Ï Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

view-icon 700
Maliýe ministrliginiň Bütindünýä banky bilen bilelikde guran maslahatynyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Halkara pul gaznasynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýewropanyň ösüş we özgerdiş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygynyň netijeli ýollaryny gözlemegiň dünýä tejribesine, onuň usullaryna we görkezijilerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda hususy bölegi ösdürmegiň hem-de türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly daşary ykdysady syýasat netijesinde Türkmenistanda ýurdumyzyň pudaklarynyň mümkinçiliklerini artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Abraýly halkara maliýe guramalary bilen hem hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär.

Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplygyny ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde kanunçylygy kämilleşdirmek, milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän senagat, innowasiýa we maýa goýum syýasaty, içerki ykdysady we durmuş durnuklylygy, ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler görkezildi. Dünýäde bäsdeşlige ukyplylyk boýunça ornuny berkitmekde döwlet Baştutanymyz tarapyndan adam maýasyny ösdürmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, zähmet öndürijiligini ösdürmek hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin iň amatly şertleri döretmäge uly üns berilýär.

Ägirt uly tebigy serişdeleri, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi biziň ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artykmaç taraplarydyr, munuň özi üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň — iri kompaniýalaryň we maýadarlaryň gyzyklanmasyna eýe bolýar we Türkmenistana öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýaly kärhanalary we pudaklary döretmäge, ylma esaslanýan önümleri öndürmäge hem-de täze bazarlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Maslahatyň barşynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda dünýäniň iri maliýe edaralary bilen gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Tejribe we ylmy nazaryýet hem-de amaly barlaglaryň netijeleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adam maýasyny milli ykdysadyýetimiziň ylma esaslanýan önümçiligini kemala getirmegiň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi hökmünde görýär we bu ugurda işleriň üstünlikli alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär.