tutýan gadymy türkmen obalaryny ýatladýar. Dostlar we myhmanlar üçin ýazylan toý desterhanlary halkymyzyň myhmansöýerligini äşgär edýär.
Bu ýerde folklor we tans toparlary özleriniň aýdym-sazlary bilen türkmen halkynyň dürli görnüşli dessurlaryny, baýramçylyk çärelerini özünde jemleýän etnografik çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olarda türkmen toýlaryna mahsus bolan özboluşlylyk, şatlyk-şowhun äşgär duýulýar. Çagalar milli oýunlary ýaýbaňlandyrdylar. Şeýle hem bu ýerde gazanlar atarylyp, milli tagamlar taýýarlanylýar. Olardan göterilýän ýakymly ys daş-töwerege ýaýraýar. Şadyýan oglanlar we gyzlar uly joşgun bilen küştdepdi tansyny ýerine ýetirýärler.
Şeýle hem bu ýerde çeper senetkärçilik önümlerini görmek bolýar. Toý-dabaralaryň, beýleki medeni çäreleriň dessurlary ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde bu dessurlara döwrebap öwüşgin çaýylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edip barşyna, toplumyň çäginde hatara guralan ak öýlere ýakynlaşanda sähelçe aýak çekdi. Şol pursatda berkarar ýurdumyzyň nurana asmanynda ak kepderileriň 25-si peýda boldy. Kepderileriň sany mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl giňden dabaralandyryljak 25 ýyllyk şanly senesini alamatlandyrýar.
Milli Liderimiz parahatçylygyň, asudalygyň we bagtyýarlygyň baş nyşany hasaplanýan kepderilere syn eden pursadynda, olaryň biri aşaklygyna inip, hormatly Prezidentimiziň egnine döwlet guşy bolup gondy.
Ak öýleriň ýanynda bolsa şu günki dabaralar bilen utgaşan toý çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şu günki dabaralaryň bezegine öwrüldi.
Milli Liderimiz bu ýerde guralan toý dabaralary synlap barşyna şu gün gyz çykarýan maşgalanyň ýanynda atdan düşdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi toý eýeleri myhmansöýerlik däbine laýyklykda garşyladylar we döwlet Baştutanymyza toýuň myhmany bolanlygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Milli Liderimiz, asylly däbe görä, durmuşa çykýan gyzyň alnynyň-bagtynyň açyk bolmagyny arzuw etdi we Mirasa atlanyp ýoluny dowam etdi.
Ýolugra döwlet Baştutanymyz her öýüň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlady. Türkmen halky özüniň durmuş taryhynda toýuň birnäçe görnüşlerini döretdi. Bu ýerde diş toýy, ogul toýy, şeýle hem oglanyň ilkinji gezek bedewe atlanmagy mynasybetli guralýan dabara, ak goýun toýy ýaly ajaýyp dessurlar bilen utgaşýan köpçülikleýin medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hemmesi halk sazlaryna we aýdymlaryna utgaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çägi bilen aýlanyp, tomaşaçylaryň münberiniň öňündäki meýdança gelip, bedewini çarpaýa galdyrdy. Bu görnüş el çarpyşmalar bilen garşylandy. Milli Liderimiz bu ýerden dabaraly ýöriş bilen geçen atly topary synlady.
Atly gezelenji tamamlap, döwlet Baştutanymyz bedewden düşüp, şu günki guralýan dabara mynasybetli mähriban käbesi Ogulabat ejäniň atyň boýnuna dakmaga niýetläp ýörite dokan alajasyny bedewiň boýnuna dakdy.
Soňra dabara gatnaşyjylar münberiň öňünden geçen toýçy märekäni uly ruhubelentlik bilen mübärekledi. Bu ýerde guralan toý çäresi halkymyzyň gadymy däbine görä gelnalyjynyň ugramagy bilen tamamlandy. Ýaş çapyksuwarlar hemmeleri toý dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdylar.
