Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi

view-icon 877
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saudy kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, şu günler giňden ýaýbaňlandyrylan umumymilli baýramçylyk mynasybetli Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Sauduň hormatly Prezidentimize we tutuş türkmen halkyna iberen gutlagyny we bagt, parahatçylyk hem-de abadançylyk barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Saud Arabystanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň boljak resmi saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Saparyň çäklerinde özara peýdaly gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny, ilkinji nobatda bolsa, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzüminiň wekili Türkmenistana gelip görmäge hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, şol sanda tutuş dünýäde barha meşhurlyk gazanýan atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmaga döredilen şertler üçin örän şatdygyny aýtdy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler, şeýle hem köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabadyň eteginde döwrebap Halkara atçylyk sport toplumyny, birnäçe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän Aba Annaýew obasynyň açylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek esaslarynyň ýokary derejä eýe bolýandygyny we ýurdumyzyň soňky ýyllarda Saud Arabystany bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny kanagatlanma bilen belläp, dürli ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň gazanylmagynyň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi türkmen-saud gatnaşyklarynyň yzygiderli berkidilmegi we ösdürilmegi, hususan-da, iki ýurduň halklarynyň bähbidine söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, häzirki döwürde jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk esasy bolup durýar.

Myhman pursatdan peýdalanyp, ýene bir ýola tutuş türkmen halkyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan maksatlara bedew bady bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanda giňden bellenilýän ählihalk baýramy bilen gutlady.

Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid ben Faýsal Al-Sahli gatnaşdy.