Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli sözlerini we gutlaglaryny hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagt, abadançylyk we gülläp ösüşiň, rowaçlygyň ýolunda täze üstünlikler gazanmak baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
M.Mýasnikowiç türkmen halky bilen bilelikde bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşmagyň hem-de dünýäniň ähli künjeklerinde gadymy döwürlerden bäri çäksiz şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň owadanlygyna we çeýeligine syn etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu ählihalk baýramçylygy diňe bir halkyň agzybirligini, bitewüligini hem-de onuň beýik medeniýetini görkezmän, eýsem, dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.
Milli Liderimiz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Belarusuň ýolbaşçy düzümine we tutuş halkyna Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini, soňky ýyllarda bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribeleri we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, bu ugurda täze mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň, abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, GDA-nyň çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli dowam etmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bellenildi. Milli Liderimiz hem-de myhman birnäçe bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň taslamalarynyň hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini aňladýandygyny belläp, uzakmöhletleýin we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan dostluk hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigini nygtadylar.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, bu sapar netijeli köpýyllyk hyzmatdaşlygy möhüm ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki ulgamlarda, maşyn gurluşygynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde, saglygy goraýyşda, bilimde we beýleki ugurlarda ösdürmäge kuwwatly itergi berer.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy M.Mýasnikowiç birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň has-da giňediljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow gatnaşdy.