Türkmen halkynyň maşgala dessurynyň çuňňur manysy bar. Çünki bu ýörelge nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy emele getirip, durmuş joşgunlylygyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýerde guralan dabaralarda degişmeler, gülki, şatlyk-şowhun esasy orunda boldy. Kejebeli maýa gelende, özüne serpaý berilmese düýäniň çökerilmejekdigini düýeçi mälim edýär. Kejebeli maýa serpaý ýapylyp, ol çökerilýär we gelin düşürilýär.
Soňra dabara gatnaşyjylara süýji nygmatlar hödür edilýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan küştdepdi tansy dabara özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu gadymy tansy gyzlar topary at üstündäki ýigitler bilen bilelikde ýerine ýetirýärler.
Maşgala agzalary öýlenýän ýigidi we gelni asylly däp boýunça garşylaýarlar. Gelniň barmaklary ak una we ýaga batyrylýar. Munuň özi maşgalada bolçulygyň bolmagy dileg edilip ýerine ýetirilýän dessurdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary ýene bir ýola gutlap, olara täze durmuşda bagt arzuw etdi hem-de şöhratly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynda ýene bir maşgalanyň emele gelýändigini guwanç bilen belledi. Milli Liderimiz ýaşlara Aba Annaýew obasynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryň biriniň açaryny gowşurdy. Soňra milli Liderimiz, toý dessuryna laýyklykda, öýlenýän ýigitden gelniň ýüzüni görkezmegini sorady.
Ýaşlaryň ene-atalary hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar öz maşgalalarynyň bedewden bagt tapandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzdan bilelikde ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.
Soňra ýaş ýigit bilen gelin bedewe atlanyp, ýola düşdüler. Bu bolsa bu ajaýyp dabaranyň jemlemesine öwrüldi.
Soňra ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan we türkmen halkynyň atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegine, behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyna gönükdirilen bu bäsleşik arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek usullarynyň has-da kämilleşdirilmegini şertlendirýär.
Deslapky tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji gözden geçirilişine 10 bedew seçilip alyndy. Iň gowy häsiýetleri özünde jemleýän, kämil beden gurluşy bolan, ussat seýisleriň elinden çykan we abraýly eminler tarapyndan «Ýylyň iň owadan bedewi» diýen derejä mynasyp görlen bedewler jemleýji tapgyrda öz aýratynlyklaryny görkezdiler.
Tomaşaçylar tebigy gözelligi, owadan reňkleri bolan hem-de dünýäde kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen türkmen bedewleriniň keşbini uly höwes, täsin galma bilen synladylar.
Ajaýyp bedewler syn ediş meýdançasyna çykarylanda, olaryň ady rowaýata öwrülen nesil ugry, görkezen netijeleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrylýar, olar bu atlaryň bäsleşige mynasypdygyny tassyk edýär. Olaryň hatarynda Gyrsakar, Fakirpälwan, Garlawaç, Arap, Gaplaň ýaly meşhur bedewleriň nesil ugurlaryna degişlileri bar.
