Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 847
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere garaldy, şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berdi. Wise-premýer 5-nji maýda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» biraýlygynyň, «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» ady bilen geçirilýän oýunlaryň jemleriniň jemlenmegine hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guraljak çäreleriň hormatyna geçiriljek dabaralar bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda geçiriljek giň möçberli dabaralary nazara almak bilen, 2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakyndaky Permanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakyndaky Permana gol çekip, meýilleşdirilen dabaralaryň we atly ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Bu giň möçberli çäreler örän täsirli hem-de ýatda galyjy bolmalydyr. Teleýaýlymlarda, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde atly ýörişiň geçişi, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda saklanyp galan taryhy-medeni mirasy, tebigy baýlyklary, özboluşly däp-dessurlary giňden we örän täsirli beýan edilmelidir hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler we Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri giň tomaşaçylar köpçüligine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şol gün ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda köpçülikleýin medeni-sport çäreleri geçiriler. Aşgabatda Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guralar. Soňra bir aýyň dowamynda geçirilen sport bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar. 5-nji maýda sagat 17.00-da «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghananyň ýanyndan milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagynyň hormatyna guralýan köpçülikleýin atly ýörişe badalga berler. Türkmen sportunyň taryhyna girjek bu çäre ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrüler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medeni maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler hem-de Aziada—2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleriniň golaýynda 5-nji maýda badalga aljak atly ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde gadymy galanyň diwarlarynyň öňünde guraljak baýramçylyk dabaralary, edebi-sazly çykyşlar barada habar berildi. Şol ýerden Aziýa oýunlarynyň alawy ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça geçiriler. Döredijilik çykyşlary hem-de atly ýörişi açýan ýigitlere alawy we baýdaklary gowşurmak dabarasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny alamatlandyrar. Şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän dabara türkmen halkynyň özüniň şöhratly taryhyna, milletiň medeni mirasyna aýawly hem-de hormat-sarpa bilen garaýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.

Bu çäräniň giň möçberli meýilnamasy hödürlenildi, onuň barşynda ýörite gurlan uly ekranda Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 500 gün galandygynyň nyşany hökmünde sagat yzlygyna hasap wagtyny görkezip başlaýar. Soňra dabaraly aýdym-sazyň ýaňlanmagynda atly ýigitleriň 17-si ajaýyp bedewlerde ýola düşer. Olaryň ýoly Ahal welaýatyndan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alar.

Baýramçylygyň geçiriljek ýerinde Türkmenistan döwletimiziň we jemgyýetimiziň dürli ulgamlarynda, şol sanda sportda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem ajaýyp döwrümiziň, ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen sportunyň şanyna sungat ussatlarynyň konserti bolar. Häzirki wagtda bu baýramçylyk konsertiniň geçiriljek sahnasyny taýýarlamak, onuň bezeg işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, atly ýörişe badalga berilmegi hem-de V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galandygynyň nyşany hökmünde sagadyň yzlygyna hasap wagtyny görkezip başlamagy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meselelere ünsi çekip, şol günüň ýatdan çykmajak we gyzykly çärelere beslenmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyz boýunça amala aşyryljak atly ýörişiň hem-de onuň çäklerinde guraljak çäreleriň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge hem-de iň gowy milli däpleri ösdürmäge, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, halk döredijiliginiň çuňlugyny we gözelligini açyp görkezmäge ýardam etmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş döwletleriň ählisi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek şol strategiýanyň esasy ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 1—3-nji maýy aralygynda Saud Arabystany Patyşalygyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bu sapara ýurdumyzyň umumydünýä işlerine işjeň gatnaşmagy hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda saýlap alan ugruny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim hökmünde baha bermek bolar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa häzirki zaman şertlerinde durnuklylygy, ösüşi hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

1992-nji ýylyň fewral aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Türkmenistan we Saud Arabystany häzirki döwürde diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyna esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, soňky ýyllarda halkara gatnaşyklarynyň gerimini ep-esli giňeldendigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň ornunyň ýokarlanmagyna, netijeli we deňhukukly gatnaşyklar üçin açyk, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýynyň has-da artmagyna ýardam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna boljak resmi saparyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrülip, däp bolan gatnaşyklaryň has-da netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçiriljek türkmen-saud duşuşygyna ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de taraplaryň bilelikde ara alyp maslahatlaşmagyna girizilen meseleleriň hem-de teklipleriň ählisini seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklarda ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly tebigy serişdelere baý bolan Türkmenistan üçin ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy bolup durýandygyny belledi. Biziň baş maksadymyz tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmakdan, olary mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Nebitgaz senagatynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz birnäçe möhüm taslamalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýakyn geljekde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyply we eksport ugurly önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olary ýerlemek, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýaryna senagat zolagy üçin ýer bölegini bölüp bermek bilen baglanyşykly hasabat berdi, bu meýdanda isleg bildirilýän harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň telekeçilik böleginiň barha ösýän mümkinçiliklerini, esasan-da, durmuş we senagat desgalarynyň gurluşygynda olaryň bitirýän işlerini belledi, hususy kompaniýalar bu ugurda baý tejribe topladylar, bäsdeşlige ukyply başarnyklara eýe bolýarlar, bu bolsa olara daşary bazarlara çykmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, mundan beýläk hem ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň, kiçi we orta işewürlik kärhanalarynyň hojalyk we işewürlik başlangyçlarynyň goldanylmagynyň zerurdygyny nygtap, söwda-ykdysady ulgamda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda wise-premýere tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň, salgyt we statistika pudaklarynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Bu düzümleriň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzda durnukly maliýe ýagdaýyny saklamak we maýa goýumlaryň gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli çäreler yzygiderli alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyryjy hereket edýän kanunlaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň maliýe düzümleriniň netijeli dolandyrylmagyny şertlendirýändigini belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekiş çäresi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlarda ýeralmany ösdürip ýetişdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýdyldy. Şeýle hem galla oragyna taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň we ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady usullary ornaşdyrmak babatynda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly, ilatymyzyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz galla oragy barada aýtmak bilen, bu oba hojalyk çäresiniň guramaçylykly geçirilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi. Esasy zat, diňe bir ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak däl-de, ony ýitgisiz daşamak, soňra zaýasyz saklamak barada alada etmekdir diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeler berdi.

Soňra milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen ýurdumyzyň senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi. Milli Liderimiz hojalygy ýöretmegiň hem-de dolandyrmagyň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlary – ulag toplumy we aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen iri ýolagçy terminalynyň bellenilen möhletlere laýyklykda gurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigi habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde köprüleriň we ýol-ulag düzüminiň beýleki desgalarynyň gurluşygy barada hem aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň durnukly ösüşiniň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň kuwwatynyň pugtalandyrylýandygynyň subutnamasydygyny, bu ulgama ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamaga ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman sebitüsti ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmegiň möhüm bölegi hökmünde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň ähmiýeti barada aýdyp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ýokary düşewüntliligini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň tutuş toplumyny kesgitledi. Türkmenistanyň örän iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini tassyklamak ugrunda bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete girizmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ol Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler we ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy emele getirýän täze desgalary gurmak hem-de bar bolanlaryny abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini çözmek bilen baglylykda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we durkunyň täzelenilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, rowaçlyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar we döwrebap durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.