Tomaşaçylaryň öňünde dünýäde iň gadymy we kämil diýlip ykrar edilen tohumdaky bedewleriň nesilleri ýeke-ýekeden öz gözelligini görkezýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2008-nji ýylda doglan, Gyrsakaryň nesil ugruna degişli we Ýalta hem-de Akjeren atly bedewleriň nesli Beghan atly gyr bedew, Milli howpsuzlyk ministrligine degişli, 2009-njy ýylda doglan, bu hem şol ugra degişli, Keremli we Şasöýen diýen atlaryň nesli Bereket atly dor bedew, A.Jomardowyň hojalygyna degişli, 2013-nji ýylda doglan, Keýmir-3 we Tejebe atly bedewleriň nesli Gyrsakaryň nesil ugrundan bolan Kebir atly mele bedew, Goranmak ministrligine degişli, 2012-nji ýylda doglan, Gyrsakaryň nesil ugruna degişli, Erkintaý we Keýik atly bedewleriň nesli Erkin atly dor bedew, Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli, 2011-nji ýylda doglan, Gyrsakaryň nesil ugruna degişli Batyr we Aýsenem atly bedewleriň nesli Dorguş atly dor bedew, Içeri işler ministrligine degişli, 2012-nji ýylda doglan, Gaplaňyň nesil ugruna degişli, Gelýos we Gumry atly bedewleriň nesli Galkynyş atly mele bedew, S.A.Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk athanasyna degişli, 2007-nji ýylda doglan, Garlawajyň nesil ugruna degişli, Melehan we Talwas atly bedewleriň nesli Meleguş atly mele bedew, G.Agamyradowyň hojalygyna degişli, 2013-nji ýylda doglan, Fakirpälwanyň nesil ugrundan, Gadymyýet we Ýelperi atly bedewleriň nesli bolan Gadymgala atly dor bedew, P.Atajaýewiň hojalygyna degişli, 2013-nji ýylda doglan, Arabyň nesil ugrundan Peýkam we Gülnahal atly bedewleriň nesli Şagadam atly gyr bedew, R.Dowatowyň hojalygyna degişli, 2013-nji ýylda doglan, Eýeberdi Telekäniň nesil ugruna degişli, Akpata we Gülsarynyň nesli bolan Akgadam atly gara-gyr bedew görkezildi.
Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz ahalteke bedewleriniň ajaýyp häsiýetlerini saklamak bilen, olary yzygiderli kämilleşdiripdir.
Bedewlerimiziň ýüpek öwüsýän ýallary, altyn öwüşginli reňkleri, çeýeligi, kämil beden gurluşy, ýeňil we okgunly turşy, şeýle hem ahalteke bedewlerine mahsus kuwwaty öz işinde beýik derejelere ýeten yhlasly seýisleriň, zähmetsöýer atşynaslaryň yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar.
Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlar aşyp, döwürleri, tutuş barlygy, ony bir gezek gören ynsanlaryň ýüregini maýyl edýär. Çünki türkmen bedewleriniň ýyndamlygyndan, çydamlylygyndan başga-da, olaryň ynsana täsir edýän güýji, bedew şaý-sepleriniň, baýramçylyk lybaslarynyň gözellik paýlaýjy gudraty bar.
Behişdi bedewleriň köp sanly muşdaklary ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň saýlama wekilleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Bedewler ussat zergärleriň taýýarlan şaý-seplerine beslenip, buýsançly başlaryny dik tutup, tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar.
Urugwaýyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Guillermo Lokhartyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň agzalary bedewleriň gözelligine baha berdiler. Düzüminde öz ýurdumyzyň we Çehiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Petra Maresowa, Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Tatýana Folett we HHR-niň Atçylyk assosiasiýasynyň wekili Žan Mu ýaly bilermenler bolan emin agzalary öz aralarynda maslahatlaşyp, bir netijä geldiler.
Soňra Guillermo Lokharta söz berilýär. Ol ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady we şeýle şanly wakalara gatnaşýandygyna buýsanýandygyny nygtady.
Şeýle hem ol türkmen Lideriniň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň ýokarlanmagy, olaryň arassa ganlylygynyň saklanmagy hem-de tohumyň kämilleşdirilmegi, milli mirasyň çuňňur öwrenilmegi we wagyz edilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriniň dünýä ýüzünde ady rowaýata öwrülen bu bedewleriň abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirendigini aýtdy.
Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, onuň çäklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulýandygyny, bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna üns berilýändigini belläp, myhman döwlet Baştutanymyza ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda guralan ajaýyp baýramçylyga gatnaşmaga iberen çakylygy, zehinli türkmen halkyny, bedewleriň nähili alada bilen gurşalandygyny gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra bäsleşigiň halkara toparynyň başlygy ahalteke bedewleriniň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde, surat işlerinde we tele görnüşlerde çeper wasp etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen çeper serişdeleriň üsti bilen ahalteke tohumyndaky bedewleri giňden wasp etmäge gönükdirilen döredijilik bäsleşigine köp sanly belli hem-de ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, zergärler, suratçylar, neşirýat işgärleri, bezegçiler we teleoperatorlar gatnaşdylar.
Olaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň hem-de hormat goýmagyň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan edipdir. Bäsleşik bäsleşik bolýar. Ýöne bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň ählisini baglanyşdyrýan ýörelge adamlaryň we bedewleriň dostlugyny we netijeli hyzmatdaşlygyny, asyrlaryň dowamynda dünýä giňişliginde ynamly gadam urýan ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly täze giňişlikleri has aýdyňlygy bilen görkezýär.
Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baş baýraklar gowşuryldy.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew “Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly üçin” 3 müň amerikan dollary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Myrat Sähedow “Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary” üçin 2 müň amerikan dollary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Hanmyrat Hanow “Türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri üçin” 1 müň 500 amerikan dollary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri Polat Mämiýew “Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin” 1 müň amerikan dollary bilen sylaglandy.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Enwer Abalakow “Türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — kalendar üçin” 1 müň amerikan dollary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleýaýlymynyň teleoperatory Röwşengeldi Garaýew “Türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler üçin” 1 müň amerikan dollary bilen sylaglandy.
Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady almak ugrunda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, Beghan atly bedew yglan edilýär we onuň seýsi P.Baýramdurdyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — ýeňil awtoulagyň açary hem-de göçme kubok we Aba Annaýew obasyndaky täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşurylýar.
Sylaglara mynasyp bolanlaryň ählisi özleriniň işlerine ýokary baha berlendigi üçin hem-de ahalteke bedewiniň sarpasyny belende götermek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdiler. Olar özleriniň zehinini, tejribesini, ukyp-başarnyklaryny hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Türkmen bedewini wasp edýän ajaýyp aýdym baýramçylyk çäresiniň jemini jemledi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Türkmen bedewiniň hormatyna guralýan baýramçylyk tutuş ýurdumyz boýunça dowam etdi. Aba Annaýew obasynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň toý çäreleri bu ýerde guralan dabaralaryň üstüni ýetirdi. Ertir Halkara ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylygyň jemi jemleniler. Bu ýerde baýramçylyk at çapyşyklary guralar. Çapyşyklarda ahalteke bedewleriniň aňrybaş aýratynlyklary, olaryň gözelligine gözellik goşýan ýyndamlygy äşgär bolýar. Adamlary biparh goýmaýan çapyşyklarda bedewleriň ýyndamlygy, maksada okgunlylygy, tejribeli seýisleriň yzygiderli aladalarynyň netijeleri, çapyksuwarlaryň ussatlygy aýdyň görünýär.
Her bir taryhy eýýamyň, döwrüň ruhuny, adamlaryň beýik başlangyçlaryny, gazanan üstünliklerini alamatlandyrýan baş nyşany bolýar. Köp sanly nesilleriň, asyrlaryň arabaglanyşygyny, tagallany hem-de ýeňşi, zähmeti we sazlaşygy özünde jemleýän ahalteke bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş nyşany hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen atşynaslygynyň we atçylyk sportunyň täze derejelere göterilmegi, deňsiz-taýsyz ýeňiş gazanmaga ukyply ganatly bedewlerimiziň dabarasynyň dag aşmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagalla etmegi netijesinde, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň barha belende galýandygyny, olaryň gözelliginiň, ýyndamlygynyň çäginiň ýokdugyny buýsanç bilen bellemeli. Daşary ýurtly myhmanlar hem munuň şeýledigine doly göz ýetirdiler.
Şeýle-de şu gün baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlar üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, ak mermerli Aşgabadyň owadan ýerlerine ýörite gezelençler guraldy.